|

Pul (ýa-da mynasyp aýallar)

Men, 2012-nji ýyldan başlap, internediň üsti bilen pul gazanmaga degişli örän köp informasyýany okap we görüp çykdym. Maňa gazanjyň şeýle usuly diýseň gyzyklydy we oňa 2 sany sebäp bardy. Birinji bilen pul gazanjak bolsaň hökman adamlar bilen iş çalşmaly bolýardy, internediň üsti bilen gazanç etjek bolsa, adamlar bilen gönümel işlemek zerurlygy ýokdy, men bolsa adamlar bilen känbir gatnaşmagy halamok. Ikinjiden bolsa internediň üsti bilen gazanç etmek, seni ýaşaýan ýurdyň ykdysadyýetine bagly edip göýanok. Maňa esasanda şu iki sany aýratynlyk diýseň gyzyklydy. Ýöne meň arzuwlarym 2022-nji ýula çenli diňe arzuwlar bolup galypdy. Sebäbi 2022-nji ýyla çenli meň öz başyma jaýym ýokdy, we men her ýerde az azdan ýaşap çykşym. Maňa bolsa limidi bolmadyk internet zerurudy, şeýle interneda baglanmak üçin bolsa, öz başyňa jaýyň bolmalydy. Inede arzuwlar hasyl boldy we men 2022-nji ýylda jaýly boldum we şol bada limitsiz internet maňa elýeter boldy. Men şol bada öz bilýän zatlarymy amal etmäge başladym we bir näçe aýdan öz birinji girdeýjimi aldym. Ýöne näme üçindir meň işlerim hiç bir ugrugyp baranokdy, ine ine ugrygaýjak ýaly hem bolýardy, ýylyň ahyryna çenli aýda 100 dollar gazanja çykaryn diýip çaklaýardym. Ýöne birden ruslar ukraina garşy urşa başladylar we ruslar sanksyýa sezewar boldylar. Rus internedyny google şereketi terk edip gitdi we internetden gazanç edýänleriň ählisini uly alada goýdy. Ýöne bu hadysa hem böwet bolmady, wagtym geçmegi bilen oňa hem öwrenşildi we gazanjyň başga ýollary açyldy. Sanksiýa garamazdan meň girdeýjilerim ýene ýuwaş ýuwaşdan ýokary galyp başlady we aýda 100 dollar derejä ýakynlaşdy. Ýöne şu ýerde ýene bir bolmasyz zat boldy we men ýene bir gezek büdredim. Bu gezek chrome atly internet browzeriň täze obnawlenýasy peýda boldy we meň gazanjym ýene pese düşdi. Hawa, internetden gazanç etjek bolsaň ähli zatlar bir birine bagly bolýan eken. Ýöne bu hadysada meň öwrenşdim we gazanç edýän saýtlarymyň sanyny artdyrdym. Aýda 100 dollar gazanja çykmaly diýen samsyk pikir ýene-de gözýetimde bir ýerde hallan atyp başlady. Ýöne 3-nji gezek hem nesibe ýok eken, men üçinji gezek hem büdredim we esasy saýtlaryň birini ýitirdim, dogrusy şol saýdyň yzy bilen tassana özüm hem ýitip gidýärdim. 3-nji gezekden soň men bir zada düşündim, Allah maňa näme üçindir pul beresi gelenok, diýmek mende bir zatlar ters? Belki maňa pul zyýan ýetirer? –Pikirlendim men. Ýok, nirden zyýan ýetirsin diýsene? Men arak içemok, çilim çekemok, gadagan keýpleriň hiç biri bilen gyzyklanamok, bu ýaşdan soň pul maňa ruhy zyýan ýetirer diýip hem pikir edemok. Ýöne barybir Allah meni puldan goraýar we Oň näme üçin goraýanyny maňa bilmek zerur. Allahyň näme üçin meni puldan goraýanyny men öz doglan günümde düşündim, özem Kerimi Kurandan bir aýatyň üstünden hem barypdym. Ähli zat diýseň ýönekeý bolup çykdy. Ähli zadyň sebäbi meň ters alan terbiýämde we göreldämde eken. Men entek çaga wagtym, biziň maşgalamyzda ähli pula meň ejem jogap berýärdi. Kim pul gazansa hökman getirip ähli puly ejä bermelidi, men hem näçe pul gazansam, getirip öz aýalyma bermelidir diýip pikir edýärdim. Onsoň meň aýalym puly nirä we näçe harçlamalydygyny çözýär. Onsoň men aýda 100 dollar gazanja çykyp, uly buýsanç bilen aýalyma 100 dollar getirip berýän we oň öwgüsine mynasyp bolýan. Ine seret, ine seret, sen maňa bir mahallar pul gazanyp bileňok diýdiň. Men bolsa öýden çykman we ýurduň ykdysadyýetine bagly bolman, aýda 100 dollar gazanyp başladym. Gynansamda mende şeýle ters pikirlerim bardy, bilemok şeýle pikirler üçin ejemi ýigrenmelimi ýa-da öz özümi? Beýik Allah pul berjek bolsa, meň aýalymy görmän duranok, göni meň aýalymyň özine hem pul ugradyp bilýär. Men bolsa elime bir manat düşse, göni aýalyma eltip bermeli diýip pikir edýärdim. Şol sebäpden Allah maňa pul berenokdy. Ýöne Allah, Bu Beýik Lulman, adam ýürekleriniň likmany. Allah meň kellämdäki bu ters pikirleri bejerdi, olary ýakyp aýyrdy, ýöne nädip aýyrdy?

Soňky döwür ruslaryň çäklerinde «Erkekleriň hereketi» diýen hereket güýçlenýär. Ol hereketler esasanda internediň üsti bilen öz işlerini alyp barýarlar. Şeýle hereketleriň esasy maksady erkekleriň hukuklaryny goramak we aýallary öz ýerinde oturtmak. Men şeýle hereketleriň video ýaýlymlarynyň birine mäkäm oturdym we soňky 4 ýyllap, diňe şol ýaýlymlardaky materýallary diňledim. 2 müňden gowrak adamlar, nädip aýal halkyndan ýanyşlary barada gürrüň berýärdiler. Aýallaryň içki dinýäsi, hakykatda bolsa aýalda hiç hili içki dünýäň bolmaýanlygy. Aýallaryň aldaw hilesi, olara hiç haçan maşgala girdeýjisini ynanmaly däldigini we aýal halkynyň diňe öz aladasyny edýändigini düşündim. Garaz meň aňymda soňky 4 ýyllap aýallaryň ählisi erbet, aýallaryň ählisi künti we jelep, aýallaryň ählisi adam derejesinden pes diýen pikir saklandy. Adam aňynda uzak eglenen pikir bolsa, adamyň zandyna öwrülýär. Şeýle usul bilen Allah mendäki bir keseli bejerdi, ýöne oň ýerinde meň kalbymda ikinji bir kesel peýda boldy, bu kesel bolsa ähli aýal halkyna bolan ýigrenç. Elbetde şu ýerde bu iki keseliň haýsy gowy diýen sorag ýüze çykýar, ýöne bizi Ýaradan Allah çäksiz Paýhasly, we bizi bejermegi bir salymlyk hem togtadanok. Ähli gazanjymy aýalyma eltip bermeli diýen ýaramaz pikirden dynmak üçin, men aýallaryň hakyky ýüzüni açmalydym we aýal halkyny ýigrenmelidim. Ýöne aýal halkyna bolan ýigrençden dynmak üçin bolsa, bejergiň ikinji fazasy güýje girmelidi. Bu fazada bolsa Allah maňa mynasyp aýallary görkezip başlamalydy. Netijede şeýle hem bolup başlady. Iki sany mynasyp gyz, meň durmuşumda peýda boldy, iki sany 10 oglana degýän gyz. Hamala Allah maňa diýýän ýaly: –Ine seret, seret Muhammediň esgeri, aýallaryň ählisi seň pikir edişiň ýaly ýaramaz däl, olaryň içinde mynasyplary hem bar, Men saňa indi mynasyp aýallary görkezerin.

P/S: Men aýdan zatlarymy okap sen nämä düşünmeli tötänden okyýjy? Beýik Ýaradyjy her bir adamy düzetmäň üstünde irginsiz işleýär, (diňe meň üstümde däl), ýöne biz Oň işlerini hemişe görüp bilemzok.

Один комментарий

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *