|

«Deň-agramlyk» programmasy

Temadaky ähli gahrymanlar we wakalar oýlanyp tapylan (awtoryň fantazýasy). Durmuşdaky ähli gabat gelmeler bolsa ýöne bir tötänlik.

Filosofiýaň esasy maksady, ähli zada many bermek. Durmuşda bolýan zaylaryň hiç biri tötänden däl we ahli zatda many bar, ýa-da irde giçde many peýda bolar.
Biz garagumyň jümmüşine zyýarata gidemizde Meýlis bilen sataşdyk. Ol oglan çölüň içine öz kakasyny aýalyny we gyzyny alyp gelipdi. Biz hem çöle ýekelikde çykmandyk, biz hem bir maşyn oglandyk. Meýlis biziň aramyzda ýok mahaly oň kakasy biziň ýanymyza gelip, oglunyň aýalyna zeýrenip başlady:

–Duşman geçen ganjyk oglumyň boýnuna galdy, haramzadalar (Meýlis bilen dostlary), Gyzlarbatda bir ýerde bir gyzy üýşip zorlapdyrlar we tutulmajak bolup şol küntüni Meýlis alamaly boldy. Zorlama nireden diýsene, puluny beren däldirlerdä jelebiň?

Dogrusy ýaşulyň agzan wakasy ir döwür bolup geçen bolmaly, sebäbi Meýlis diýilýäniň eýýäm uly ýetişen gyzy bardy. Maňa bolsa diýseň gyzyklydy, näme üçin Allah şeýle baglanşyklary döredýär? Meýlisiň özi örän sypaýy we gowy oglan bulup çykdy, ol bize çölüň içinde örän süýji palow hem bişirip beripdi. Men ony omrümde birinji gezek görýärdim, ýöne biziň aramyzda Meýlisi entek mekdep ýyllaryndan tanaýan oglanlar bardy. Tanaýanlar bolsa Meýlis ýaş wagty örän garagol oglandy diýdiler, ýöne garagollukdan nam nyşan galmandy. Meýlis biziň ählimiz bilen diýseň sypaýy gürleşýärdi. Eýsem öňky garagol oglanyň indiki sypaýylygynyň syry nämede? Elbetde jelep aýalda. Göz öňüne getiriň şeýle garagol oglanjygy, hiç kime göwni ýetenok, ähli kişiň kemçiligine barmagy bilen görkezip kemsidesi gelip dur. Özüni rüstem görüp, dawwa ýok ýerden dawwa gözleýär we tapýar. Allah bolsa şeýle oglany alýarda bir jelep bilen ýoluny birikdirýär. Onsoň garagol oglanjyk dilini dişiniň aňarsynda saklamaly bolýar, häzir men birniň göwnüne degsem, aýalyň küntü dälmäý diýip ýüzüme basar diýmeli bolýar. Elbetde Meýlis üçin ýagdaý agyr bolmagy ähtimal, ýöne Asmanyň gözi bilen seretseň, şeýle durmuş ýükli Meýlis, altyndan oglana öwrülýär. Käbir adamlary deň-agramlyga getirmek üçin şeýle çäreler hem zerur bolup durýar.
Meň iş ýerimde bir oglan bar, ol hem Meýlis ýaly edaraň ähli başlyklary bilen dos bolup çykan gyzy özüne aýal edip aldy. Bu ýerde hiç kim hiç kimi zorlamady, oglan gyzy söýdi, gyz hem göze ýakymlydy. Eger oglany gowja synlasaň, ol oglan adamlaryň üstünden gülmegi gowy görýär. Adamlaryň üstünden gülmek üçin bolsa, özüňi azajyk adamlardan beýkde tutmaly. A sen çenden aşa beýgelmez ýaly, seň aýalyň işleýän edaraňda at alan gyz. Bu ýerde hem deň-agramlyk programmasy güýje girýär. Eger işdeş oglanda şeýle aýal bolmadyk bolsa, oň bize göwni hem ýetjek däldi. Nähili zabyn görünsede, Allah bizi şeýle usul bilen agyr günälerden saklaýar. Biz sada bolar ýaly we başga adamlary sylar ýaly, deň-agramlyk programmasyny girizýär.

Ýene bir mysal tanyş adamlardan getireýin. Bir aýal bar, özüni azajyk agresiwny alyp barýar. Seredeňde gözlerinden ot çykaýjak ýaly, dogrymy aýtsam şol aýalyň ýanynda men özümi azajyk oňaýsyz duýýan. Sebäbi ol aýalyň gözleri hemişe sessiz soragy berýär: –Sen durmuşda näme gazandyň, hany seň emlägin, hany seň puluň? Dogrusy Allah hiç bir adamyň kellesinde ýaramaz pikirleri uzak saklasy gelenok we ýene deň-agramlyk programmasy öz güýjüne girýär. Şol aýalda bejerip bolmaýan bir kesel peýda bolýar we puldan we emläkden hiç hili peýda bolanok. Onsoň aýal nirde gabat gelseň hem ýylgyryp otyr, gysgaça aýdanda kesel zerarly aýalyň ýüregi ýymşady. Allahyň gözi bilen seretseň örän ajaýyp we sypaýy aýala öwrüldi. Elbetde ol aýal öz kalbyny hemişe şeýle halda saklap bilýän bolsa, belkem Allah ol aýala hiç hili kesel ugratmasa ugratmazdam? Ýöne ýagdaý şu wagtlykça şeýle, deň-agramlyk bolar ýaly Allah ähli serişdeleri ulanýar. Belkem şu ýerde okyýjy menden sorar, awtor seň durmuşyňda nähili deň-agramlyk mehanizmleri işleýär diýip? Men aýdaýyn, meň mehanizmlarym örän ýönekeý, men ähli kişä bergili we meň kellämden 24 sagatlap nireden baňka pul tapmaly diýen pikir aýlanýar. Bolmasa men hem deň-agramlykdan çykmaly adamlaryň biri. Sebäbi Allah maňa çenden aşa köp ylym berdi, ylym bolsa ähli pullardan gymmat.

P/S: Temaň başynda aýdyşym ýaly, ähli zatda many bar, durmuşda hiç hili tötänlik diýen zat ýok, we bizi Ýaradan Güýç, birje sekunt hem dinç alanok. Arman ýadaman bizi düzetmegiň üstünde işleýär.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *