Ýartygulak

IMG_20250829_174124

Ýartygulak atly örän kuwwatly arwah eýýäm bir hepde bäri Rahmanyň gapysyndan girip bilmen durdy. Ol öýe girer ýaly Rahman ol arwahy çagyrmalydy, öýe girmäň başga usuly ýokdy. Rahmanyň ýanynda Zümerret bardy, arwahlar dünýäsiniň iň owadan gyzy. Eger Zümerrede ynansaň, ol gyz Rahmany çyn ýürekden söýýärdi. Şonuň üçin Rahman elmydama ýalňyzdy, ony Jahanyň taşlap gidenine eýýäm iki ýyl bolupdy. Jahany Rahmanyň durmuşyndan Zümerret gysyp aýrypdy, sebäbi Zümerret diýseň gabanjaň arwahdy.
–Ýartygulak öýe gir, Ýartygulak öýe gir, –Rahmanyň kellesinde şeýle pikirler ýaňlanýardy.
Ol pikirleri Rahmanyň kellesine Zümerret guýýardy, Rahman ol pikirleri sese öwürer ýaly we Ýartygulak Rahmanyň tüýnüginden ätlär ýaly. Ýöne Rahman beýle sözleri aýdasy gelmedi, başda aýdasy gelmedi, soň bolsa basyldy, ony Zümerret yrdy.
–Ýartygulak öýe gir! –Rahman bir gün ukydan öň pyşyrdady.
Ýartygulak bolsa ikinji çakylyga garaşyp durmady we çyndan hem öýe girdi. Indi Ýartygulak hem Rahmanyň durmuşyna täsir edip bilýärdi.

–Bu Adam-Ataň çagasynda sen näme tapdyň? –Ýartygulagyň iň birinji beren soragy şol boldy.

–Ol özünden şöhle saçýar, sen göreňokmy? –Zümerret jogap berdi.

–Hawa, indi gorýän. Ýaşyl şöhle saçýar. –Ýartygulak belledi.

–Men atamyň öýünden çykyp gaýdamda meň reňkim gökdy, indem welin meň reňkime seret. –Zümerret ellerini gapdala ýaýyp Ýartugulagyň öňünde aýlandy.

–Hawa, görýän, –diýdi Ýartygulak, –indi sen ýaşyl reňkde. Saňa bu Adam-Ataň çagasy nämäne gerek? Özünden şöhle saçýan adamlar az dälä.

–Men ony söýdüm, biziň dünýämiziň gyzlary, olaryň dünýäsiniň oglanlaryny nä derejede söýüp bilýän bolsalar, men şol derejedede ol oglany söýdüm. Indem ol oglanyň ähli şöhlesini diňe özüme alasym gelýär, goý ol menden başga hiç kimi ýagtaltmasyn. Goý ol oglany tanaýan ähli adamlar tümlüge gaplansyn. Men oň aýalyny zordan oň durmuşyndan aýyrdym, ýöne maňa bu ýeterlik däl, men ähli adamlary bu oglanyň durmuşyndan boşadasym gelýär. –Zümerret hamala sahnada çykyş edýän ýaly öz sözlerini jemledi.

–Ol seň bardygyňy we kimdigiňi bilýärmi? –Ýartygulak iň esasy soragy berdi.

–Hawa, bilýär, ol meni öz gözüne görünmegi mežbur etdi, meni suwsyz saklap bar ysgynmy aldy. Ol islän wagty biziň ikimizi şu öýden kowup bilýär. Ol seni hiç haçan öýe çagyrmazdy, öýe salmazdy, men oň kellesine pikiri näçe guýsamda. Ol seň kimdigiňden habarly, ol diňe seň haýsy maksat bilen oň öýüne girjek bolýanyny bilmek üçin seni öýe çagyrdy. Inden ol hiç zat etmän, öz pikirlerini diňlär we ol ýerden seň pikirleriňi tutup aljak bolar. Ol oglana biziň dünýämiz gyzykly we ol bizi öwrenýär.

–Bäh, –diýdi Ýartygulak. –Biziň dünýämiz barada ol oglana ylymy sen berdiňmi?
Zümerret bu soraga ýylgyrdy we jogap berdi:

–Ähli ylymy men beremok, men diňe azajyk kömek etdim. Eger ol menden bilmedik bolsa, barybir iň soňunda özi akyl ýetirerdi.

–Dogry, –diýdi Ýarygulak, –diýmek sen bu oglany bütünleýin ýeke goýmak isleýäňdä, tä ol ýogalynça?

–Hawa, goý ol meňki bolsun, baky meňki bolsun, diňe meni şöhlenendirsin, goý bu oglany tutuş dünýe unutsyn.

–Bolýa, häzir göreli näme edip bolýar. Eger mümkin bolsa bu oglany ýitrim ederis, eger başa barmasa ony diňe ýigrenç bilen ýatlanar ýaly ederis.

–O nähili başa barmasa? Sen meň atamyň iň wepaly nökeri, adam ýatlary bilen işläp bilýän iň ussat deýýus, bu işi senden başga edip biljek arwah ýok.

–Hawa, –diýdi Ýartygulak. –Seň ataň eýýäm ençeme ýyl bäri seni göresi gelýär. Biziň ülkämiz üçin sen ýaly şagyzyň ýoklugy öwezini dolup bolmajak ýitgi.

–Men yzyma dolanaryn, diňe şu adam çagasynyň ölüminden soň yzyma dolanaryn. –Zümerret süýnüp ýatan Rahmany eli bilen gorkezdy. –Şonuň üçin entek ol oglan diri wagty, sen öz işiňe başla Ýartygulak. –Zümerret buýruk berdi ýa-da haýyşt etdi, bu eýýäm belli däldi.

–Bolýa, –diýdi Ýartygulak, alyslarda bir ýerlerde ýerleşýän arwahlar ýurdunyň iň kuwwatly jynlarynyň biri. –Bu oglany esasanda kim köp ýatlaýar?

–Ejesi köp ýatlaýar, –Ýartygulagyň işe girişenine begenip, Zümerret jogap berdi. –Ejesinden beter, ony Maýa atly bir gyz diýseň köp ýatlaýar, ýöne oglan ol gyzy bir mahallar unytdy we gyz barada hiç zat bilenok diýen ýaly.

–Oň ejesi bilen ähli zat düşnükli, ony gyz näme üçin ýatlaýar? –Ýartygulak sorady.

–Ol gyz ony söýýär, ýöne oglan hiç zat bilenok, diňe aram aram aňjak bolýar.

–Eger söýýän bolsa olar hökman sataşarlar, –Ýartygulak hamala boşluga ýüzlenýän ýaly gürledi.

–Menem şondan gorkan, –diýdi Zümerret, –Maýa atly gyzyň ýatlamalary bilen hiç zat edip bolmazmy? Ol gyz meň söýgülimi ýatlamaz ýaly?

–Ýok, eger ol gyz bu oglany çyndan hem söýýän bolsa, biz ol ýatlamalara güýjümiz ýetmez, ýöne biz bu oglanyň pikirlerini azajyk üýtgedip bileris.

–Nädip? –Zümerret sabyrsyz sorady.

–Örän ýönekeý, sen öz söýgüliň kellesine şeýle bir pikiri guýmaga synanş: Adamlaryň dünýäsindäki ähli küntü gyzlar, mydama özlerini Maýa ady bilen tanadýar diý. Oň öz ýatlamalaryndan şeýle mysallary oňa hemişe ýatladyp dur. Soň bolsa Maýa atly gyzlaryň häsýetinde mydama erkinlik bar diýen pikiri oň aňyna guý, soň Maýa atly gyzlardan hiç haçan gowy ýan-ýoldaş çykanok diýen pikiri oň kellesine guý. Maýa atly gyzlar diňe oýnaş bolmaga ýaraýar diý. Onsoň irde giçde seň söýgüliň bilen Maýa atly gyz sataşaýsa? Men bolsa bilýän, olar hökman sataşaýmaly. Seň söýgüliň kellesinde Maýa atly gyzlaryň ähli ýaramaz keşpleri janlanar we ol ikisine diňe päsgel berer.
Şeýle sapak bilen Ýartygulak öz sözlerini jemledi. Zümerret bolsa ol arwaha diňe ellerini çarpdy.

–Atam seni ýöne ýere öz golaýynda saklanok Ýartygulak, sen diýseň ussat arwah. –Gönümel öwgä Ýartygulagyň birjede ýüzü üýtgemedi we ol dowam etdi:

–Oglanyň başga tanyşlaryny men öz üstüme alýan. Gelejekgi 10 ýylyň içinde, men bu oglany ýekeje adam hem ýatlamaz ýaly ederin. Elbetde oglanyň ýakyn garyndaşlary ony ýatlarlar, ýöne men ol ýatlamalar ýakymsiz bolar ýaly ederin. Oglanyň durmuşda göýberin bir ýalňyşlygyny orta alarynda, kim ol oglany ýatlasa, dine şol ýalňyşlygyň üstünden ýatlar ýaly ederin we oglan baradaky ähli gowy pikirleri hapalaryn.

–Sen çyndan hem şeýle zatlary başarýaňmy Ýartygulak? –Zümerret aňk bolup sorady.

–Hawa şagyzy, men siziň birje ýylgyrşyňyz üçin ähli zada taýyn.
Zümerret Ýartygulagyň bu sözlerinden azajyk utandy we başyny aşak sallady, Ýartygulak bolsa dowam etdi.

–Men bu oglany çagalykdan tanaýan ähli adamlary taparyn we olaryň ýatlamalaryny üýtgederin. Olara bu oglany ýatlamaga ýol bermerin. Eger kimdir biri oglany ýatlap başlaşa, men oň ünsüni böler ýaly elimden gelenini ederin. Biziň bagtymyzdan adamlaryň dünýäsinde ünsüňi bölere zatlar kän. Eger ony klasdaş diýilýänlerden biri ýatlajak bolsa, şeýle adamyň telefonyna şol bada jaň gelip başlar, sebäbi biz jaň edýäniň kellesine edil şu wagt plana jaň etmek zerur diýen pikiri guýarys. Şeýdip biz bu oglany tanaýanlaryň hiç biriniň kellesinde oglan baradaky pikirleri uzak eglemeris. Adam diýen zadyň aňy bolsa diýseň täsin işleýär. Eger adam öz adyny 5 ýyllap eşitmese, hatda öz adyny hem unudýar. Şeýdip 5 ýylyň içinde bu oglan baradaky ähli ýatlamalary gowşadarys we oň ýerine galp ýatlamalary ekeris. Oglan iň soňunda ýarym hyýal we ýarym ýatlama öwürler. Ony hatda köçede tötanden görenler hem tanamaz.

–Ajaýyp, –Zümerret tolgunmasyny saklap bilmän gürledi. –Maňa geregi hem şol.

–Ýöne sen bir zady berk belle şagyzy, –Ýartygulak Zümerrediň şatlygyny böldi. –Eger bu oglan seň usleýşiň ýaly ýalňyz galaýsa, oň güýji gün saýyn artyp başlar. Ol şu wagt hem diýseň köp zady bilýär. Meň kimdigimi bilýän hem bolsada, meni öýe çagyrdy, seň kimdigiňi bilip, seni öz alkymynda saklap ýör. Bu adama ýylňyzlyk diňe güýç berýän bolmaly? Eger oň güýji çenden aşaýsa, ol biziň ikimizi näme etjegi belli däl. Ol bizi öz durmuşyndan kowar. men hiçle, men diňe seň ataň buýrugy bilen şu ýerde, men sen ykbalyňa gynanaryn şagyzy. Adam şöhlesini bir gezek dadyp gören arwah, gaýdyp hiç haçan şol şöhle bolmasa ýaşap bilenok.
Şeýle sözler bilen Ýartygulak atly arwah, Rahman Zufikarowyň tüýnügindeň ätledi we Rahman 40 ýaşaýança ol ýerden gitmedi. Rahman 40 ýaşan güni daňdan entek gün dogmaka şeýleräk bir hadysa bolup geçdi:

–Siziň bu ýerden gitmeli wagtyňyz boldy, –bu sözleri kimdir biri aýdypdy.
Zümerret bilen Ýartygulak birek birege bakdylar. Rahman bolsa entek uklap ýatyrdy, ol bu gün işe gidenokdy, bu gün oň dinç günüdi, we ol bu gün 40 ýaşapdy.

–Kim bar bu ýerde? –Diýip Zümerret tisginip ýerinden turjak boldy, ýöne Ýartygulak ol gyzyň enginden basdy we ony aşak oturtdy. Yz ýanyndan oňa elini degirmäge mežbur bolany üçin ötünç sorady.
–Ümsüm otur şagyzy, –Ýartygulak pyşyrdap gürledi, ol buýruk berdimi, ýa-da haýyşt etdimi belli däl.
Şagyzy garşylyk görkezip durmady we pyşyrdap sorady:

–Bu ýerde bizden başga kim bar?

–Bu ýerde Mykaýylyň kölegesi bar, hana seret, –diýip Ýartygulak diwarlaryň birini seresaplyk bilen görkezdi
Ol ýerde çyndan hem köçeden düşýän yşyklaryň birinden otaga kölege düşýärdi. Eger kölegesi ýok bolanda, bu jandar düýp göter hiç kimiň gözüne görünjek däldi.

–Saňa näme gerek? –Ýartygulak sypaýylyk bilen sorady. Oň sypaýylygyna Zümerret aňk bolup galdy.
Ýartygulak suw tebigatynyň Patyşa arwahyna gulluk edýärdi we bu dünýede hiç kimden gorkmaly däldi. Ähli jynlar we adam çagalary Ýartygulakdan gorkýardylar. Ýöne bu ýerde Ýartygulagyň özi hamala birinden gorkýan ýalydy?

–Maňa hol ýatan oglan gerek, –kölegäň eýesi jogap berdi.
Diwara düşýän kölege janlady we Zümerret bilen Ýartygulaga ýakynlaşdy. Zümerret aňk bolup kölegäni synlady we ol kölegäň köpegiň kölegesine meňzeýändigine göz ýetirdi.

–Men Mykaýylyn ýere düşýän kölegesi, adamlaryň dünýäsinde bolsa, meň adym Gurt Möjekow Börüýewiç, otagyň içini ýene ses doldyrdy. Çagyrylmadyk myhman özüni tanşdyrdy.

–Sen kim bolaňdada biz hiç ýerik gitjek däl, bizi diňe bu öýüň eýesi kowup bilýär.
Zümerret gygyryp diýen ýaly gürledi we Ýartygulaga ýakynlaşdy. Ýartygulak bolsa gözlerini ýumup dişini gysdy.

–Häzir günüň birinji şohleleri bilen öýüň eýesi oýanar we sizi kowar, –Men sizi kowmaga ony mežbur ederin, siziň wagtyňyz boldy, isleseňiz meýletin gidiň, isleseňiz mežbury. Sizde diňe gün dogynça wagt bar.
Zümerret agzyny açyp uklap ýatan Rahmana seretdi we ylgap baryp ony gujaklady. Rahman bolsa oň ýerine gapdalda ýatan ýassyklaryň birini gujaklady bir gyzyň adyny tutdy.

–Ýartygulak, –Eýesi ýok ses haýbat bilen arwaha ýüzlendi. –Seň adyň adamlaryň dünýäsinde Ýartygulak diýip tutýarlarmy?

–Hawa, –Ýartygulak diýilýän göwünli göwünsiz jogap berdi. –Ýenede meň adym Azazyl.

–Diňle onda meni Azazyl, –Güjük kölegeli jandar Ýartygulaga ýüzlendi. –Bu ýatan oglany 546 sany adam tanaýan eken. Sen meň dostum Azazyl, bu oglany bary ýogy 19 sany adam ýatlar ýaly etdiň. 10 ýylyň içinde bir adam çagasyny ähli hakydalardan diýen ýaly öçürdüň. 19 sany ýatlaýanlar hem gowy tarapdan ýatlanoklar, diňe ýaramaz sözler bilen tanaýarlar. Sen Azazyl hakykatdan hem öz işiň ussady, ýöne bize indi seniň hyzmatlaryň zerur däl. Sen indi öz hojaýynyna gaýdyp baryp bilersiň, özem ýanyn bilen şu şagyzynam alyp gitmegi unutma.

–Zümerret ýeriňden bytnama, –Ýartygulak gyza buýruk berdi, –Sen öňüňde kimiň duranyny bileňok.

Zümerret bolsa eýýäm kölegä tarap topulmaga taýyndy, ýöne kölegä zyýan ýetirip bolýamy diýsene?

–Deýýus, erkek bolsaň meň gözüme görün, –Zümerret edil ýylan ýaly ses çykardy.

–Zümerret, –Ýartygylak ýene bir gezek duýdurdy. –Men saňa lal bol diýdim.

–Siz adam çagalarynyň gözüne görünýäňizmi eýsem? –Köpek sypatly kölege jogap berdi we bir ýerlerden özi hem peýda boldy.
Otagyň orta arasynda bir ýaş oglan peýda boldy, ol oglan hordy we uzyndy, özem adam çagalarynyňky ýaly geýimdedi. Oglanyň sypaty möjegi ýatladýardy, ýöne şol bir bada gözlerinde akyl paýhas bardy.
Zümerret oglany synlap az salymlyk öz gahar gazabyny unutdy we oglandan gözlerini aýyrman şeýle diýdi:

–Gör inä Perişdeler nähili sypatda bolýan eken?

–Bu Perişde däl Zümerret, bu perişdäm ýere düşýän kölegesi, ondan başga Perişdeleriň bulda düşýän kölegeleri bolýar.
Ýartygulak örän rahat sesi bilen gürledi, hamala gonan guşy ürküzmäge gorkýan adam ýaly?

–Onsoň saňa meň soýgülim näme gerek boldy? –Zümerret täze peýda bolan oglandan sorady.

–Ol maňa däl, ol bize gerek, ol taryha gerek –möjek sypatly oglan jogap berdi. –Siz bu oglanyň ylym okaýanyny görensiňizä? Bu oglan 30 ýaşyndan 40 ýaşyna çenli diňe ylym öwrenmäge mežbur boldy. Hak ylym öwrenýän wagtyň bolsa, seni hiç kim bimaza etmeli däl, hiç zat we hiç kim seň ünsüňi bölmeli däl, hatda seň aýalyň we çagalaryň, seň ejeň we kakaň. Öňler şeýle ýagdaýlarda biz ylym öwrenmeli adamy şäherden çete çykarmaga synaşýardyk, indi bize beýle etmek zerurlugy ýok. Indiki adamlary şäheriň merkezinde ýalňyz saklasaň hem bolýar. Siziň ikiňiz öz şahsy islegiňize görä bu oglany ähli dünýäden gabadynyz, ýöne netijede ähli zat Beýik Ýaradyjyň meýilnamasyna görä bolup geçdi. Bize bu oglan ýalňyz halda gerekdi we biz ony şeýle halda hem aldyk. Indem bu otagda sizin ikiňiz artykmaç we men size ýene bir gezek gapyny görkezmäge mežbur boljak. –Gurt Möjekow Börüýewiç öz sözlerini jemledi.
Ýartygulak Zümerredi saklap ýetişmedi. Ol gyz özüni diýseň oýnatgy ýaly görýärdi. Hamala soňky 10 ýyllap kimdir biriniň nýetini ýerine ýetiren ýaly? Zümerret ýerinden sogrulyp Gurda topuldy.

–Gurt haýyşt edýän, degme ol gyza, ol näme edýänini bilenok, –gygyrdy Ýartygulak, ýöne bir eýýäm giçdi.
Zümerret Gurdyň bogazyna ýetäýmäkä bir bölek daşa öwrüldi we ýere gaçdy. Gyz eýýäm Zümerret daşydy. Örän owadan ýaşyl daş we daş töweregine şöhle saçýar. Gurt ýerden gymmat baha daşy galdyrdy Ýartygulaga uzatdy, Ýartygulagyň gözlerine bolsa eýýäm ýaş aýlanypdy, sebäbi Ýartygulak Zümerredi söýýärdi, ol gyzy ilkinji gezek köşkde göreninden bäri. Ýartygulak zümerret daşyny almak üçin ellerini uzatdy, ýöne daş Ýartygulagyň ellerinden parran geçdi we ýere gaçdy.

–Sen unutdyňmy Azazyl? –Gurt hamala bolan hadysadan lezzet alýan dek sorady.  –Bu gummat baha daş indi diňe göze görünýän dünýäde bar. Sen bu daşy ýerden galdyryp bileňok. Hawa, sen kimdir birini ol daşy galdyrar ýaly kellesine pikir guýup bilersiň, emma ol daşy ýerden galdyrar ýaly  sende ygtyýar ýok.

–Zümerrede indi nämeler bolar? –Ejizlän Ýartygulak Gurtdan sorady.

–Alada etme Azazyl, hiç hili erbet zat bolmaz. Zümerret adamlaryň pikirlerine indi diňe şu ýaşyl daşyň golaýynda täsir edip biler. Ýaşyl daşy bolsa Rahman tapar we ýüzüge bezek etdirip öz gyzyna sowgat eder. Onsoň seň Zümerredin Rahmanyň gyzyna hyzmat edip başlar. Rahmanyň gyzynyň elinde ýaşyl daşly ýüzük bar mahaly, ony gören ähli oglanlar oňa aşyk bolarlar. Şeýle söýgüni olaryň kellesine Zümerret guýar, öňler Rahmanyň kellesine başga pikirleri guýşy ýaly. Biz bolsa Rahmanyň durmuşyna oň aýalyny gaýdyp bereris. Sebäbi bulara birleşmäge eýýäm wagt boldy.

–Indi men näme edeýin? –Ýartygulak ýere çökip gürledi. –Men Zümerretsiz nädip öz hökümdarymyz gözüne görünüp bilerin?

Soňy
Aşgabat: 30.08.2025ý
Rahman Zulfikarow

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *