Ýowar (oýlanma)

IMG_20250823_002354

Meň aýalym bir aýlap öýden gitdi, indi tä mekdep başlaýança yzyna dolanmaz. Ýok, biziň aramyzda hiç hili dawa jenjel bolanok, ol başga bir sebäpler bilen gitdi. Awgust aýy bilen meni ikiçäk goýup gitdi, ýene şol gargyş siňen awgust. Aýalym gidäýmäke ony gün urdy, soň yz ýanyndan ellerini sirke bilen ýakdy, soň ony tok urdy, garaz iň soňunda meni taşlap gaçmaly boldy, sebäbi meň ýanymda bolmak eýýäm janyň üçin howupludy. Aýalym menden daşlaşansoň, meň böwrümdäki şahsy arwahym hem, aýaga galdy. Meň arwahym meň kelläme her tüýsli pikirleri oklaýar we mende öz aýalyma ýigrenç döretjek bolýar. Ýöne hiç zat başa baranok, sebäbi men eýýäm bir mahaldan bäri, öz kellämde döreýän pikirler bilen, arwahyň oklaýan pikirlerini saýgarmagy öwrendim. Meň arwahym hem ony bilýär, meni yryp bilmejegini bilýär, ýöne barybir özüni hakyna tutmaga ýol berýär. Ol näme etsede, barybir zyýany ýok, men üç gün agzymy beklärin we öz arwahymy agladyp goýaryn, ol esasanda men suw içmesem kösenýär. Meň öňümde dyzyna çökýärde menden suw sorap başlaýar. Onsoň arwah biler, kime gulluk etmelidigini? Köne döwürler meň ejem, elmydama meň şahsy arwahymy hakyna tutýardy. Onsoň meň arwahym, meni aýalym bilen aýra saljak bolýardy. Meň ýüregimde her tüýsli şübheleri we was-waslyklary oýarýardy, men aýalymy ýigrener ýaly etjek bolýardy, ýöne ol azaplaryň ählisi puç boldy. Bu wagt bolsa meň arwahym bir ýetim gyza gulluk edýär, ýöne ol gyzyň, meň arwahymy nädip satyn alanyny men bilemok. Men ol gyza «seni söýýän» diýdim we agyr güne saldym. Gyz bolsa «men seň ölümiňi dileýän» diýdi. Gyzyň dilleri bir zat gürleýär, ýüregi bolsa başga zat. Sen meň ýanymda bolmasaň öleniň gowy diýýär oň ýüregi. Sen meň ýanymda bolar ýaly, sen ýalňyz galmaly diýýär. Onsoň ýetim gyzyň arzuwy meň durmuşumda öz yzlaryny galdyryp başlaýar. Aýalym meni bir aýlap taşlap gidýär, ýa-da ony gün urýar ýa-da tok? Ýetimleriň dileglerini kabul edýän kärhana, iň soňunda ol gyzyň dileglerinden ýadar we meň janymy alar. Gyza bolsa aýdar: –Ony sorama, ol oglan indi dirileriň hatarynda ýok. Meň ejemede aýdar, sen indi öz ogluňy sorama, ol indi bu dünýäde ýok. A men hakykatdan hem bu dünýäde ýok. Ýollaryň we telefon belgileriň hiç biri maňa eltenok, meni bir mahallar bu dünýäň Eýesi, ähli ýetimlerden we ejelerden gizledi. Meni arwahlaryň we jynlaryň dünýäsine geçirdi, indem welin men şol ýerde. Arwahlaryn we jynlaryň dünýäsi, men ol dünýäden şeýle bir ýadadym, şeýle bir ýadadym. Meni ol ýetim gyz göresi gelen wagty, men hökman olaryň köçesinden geçýän, özem şeýle bir tötänden, şeýle bir tötänden. Men oň suratyna seredip hal ýagdaýyny görüp bilýän, ol aglaýarmy gülýär, ol oýamy ýatyr, ýa-da ol ölümi diri? Meň şahsy arwahym, meň kelläme sähel şübheli pikiri oklasa, ýa-da meň daş töweregimdäki hakykat sähelçe bolsada üýtgäp başlasa, men şol bada bilýän. Kimdir biri menden bir zat isleýär we maňa täsir etjek bolýar.  Ýöne hiç zat başa baranok, ähli zat diňe Hudaýyň rugsady bilen bolup geçýär. Meni bolsa Hudaýyň rugsady bilen ertirki ýowara çagyrýarlar, hawa, ertir hepdäň şenbe güni. Men bolsa ýowarlara gatnaşamok, ýöne şu gezek gatnaşmakçy. Sebäbi az salymlyk bolsada, arwahlaryň we ýetimleriň dünýäsinden çykmak isleýän we hakyky dünýäň howasyndan dem alasym gelýär. Goý maňa Gurban aga nädip maşynyň ýagyny çalşandygyny gürrüň bersin, Serdar aga bolsa, nädip öz öýnaşy bilen duşuşmaga jaý tapandygyny aýdyp bersin. Men bolsa hemişeki ýaly hiç zat gürlemerin we  dymaryn, sebäbi adaty adamlara arwahlaryň dünýäsinden gelýän täzelikler gyzykly däl.

ş. Aşgabat  22.08.2025 ý
Rahman Zulfikarow

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *