|

Zombi medenýeti

Zombi zombi zombi, daş töwetek durşuna zombi. Golliwud zombilar barada her ýyl diýen ýaly täze çeper filimleri düşüräýär. Eger resmi çeşmelere ýüz tutşaň, adamlaryň özi zombi medenýeti bilen gyzyklanýarmyş we gyzyklanma 20 asyrda başlapmyşyn. Zombi diýen zadyň özi näme? Zombi bu adam etini iýmäge uly islegi bolan direlen jeset, özem aňy huşy bolmadyk jeset. Bu ýerde «direlen jeset» sözi açar söz bolup durýar.

Ýene bir düşünmeli zat, biz adamlara zombi temasy dogrudan hem gyzyklymy, ýa-da ol gyzyklanma emeli usul bilen döredilýärmi? Meň özüm dogrymy aýtsam, döwrebap habar beriş serişdeleriň islendik aýdýan zatlaryna uly şübhe bilen garaýan we zombi barada tema ýöne ýere medenýetiň bir bölegine öwrülendir öýdemok. Zimbili temany adamlaryň aňyda elmydama gyzgyn halda saklamaga çalşýarlar we bu ýöne ýere däl. Näme üçindigini häzir düşündireýin, (ýa-da öz çaklamamy aýdaýyn). Her bir adam öz durmuşynda dini meseleler bilen gyzyklanýar, onsoň şol dini soraglarda Biz kim?, kim bizi ýaratdy we biz nirä barýas? Diýen soraglar döreýär. Dinde gabat gelýän hadysalaryň biri, ölümden soň ähli adamlaryň direlmedi. Dinde we hususanda Kurany Kerimde aýdylýan her bir taglymata, Hudaýyň we adamzadyň duşmanlary öz garşydaş argumenlerini girizmäge synanşýarlar. Onsoň sen, tötänden okuýjy, adamzadyň ölümden soň direldilip, ähli eden etmişlerine jogap bermejdikleri barada dini taglymatyň üstünden baraňda. Seň dönük şahsyýetiň seň aňyňda zombilar barada temany janlandyrýar we dinden gelmeli hakyky täsirlenmeň güýjini gaçyrýar. Seň aňyňda adam keşbini ýitiren ýarym maslyk zombilar janlanýar. Eýsem aňy huşy ýok jandardan sorag edip bolýamy diýsene? Biziň döwrümizde emeli meşgurlyk ýagdaýda saklanylýan zombi temasynyň iň esasy maksady, Kyýamat güni ähli adamlaryň direljekdigi baradaky taglymata garşy argument bolup hyzmat etmegi. Elbetde şu ýerde sorag döräp biler, nädip adam aňy, zombi temasy bilen kyýamat temasyny baglanşdyryp biler? Bu ýerde ol iki temany baglaşdyrmaga seň şahsy jynyň kömek eder. Kyýamatda toprakdan direlip galýan adamlary göz öňüne getirmäge synanşarsyň welin, seň aňyňda ilki bilen ýerden çykyp gelýän zombiler janlanar.

Rahman Zulfikarow

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *