Allahyn dili

Şu gün günortana golaý bir ýerlerden öýe awtobuzda dolanyp barýardym. Özem aýalymdan bir zatlary gaty görüpdim we ähli aýal halkyna bolan ýigrenç güýçlenip başlapdy. Içimden bolsa hemişeki ýaly samraýardym, Allajan, maňa aýal halky şu dünýädede gerek däl, ol dünýädede maňa aýal diýen halky gerek däl, meni aýal halkyndan daşda sakla. Edil şol pursat meň gapdalymda bir ýaş gyz irkilip barýardy, eger köýnegine görä baha berseň talyp gyzlardan bolmalydy? Ol gyz uka gidip meň sag egnime başyny goýdy. Çep tarapymdan bolsa dik duran başga bir talyp gyz, meň çep egnime gysyldy. Bilemek awtobuzdan düşüp barýan birne ýol berdimi nämemi, maňa garny we göwsü bilen diýseň berk gysyldy. Hamala mende aýallara bolan höwesi oýarmaga synanşýan ýaly? Elbetde men eýýäm köpden bäri ähli zada düşünýän, bolýan zatlaryň ählisi bu Allahyň dili.
Rahman Zulfikarow