Ýadygärlik (Hekaýa)

Özüniň ýadygärlikdigini ol düýpli soň düşündi. Şäheriň seýilgählerniň birinde duran ýädigärlik. Ol bytnap bilenokdy, daşdan ýasalan zatlaryň haýsy biri bytnaýar diýsene? Ol iň bärkisi gözlerini hem bytnadyp bilenokdy. Bolmasa ol daşdan ýasalan garaklaryny azajyk gapdala bakdyrjakdy. Sebäbi ençeme ýyllap oň göziniň öňünde açylan surat, ony gowja ýadadypdy. 3 sany oturguç bilen 2 sany yşyklandyryş çyralary. Ol öziniň ýadygärlikdigini bilmese bilmezdem, ýöne tomus aýlarynyň birinde ýere düşýän kölegesinde düşündi. Ol öz kölegesi öň hem görüpdi. Ýöne hiç wagt pikirlenmändi. Öň kölegesi günde agşam çagy, oň gözýetimine girýärdi. Şeýdip ol iň soňunda özüniň kimdigini bildi. Bildi we gama batdy. Şol günden soň oň ýüki 10 esse agraldy. Günler öňkisinden 10 esse haýal geçip başlady. Kellede şol bir sorag aýlanýardy. Men kim we bu zatlar haçan tamamlanmaly? Haçana çenli ol ýadygärlik bolmaly? Haçan oň ömri soňlanmaly? Ýöne bar zat beýle ýönekeý däldi. Ol ýädygärlik bir mahallar adamdy we ony özi bilýärdi. Ol bir mahallar hakyky adamyň durmuşyny ýaşapdy. Öz duran seýilgähinde aýlanyp görüpdi, öz gözleriniň öňünden aýrylmaýan oturguçlaryň birinde oturup görüpdi. Ol bu zatlary bilýärdi, ýatlamalaryň bir ýerinde unydylan düýş ýaly bir zatlar aýlanýardy. Ýöne ol haçan adamyň durmuşyny tamamlap, ýadygärligiň durmuşyny başlady? Ony welin bilenokdy. Adamyň durmuşy güminden aňaryk gitsin diýsene, ol durmuşyň bolany hem entek şübheli. Ol haçan birinji gezek gözlerini ýadygärlik hökmünde açdy? Ine wajyp zat, ýöbe bu soraga hem hiç hili jogap ýokdy. Oň özini ýadygärlik hökmünde tanaýşy, adaty adamlaryň özini adam hökmünde tanaýşy ýalydy. Öz ýatlamalaryňy näçe çüň burawlasaňam eneň içinden çykan güniň ýadyňa düşenok. Iň bärkisi bu dünýäni dünýe hökmünde duýup başlan güniň hem ýadyňa düşenok. Bar ýadyňa düşýän zat, çagalyk döwrüňden aýry aýry ýatlamalar. Olar hem edil ummanyň içindäki adajyklar ýaly öz başlaryna ýalňyz durlar. Dogrysy ol bilýänjeleň çagalyk ýatlamalarymy, ýa-da seň çaga hyýalyň önümimi? Ol hem belli däl. Ýadygärlik hem özini bilşi, edil adam çagasynyň özini bilşi bilen des deňdi. Ol bar zada ýuwaş ýuwaşdan düşinip başlady.

Wagyt bolsa geçýärdi, daş töwerek özgerýärdi. Öň göz öňündäki baglar boý alýardy, ösýärdi, guraýardy. Seýilgähiň oturguçlary könelýärdi, yşyklar sönýärdi we täzeden ýanýardy. Bar zat hereketdedi, diňe ol, herektsiz durdy. Bahar paslynda bolsa seýilgähiň içinde adamlar peýda bolýardylar. Olaryň bary diýen ýaly bagytlydy. Oň göz öňünde haýasyz gyzlar oglanlar bilen öpüşýärdiler. Olary görüp ýadygärlik öňkisinden beter gama batýardy, gaharlanýardy. Oň özi edil adam ýaly ýaşasy gelýärdi. Ol öň adam durmuşynda ýaşap görüpdä? Ol şu seýylgähde gyzlary öpüp görüpdi. Ýöne ol günlerden soň näçe ýyl geçdi? Ýadygärligiň hasap ýöredişi bilen aýdaňda baglar ýapraklaryny näçe gezek döküpdi? Hawa hawa, ol ýyl hasabyny baglaryň ýaprak döküşinden hasaplaýardy. Nähili gamgyn bolsada ýadygärligiň durmuşynda ýekeje gowy gün bardy. Ol güne ýadygärlik bir ýyllap garaşýardy, ol gün ýylda birje gezek bolýardy. Özem baglar ýapraklaryny täzeden açanda bolýardy. Ýylda birje gezek ýadygärligiň aýak ujyna bir aýal gül goýýardy. Ýaňy ýolulan terje güller. Soň bolsa edil oň garşysyndaky oturguçlaryň birine geçip oturýardy. Köp wagtlap oturýardy, tä ýadaýança oturýardy. Soň bolsa turup gidýärdi we baglar ýapraklaryny täzeleýänçä gelenokdy. Ol aýalyň kimdigini ýadygärlik aýdyp biljek däldi, ýöne oň ýüzi diýseň ezizdi, örän tanyşdy. Ol aýaly kimem bolsa ýadygärligiň entek adam bolup ýaşan durmuşyndan bolmalydy? Garaz soraglar örän kändi, emma ýekejede jogap ýokdy. Jogaplaryň baryny çüňňür oýlanmalaryň üsti bilen tapmalydy, ýa-da olary oýlap tapmalydy. Oýlanmaga wagt welin, ýädygärlikde näçe diýseň bardy. Ol hiç ýerik howluganokdy, oň hasabynda çäksizlik bardy. Ýädygärlikleri bir ýyllyk ýa-da bir asyrlyk dikenoklara? Ýadygärlikleri baky dikýärler. Eger şäher ýaşasa, seýilgäh hem ýaşamalydy. Eger seýilgäh hem ýaşasa, ol hem ýaşamalydy. Nähili agyr bolsada daşdan bedende ol ýaşamalydy.

Ol gürlemäge synanşýardy, ýöne daşdan ýasalan dahanlar açylanokdy. Diňe sözsüz pikirler daş töweregi sarsdyrýardy. Ol baglar bilen gürleşjek bolup synaşdy, ýöne jogap bolmady. Jogabyň ýerine baglaryň şahalaryny ýel yrady. Ol yşyklar bile hem gürleşjek bolup, synaşdy ýöne jogabyň ýerine bir yşyk söndi we soň ýanmady. Iki sany oglan gelip bejerinçä ýanmady. Ýadygärlik bilýärdi, oň söze öwrülmeýän pikirleri daş töwerege täsir edýärdi. Ol daş töwerege ýüzlenende bir zat sönýärdi ýa-da ýanýardy. Bir zat gymyldaýardy ýa-da döwülýärdi. Iň bärkisi duýdansyz şemal baglaryň şahasyny yraýardy. Garaz daş töwerek başardygyndan jogap gaýtarýardy, ýöne ol jogaplardan oňa peýda ýokdy. Özi ýaly jansyz zatlar bilen tamamlap, ýadygärlik janly zatlaryň daşyna geçdi. Ol ilki bilen adamlara ýüzlenjek boldy

Näme üçindir hekaýaň yzyny ýazmadym, ýöne hekaýa şeýleräk tamamlanýar. Ýadygärlige iň soňunda gözleri äýnekli akylly garga jogap berýär we şeýle diýýär: Sen bir mahallar adam çagasy bolup dünýä indiň we uzyn durmuş ýaşadyň. Sen ýaşan wagtyň meşgur adam bolanyň üçiň, ölümiňden soň saňa ýadygärlik dikdiler, inden seň ruhyň seň ýadygärligiňe seň bedeniňdir öýdýär we ony hiç ýerik taşlap gidip bilenok. Şonuň üçin sen tä şu şäher harap bolynça ýadygärligiň gözleri bilen şu seýilgähi synlamaly bolarsyň, bu saňa Hudaýdan gelen žeza.

Hekaýaň manysy adamlara ýadygärlik dikmäň…

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *