Gabanjaňlyk

Dogrymy aýtsam käbir zatlary ýazmaga çekinýän, mende okyýjyň wagtyny ujypsyzja zatlar üçin alýan diýen duýgy döreýär. Belkem ol zatlar meň üçin ujypsyzdyr, belki okaýan üçin örän wajypdyr? Bilemok, ýöne barybir aýdaýyn we mysal getireýin. Meň bir köne dostum bar, ýaşy meň bilen deň, özem şu wagyda çenli öýlenmedik. Ol öýlenmeli döwürleri, özünden ep-esli uly ýaşly aýal bilen ýaşaşdy we netijede ol aýal bilen hem gatnaşygyny kesdi. Soň ýene bir ýaş gyz bilen ýaşaşdy, soň ýene biri bilen. Garaz oglanda hiç hili durnukly aýal ýok. Ol oglana Allah durnukly aýal berenok, oň bilen ýaşaşýar, muň bilen ýaşaşýar, garaz güni şolar ýaly. Günleriň birinde bolsa maňa şol dostum özünde güýçli gury agyryň bardygyny aýdýar we bejergi almak üçin Aşgabada bir tebibiň ýanyna geldim diýýär. Men bolsa oňa saňa hiç hili tebip kömek etmez diýdim, eger gabanjaňlygyňdan dynmasaň. Gury agyra ruslar näme diýýärler? Rewmatizm diýýärer, onsoň ruslar gabanjaňlyga näme diýýärler, rewnost diýýäler. Bu iki söz ýöne ýere meňzeş eşdilenok. Edil hozyň beýnä peýdaly bolyp, beýni şekilde bolşy ýaly, sözleriň özünde hem köp zatlaryň syry açylýar. Örän baganjaň adamlara Allah durnukly ýan-ýoldaş berenok. Gabanjaň adamlaryň köplenç ähli bogunlary agyrýar. Hiç kimi hiç kimi gabanmaly däl, sebäbi gabanmak adamy ähli zatdan ýokarda goýmak. Mysal üçin aýdaly men, öz aýalymy gabanýan diýeli, eger şeýle bolsa diýmek men ony ähli gözlerden gizläp saklasym gelýär, eger mende aýalymyň wepalylygyna şübhe dörese, men ony öldürmäge hem taýyn. Şeýle erbet pikirlerden adamyň ünsüni sowmak üçin bolsa, Allah gabanjaň adama gury agyry ýaly keseli ugradýar. Sende gabanjaňlyk tutgaýlaryň ýerine, gury agyry tutgaýlary bolar ýaly we az salymlyk bolsada ünsüňi sowar ýaly. Gabanjaň adam öz içki duýgulary üçin adam janlaryny almaga taýyn. Belkem gabanjanlyk erkegi bezeýän ýaly bolup görünýän bolmagy hem ähtimal, ýöne adam ykballaryny Allah ýazýar. Sen gabananyň bilen hiç bir zada täsir edeňok. Mysal üçin birden maňa aýalym biwepalyk etse we men çenden aşa gabanjaň adam bolsam näme? Mende tutuş aýal halkyna we Hudaýa uly ýigrenç döremeli. Bu bolsa eýýäm dogry däl, her bir adam Allahyň birinji talaby bilen, Oňa ähli zady bermäge taýyn bolmaly. Biz durmuşda näme ýitirsek hem, kalbymyzda hiç zat sarsmaly däl. Aýalymy menden aljak bolýaňmy Allah, mesele däl, beren hem Sen alýan hem Sen. Aýalym dünýeden gaýtsyn, başga birine äre barsyn, maňa biwepalyk etsin, hiç hili zyýany ýok. Meň kalbymdaky rahatlygy, durmuşyň hiç bir nogsanlyklary bozup bilmez. Iň esasy zat Sen (Allah) meni taşlamasaň bolýar.

 

Gabanjaň gyzlar babatynda hem ýokarda agzalan programma işleýär, şeýle gyzlarda hem, durnykly ýan ýoldaş bolanok. Başda durmuşa çykýarlar we şol bada aýrylyşýarlar. Soň bolsa ol oglan bilen bir azajyk ýaşaşýarlar, soň başga bir oglan bilen ýaşaşýarlar. Ymykly bir oglany iýmäge Allah ol gyzlara ýol berenok. Köplenç şeýle gyzlara Allah eýýäm öýlenen oglanlary teklip edýär, sebäbi öz äriňi başga bir aýal bilen paýlaşmak, gabanjaňlygyň öňini almagyň iň gowy dermany, derman bolsa hiç haçan süýji bolanok.

Один комментарий

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *