Diş

Men entek arak içýän döwürlerim, oturluşyklaryň birinde iki sany jigi-dogan öz dişleriniň çüýreýändigi barada gürrüň berip otyrdylar. Iki oglan hem şol bir zat barada aýdyp berdiler. Düşler öz özünden pytrap gidýär. Dişlerňiziň näme üçin çüýreýändigini bilýäňizmi? –Men şonda sorapdym. Kakaňa sögünseň dişleriň çüýreýär. Jogap şeýledi. Elbetde men içgili bolmadyk bolsam beýle sözleri aýtmazdym, we başga tarapdan ol iki oglanyň kakasy, başga aýal alyp, olaryň ejesini taşlap gideninden hem, men habarladym. Diýmek olaryň öz kakalaryny ýazgarýandyklary göz görtele zatdy. Bu ýerde kakaňa sögünmek sözi azajyk ters gelýär, oň ýerine kakaňy ýazgarmak diýen düşünje has dogry. Arada maňa bir aýal sataşdy we men ol aýalyň agyz boşlugynda bir näçe dişleriň salynandygyny gördüm we gepiň gerdişine görä kakaňy ýazgarsaň dişleriň çüýreýändigini aýtdym. Gyz meň sözlerimiň üstinde oýlandy we bir näçe sany anyklaýyş soraglaryny berdi. Ýöne öz kakasyny ýazgarýanyny ýa-da ýazgarmaýanlygy barada hiç zat aýtmady. Wagtyň geçmegi bilen ol gyz özi barada has içgin gürrüň berdi we kakasynyň ony öz dostunyň ogluna durmuşa çykaranlygy we ol oglanyň seýrek haramzadalygy barada gürrüň berdi. Ol gyz öz ýoldaşyndan aýrylyşyp atasy öýüne näçe dolanjak bolupdyr, ýöne kakasy ony yzyna almandyr. Başda agzalan düzgüniň işleýändiginiň ýene bir alamaty, ýöne bu zatlar hem hiç, men bu ýerde şeýle üýtgeşik pikir barada aýtmazdym, eger düýn-öňgün ýene bir gyz bilen sataşmadyk bolsadym. Bir ýaşynda wagty kakasy ýogalan bir gyz bilen gabat gelipdim, maňa bolsa diňe kakasyz ösenler sataşýar. Ol gyz meň dişim agyrýar, ertir diş lukmana görünmeli diýdi. A men bolsa ol gyza aýtdym: –Eger eneň ataňy ýazgarsaň, dişleriň agyrýar diýip. Dogrymy aýtsam men oňa kakaňy ýazgarsaň dişleriň agyrýar diýesim geldi, ýöne entek bir ýaşynda kakasy ýogalan gyz, näme üçin öz kakasyny ýazgarsyn diýsene? Men bolsa bilýädim, gyzyň edil öz kakasyny ýazgarýanyny, ony entek çaga wagty taşlap gideni üçin, ony ömründe hiç wagt görmedigi üçin. Gepiň gerdişine meň pikirim dogry bolup çykdy. Gyz aýtdy, entek durmuşa çykmadyk wagtyň kakamy hiç haçan ýazgaramokdym, ýöne durmuşa çykanymdan soň ony ýazgaryp başladym. Sebäbi  durmuşa çykyp baran ýerimde dawa-jenjeleriň birinde meň ýoldaşymyň gyz jigsi «men kakama aýtjak» diýdi. Men şonda ýekedigime düşündim, mende öz arzyňy aýdara kaka ýokdy we şondan soň kakamyz durmuşdan ir gaýtdy diýip ýazgaryp başladym.
Bu filosofiýa, ýa-da durmuşyň kanuny, meň oýlap tapan, ýa-da üstinden baran düzgünim däl. Bu kanun barada men Sergeý Lazarýew atly filosofyň sapaklaryndan bilipdim.

Один комментарий

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *