|

Hakyky azatlyk bendilikde

Hakyky azatlyk Hudaýyň bendesi bolmakda. Bende sözi bu ýerde gul diýen manyny berýär. Eýsem nädip gul bolup, şol bir bada azat bolup bolýar? Bu ýerde gizlin syr, sen kimiň guludygyňa bagly bolup durýar. Sen Älem-jahanyň Hökümdarynyň guly (bendisi), eger sen şeýle ýönekeý hakykyty boýnyňa almaga başarsaň, sen hakyky azatlyga çykarsyň. Ähli zat düşnükli bolar ýaly ýene özümden mysal getirmeli boljak. Men döwlet kärhanalarynyň birinde zähmet çekýän we öz wagtynda ýolbaşçylar bilen aramy bozdum. Meni işden boşatjak bolup diýseň köp azap çekildi, emma hiç hili bahana tapylmady. Men hem maňa bir zat edäýmesinler diýip hemişe howatyrly gezmeli bolýardym. Hatda öz syýasyny pozup bilýän galam hem edinmeli boldum. Işde nobatçy bolan wagtym, birden bir zatlar ters gidäýse, öz eden ýazgylarymy soň öçürüp we düzedip bolar ýaly. Men ähli zatdan howatyr edýärdim we ähli zatdan gorkup gezmeli bolýardym. Öýde wagtym işden jaň geläýse meň ýüregimde howsala başlaýardy. Şol döwürler men durmuşy kynçylyklaryň guludym. Şu ýylyň başyna bolsa men örän wajyp hakykatyň üstünden bardym, nähili bardym, meň baran ýerim ýok, Allah meň ýüregime şeýle hakykaty guýdy. Men öz durmuşumda hiç zady dolandyramok, ähli zady diňe Allah dolandyrýar, men ýöne bir öz durmuş diýýän gämimde ýolagçy, gämiň şturwaly bolsa, Allahyň elinde. Men gämini dolandyramok diýip oýkelemez ýaly, Allah meň elime oýnawaç şturwal tutdurdy. Haçanda men şturwaly çepe ýa-da saga aýlamda, Allah meň göwnümi ýykmajak bolup, gämini çalaja meň öwüren tarapyma aýlan bolýar we netijede barybir gämini diňe Oň Özi dolandyrýar. Şeýle ýönekeý hakykatdan soň meň durmuşum düýpli özgördi, aňsatlaşdy. Men indi geçmişde eden ýalňyşlyklarym üçin özümi kösämok. Geçmişde saga öwrülen bolsam eýle bolardy, eger çepe öwrülen bolsam beýle bolardy diýen pikirler eýýäm zym zyýat boldy. Öz işleýän edaramda hem, maňa bir ýamanlyk ederler diýen pikirler meni göýberdi, bolmasa ençeme ýyllardan ol pikir eýýäm was wasylyga öwrülip başlapdy. Ähli adamlaryň durmuşunda bolýan zatlaryň ählisi, diňe Allaň rugsady bilen bolup geçýär. Eger Allah rugsat beren bolsa, kim Oň öňünde durup bilsun? Eger Allahdan rugsat ýok bolsa, onda maňa ýer ýüzünde hiç kim zyýan ýetirip bilmez. Men indi hiç zadyň aladasyny edemok, hiç zatdan we hiç kimden gorkamok, sebäbi men adaty gul, bendi, Allahyň guly, diýmek maňa diňe Allah jogap berýär, jogapkärçiligiň ählisi Allahyň üstünde, men Oňa şeýle diýip hem aýtýan:

–Men döränim bäri diňe özüme zyýan ýetirdim we men kör ekenim. Öz burnumyň öňündäki zatlary hem göremok, men akmak we hiç zada düşünemok, eger Sen (Allah) meň elimi birje pursatlyk hem sypdyrsaň, men şol bada azaşyp, öz özüme zyýan ýetirip başlaryn. Meň elimi hiç haçan göýberme we meni Jennede çenli alyp git.
Elbetde adamlar ähli zady özüm dolandyrýan diýen pikir bilen ýaşamagy gowy görýärler, ýöne maňa Allahyň bendisi bolup ýaşamak amatly, sebäbi hakyky azatlygyň syry hem şonda. Hakyky azatlyk Allahyň bendiliginde bolmakdan başlanýar eken.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *