| |

Sinhronlyk

Sinhronlyk diýen zadyň näme aňladýanyny türkmen adama düşündürme kyn bolar diýip pikir edýän? Bolmasa sinhronlyk bilen biziň köpümiz, häli şündi bagat gelip durus. Mysal üçin aýdaly sen bir bahana bilen eliňe telefonyňy alýaň we telefonyň ekranynda 11:11, 23:32 we şoňa meňzeş wagtlara (sanlara) bagat gelýäň. Seň bilen köplenç şeýle bolýar, sen bolsa düşünip bileňok, beýle gabat gelmeler nämäň alamaty? Bu sinhronlygyň içine girmegiň iň ýönekeýje alamaty. Eger internetden şeýle sanlara köplenç gabat gelmegiň sebäbi näme diýip sorasaň, dürli dürli jogaplary alyp bolýar, iň köp ýaýran jogap, şeýle sanlara köp gabat gelýän adam ýöne adam däl, şeýle adama Älem-Jahan gözi gyrpýar we şeýle sanlary görkezmek bilen oňa lak atýar. Garaz sen Älem-Jahanyň saýlan adamsy we Älemjahan sana gönümel ýüzlenip bilmänsoň, saňa şeýle yşarat edýär. Umuman alanda şeýle jogap hakykatdan känbir daşda däl, ýöne bu ýerde azajyk çunurak soraglar ýatyr. Sinhronlyk sözüň düýp manysy «Hron» sözünden gelýär, Hron bolsa wagtyň hudaýy. Sinhron diýen söz bolsa «bir wagtda» diýen manyny berýär. Seň telefonyňy eliňe almagyň bilen sagadyň (mysal üçin) 22:11 bolmagy bir wagtda gabat geldi. Eýsem diňe telefondaky wagt gabat gelýämi diýsene? Men şu wagt şu gije şu sözleri ýazyp duran wagtym işde otyryn, meň gapdalymda bolsa bir ýaşajyk gyz işleýär, gyz diýip nähili gyz, ýaş gelin. Ana şol gelniň şu gün doglan güni, gyz 26 ýaşaýar. Onsoň agşam işe diýip çykan wagtym ýol ugry dukany sowulyp gyza bir zatlar sowgat alaýyn diýdim. Edil süýji-köke alasum gelmedim, sebäbi süýji köke iýilýär we şol bada ýatdan çykýar. Dukanyň içinde az kem eglenip adaty çäýnek almaly diýen karara geldim. Aýnadan ýasalan adaty çaý içmäge nýetlene çäýnek. Hojalykda çäýnek hiç haçan artykmaçlyk etmeýär, –pikir etdim men. Giçlik sagat 8 töweregi işde nobatçylygy kabul etdik we men çäýnegi gyza getirip gowşurdum. Gyz bir bada hiç zat gürlemedi, sag bolsun aýtdyda çäýnegi aldy. Soň bir sagat ötüp,meň ýanyma geldide sorady:

–Näme üçin sen maňa çäýnek alyp berdiň, sen men barada bir zatlary bilýänmi ýa?

–Meň hiç zat bilemok, dükana girdim we gowja çäýnege gözüm düşdi we saňa alaýyn diýdim. –Jogap berdim men.

Gyz ýylgyrdy we şeýle diýdi:
–Öýde çagalarym iň soňky çäýnegi döwdüler, ýoldaşym bolsa gaýdyp öýe çäýnek alyp berjek däl diýdi, çagalara seredip başatmaýan bolsaň. Men bolsa öýe çäýnek gerek diýip pikirlenip ýördüm. Sen bolsa hamala ähli zatdan habarly ýaly, maňa çäýnek sowgat edýäň.

–Ähli zat tötänden boldy, –diýdim men. Gyz bolsa azajyk dymdy-da dowam etdi:

–Namaz okap başlanym bäri şuňa meňzeş tötänlikleriň sany diýseň artyp başlady.

Men bolsa soradym, –telefonyňy eliňe alaňda jübüt sanlar öňküden köp çykyp başladymy? Gyz bolsa hamala edil şu wagt ýadynda düşen ýaly, hawa, hawa, –diýip jogap berdi.

Örän täsin gabat gelmeler, telefondaky sanlar we başga durmuşy ýagdaýlar, bularyň ählisi Sinhronlyk. Adamyň ýüregi nä derejede arassa boldugyça, şonçada ol adamyň durmuşyndaky sinhronlyk köpelýär. Sinhronlygyň üsti bilen, Beýik Ýaradyjy adama Öz Güýç Kuwwadyny görkezýär. Geçmişde ýaşap geçen Pygamberleriň durmuşynda sinhronlyk nä dereje ýokary bolandygyny men göz öňünede getirip bilemok. Mysal üçin Muhammet Pygambermiz öýden çykan mahaly, oň üstünde elmydama bult bolupdyr diýip eşdipdim. Pygamber elmydama bulduň saýasynda bolupdyr. Elbetde şeýle zatlary «gudrat» diýip bir söz bilen düşündürip gapdala çekilesiň gelýär, ýöne din diýen zady hem, ylyma öwürip öwrenseň gelýär, sebäbi din bilen ylym bir akymda bolmaly.

Eger sen dogry ýola düşseň we Allahyň ähli buýran zatlaryny ýerli ýerine ýetirip başlasaň, öz ýüregiňi aklasan, seň hem durmuşyňdaky sinhronlygyň derejesi artyp başlar. Bir bahana bilen öýden çyksaň, bir tüýsi salkyn howa bolar, bolmasa dünjik hem jokrama yssydy. Ähli zat öz gerek ýerinde öz özünden biter durar, sen bolsa beýle gabat gelmelere aňk bolup durarsyň. Namaza täzelikde başlan adamlaryň ählisi öz durmuşlarynda sinhronlygyň artandygyny belleýärler, ýöne olar beýle ylymy söz ulanman, namaz okap başlanym bäri bir tüýsi işlerim ugryna bolup başlady, baran gapymda işim talt bitýär diýýärler. Telefonda we başga ýerlerde owadan sanlaryň köplenç gabat gelmegi hem sinhronlygyň derejesini görkezýän zatlaryň biri. Derejesi diýip men ýöne ýere aýdamok, men şeýle usul bilen öz kalbymyň aklygyny ölçeýän. Mysal üçin men hemişe Allaha golaý bolup bilemok, ýöne käbir ýagdaýlarda men Hudaýy ýatlamda gözlerimden ýaş akyp başlaýar. Kalbymyň şol derejä ýeten wagtlary, men telefonymy elime alamda, örän geň gabat gelmeleri görýän. Mysal üçin sagat 17:17, telefonyň zarýady 77% howaň temperaturasy 22 gradys we howaň çygylygy 40%. Men pikirlerimiň örän arassa wagty, telefonymyň ekranynda şeýle sanlar peýda bulup başlaýar.

3 комментария

  1. Biz tarapda bir ynanç bar mesele edil mowzukdaky ýaly telefona tötänlikde seredýäň sagat hem 11:11, 22:22 we …ş.m tapawudy wstreç bolsa gowy görýän halaýan adamyň bilen gabat gelýäň diýýärler

  2. Biz tarapda bir ynanç bar meselem edil mowzukdaky ýaly telefona tötänlikde seredýäň sagat hem 11:11, 22:22 we …ş.m tapawudy ýok sagat hem wstreç bolsa gowy görýän ýada halaýan adamyň bilen gabat gelýäň diýýärler

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *