«Z» harpy

«Z» harpy barada pikirlenip görüň. Şol harpdan başlaýan gowy söz barmy? Zyndan, zibil, zaýa, zynjyr, zabun, zenan, zemzem, zyna, zemin we zyba. Zyba söze meň pikirimçe emeli usul bilen alynan gözellikmikä diýýän? Kasmetika we başga şoňa ýakyn serişdeleriň üsti bilen. Garaz türkmen dilinde Z harpdan başlaýan gowy söz tapmak kyn bolaýmasa? Eýsem näme üçin şeýle boldy, ähli zat ýöne bir tötänlikmi? Ýok, bu ýerde tötänlik diýen zat ýok. Türkmen dili örän köne we üýtgedilmedik dilleriň biri. Üýtgedilmedik diýemde, mysal üçin ruslaryň dili, 1917 ýylda bolan rewalýusiýadan soň üýtgedildi. Ruslarda nika sözi Brak sözüne çalşyldy, brak sözüň näme aňladýanyny özüňiz bilýän bolsaňyz gerek? Şeýle mysallar rus dilinde diýseň kän, sözleriň üýtgedilmeginiň esasy maksady, halal zatlary haram söz bilen atlandyrmak. Nika halal iş, ýöne nikany brak diýip haram at bilen atlandyrýarlar, elýetde şeýle işler döwlet derejesinde alynyp barylýar. Biziň türkmen dilimiz şeýle ütgeşmelere sezewar bolmadyk we biziň dilimizdäki ähli köne atlar öz birinji manysynda dur. Eger şeýle bolsa diýmek ýaramaz zatlaryň köpüsi ýöne ýere Z harpdan başlanok. Z harpdan «Zakkum» diýen ösümlügiň ady başlanýar, ol ösümlik bolsa dowzahda ösýär. Eger men ýalňyşmaýan bolsam, şol sebäpden hem z harpdan gowy sözler başlanok.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *