Hekaýalar

  • Alkor

    Hekaýa ýa-da oýlanma, tapawudy ýok, doly oýlanyp tapylan we hakyky durmuş bilen gabat gelmeler ýöne bir tötänlik. Din bilen hiç hili gapma-garşylyk ýa-da ugurdaşlyk gözlemäň. Bar zat fantastika. Ýadyňa düşýämi, sen bir mahallar aýaldyň? A men bir mahallar erkekdim.. Indi…

  • Mollanepes teatrynda

    Howa sowukdy, daşarda Fewral aýy höküm sürýärdi. Eýýäm bir hepde bäri gar sepeleýärdi. Şonuň üçin gurçun reňkli asman öňkisinden has pessaý ýaly bolup görünýärdi. Maýa gelinejäň göwnüne şeýle howada Aşgabadyň üstine äpet alýumin gazan düňderlen ýalydy. Gazanyň aşagyndan çykyp ýetişmedikleriň…

  • Hum

    Kamar entek daşary ýagtylmanka oýandy. Ýok, ol namaz okanokdy, ol asla Hudaýa-da kän bir ynanyp baranokdy. Kamaryň ir turmagynyň başga bir sebäbi bardy. Daşarda maý aýy höküm sürýärdi, baglarda guşlar saýraýardy, adamler entek örmändi. Köçelerde diňe itler topar topar bolyp…

  • Çagyrylmadyk myhman

    Otagyň içi tümdi we çygdy, daşarda ýagyş ýagýardy. Daş töwerekden palçyk bilen öl otlaryň ysy gelýärdi. Giçlik başlan ýagyş entegem diňmändi. Wagyt bolsa eýýäm daňdana ýakyndy. Jemal ýatan ýerinden gymyldaman başyndan sypan ýaglygyny gözläp tapdy, we düwinini çözdi. Täzeden daňmaga…

  • Altyn goşun

      Salman haýaljakdan gözlerini açdy, ol açyk meýdanda ýalaňaç ýatyrdy, daş töwerekde bolsa adam ýokdy. Salman hiç bir ýagdaýda gözlerini açmaly däldi, ol bir mahal ýogalypdy we oň jesedini oda ýakypdylar. Ol ölmezinden öň öz çagalaryna wesýet edipdi: —Meň bedenimi…