Ýetimlerden düzülen ýol
Men känbir tanşym ýok, Allah meň maňlaýyma ýalňyzlygy ýazdy, ýöne meň islegime garşy ýazmady, meň özüm ýalňyzlygy gowy görýän, sebäbi hiç kim pikirlenmäge päsgel berenok. Meň durmuşumda adam az hem bolsada, olaryň arasynda täsin bir meňzeşlik bar. Meniň tanyşlarymyň ählisi diýen ýaly kakasyz ösen adamlar. Gyz bolsun oglan bolsun tapawudy ýok, olaryň ählisi kiçi wagty kakasyny ýitiren. Elbetde ähli zady tötänligiň hasabyna ýazsaň hem bolýar, ýöne men tötanliklere ynanamok. Biziň ählimiziň durmuşumyzy Allah dolandyrýar, tötanlikler bolsa bu Allahyň dili. Diýmek Allah şeýle usul bilen maňa bir zatlar düşündirjek bolýar. A men gynansamda Oň diline düşünýän. Öz kakaň ölümini dilemeli däldigini indi düşünýän. Eger meň daş töweregimi ýetimler bilen gurşasan we ol ýetimler ýaşlykda ýitiren kakalaryny söýýändiklerini häli şündi aýdyp dursalar? Belkem meň ýüregimde öz ters pikirlerim üçin utanç peýda bolar? Kakam 7 ýaşymda wagtym ýogaldy diýdi bir gyzjagaz. Ýene bir tanyş oglan çaga wagtym kimiň ogly diýip sorasalar aglaýardym diýdi, sebäbi kakam men 4 ýaşymda wagtym özüni asyp dünýeden gidipdi diýdi, iň bolmanda men planyň ogly diýer ýaly ol diri bolaýmala diýdi. Ýene bir gyzjagaz mydama özüni men planyň gyzy diýip tanadýar, öz kakasynyň adyny buýsanç bilen tutýar. Mende bolsa her gezek ýaramaz duýgular peýda bolýar. Sebäbi men özümi şeýdip tanadyp bilemok, diýmek meň ýüregimde entek hem ýaramaz pikirler bar. Diýmek Allah öz bejergisini entegem dowam eder we meň durmuş ýolumda diňe kakasyz ösen adamlary goýar.