Ussadyň ellerinde

1755939817790

Men ilkinji gezek gözlerimi açdym we daş töweregi synladym. Ýokardan bir ýerden ýagtylyk düşýärdi, we stoluň üstüni ýagtyldýardy. Stol diýseň äpetdi, ol ýerik men ýaly gurjaklaryň ýüzlerçesi sygjakdy. Gapdalda bir ýerde sökülen el bilen aýaklar depe bolup durdy. Kimdir biri men ýaly adamjyklaryň ýüzlerçesini söküp goýupdy, we el aýaklara bölüpdi. Mende el aýak bardy, ýöne olar meň bedenime çatylmadykdy. Bu äpet stoluň üstünde kimdir biri meni söküp goýupdy, ýa-da şu wagtyň özünde ýasapdy, maňa entek aýan däldi? Men diňe başymy eýläk beýläk aýlap bilýärdim, başga zatlar maňa entek başardanokdy. Stoluň sag künjünde bolsa, men ýaly adamjyklary söküp ýygnamak üçin ýörüte gurallar bardy, näme üçindür ol gurallar gorkunç bolup görnenokdy, ýa-da men entek gorkyň nämedigini bilemokdym? Başymy saga çepe aýlap men stolun bir ýerlerinde başga bir jandaryň ýatanyny gördüm. Ol jandaryň hem el aýagy edil meňki ýaly bedenine çatylmadykdy. Men ol täze jandara bakyp gygyrdym, ol meň sesimi eşden bolmaly, sebäbi kellesini maňa tarap öwürdi we gözlerini maňa dikdi. Meň içimde bolsa bir zatlar üýtgäp gitdi, bir zatlar döwüldi, ýa-da oň tersine, bir zatlara jan girdi? Beýle duýguny ömrümde birinji gezek başymdan geçiremsoň, oňa näme diýip at dakjagymy bilmedim. Maňa sereden täze adamjyk menden tapawutlanýardy, oň gözleri ullakandy we owadandy. Özümi entek daşyndan görmesemde men bilýärdim, mende beýle owadan gözler ýokdy. Ol adamjygyň owadan uzyn saçlary bardy, oň bedeni inçedi. Men ol adamjyga tarap süýşip barasym geldi, ýöne nädip süýşjegimi bilmedim. Meni ýaradan Ussat, meň ellerim bilen aýaklarymy bolmaly ýerine daksa, men hökman ol jandaryň ýanyna ylgap barardym. Ýöne mende bu wagt ne el bardy, nede aýak, ýöne men barybir ol jandara tarap süýşip barasym geldi. Eger süýşip baranym bilen hem, öň bilen näme etmelidigi maňa aýan däldi, sebäbi Ussat bizi entek doly ýasap gutarmandy. Meň hereketlerimi ol adamjyk iň soňunda gördi, men haýal hem bolsa oňa tarap süýşmäň usuluny tapdym. Ýöne men ony gorkyzaýmaýun diýip azajyk sägindim. Adamjyk maňa seredip ýylgyrdy, yz ýanyndan bolsa güldi. Oň gülküsini eşdip meň içiňde bir zatlar gürsülläp başlady, men oňkümden has çalt süýşmäge başladym, ýöne öz maksadyma ýetip bilmedim. Sebabi gapy açyldy we otaga Ägirt Ussat girdi. Ol ýokardan gelýän ýagtylygyň öňüni tutdy we hamala gije düşen ýaly boldy. Ol bu ussahanaň ýeketäk eýesidi we meni we ony ýaşan Ussatdy.

–Siz eýýäm tanyşdyňyzmy? –Ussat menden ýaňlanýan sesi bilen sorady.

Men bolsa öň sözlerini eşidip ömrümde birinji gezek agladym, näme jogap berjegimi bilmedim, Ussadyň sözleri maňa şeýle täsir edipdi.

–Men bu gyzy senden 3 sagat öň ýasadym, –owadan bulupdurmy, seret?

Şeýle sözler bilen Ussat meni dik oturtdy we el aýagymy dakdy, soň bolsa gyz diýip atlandyran jandaryny hem doly bejerdi we edil meň garşyma getirip oturtdy. Meň göwnüme stoluň üstünde ýene bir ýagtylyk çeşmesi peýda bolan ýaly boldy. Ussat bolsa gezekli gezegne öz gurallary bilen birde meň arkamda bir zatlary towlaýardy, soň bolsa meň garşymda oturan gyzyň arkasynda bir zatlar towlaýardy. Ol entegem bizi ýasamagy dowam edýärdi. Men bolsa garşymdaky gyza seredip baky oturmalam bolsa kaýyldym. Nädip, ýap-ýaňja gözleriňi açyp, entek ýagşydan we ýamandan habardar bolman, bu dünýäde hiç zady bilmän, edil özüň ýaly adamjygy şeýle söýüp bolýar? Ýok, bu ýerde meň hiç hili dahylly ýerim ýok, bu zatlaryň ählisi Ussadyň iýşi, ol meni ýasanda söýgi bilen ýasady, özine meňzeş edip ýasady. Meň duýgularym boşuna köýmez ýaly, meň garşymda oturan adamjygy döretdi.

–Birek birege seredip bolduňyzmy? –Ussat ýylgyrdy.

Ol bizi aýra saljak bolýamyka?  –Men oýlandym. Ýöne näme üçindir aýralykdan diňe men gorkýardym, meň garşymdaky gyz birjede tolgunmady.

–Sizin bedenleriňiz taýyn, ýöne entek pikilerňiz taýyn däl. –Ussat ýene gürledi. –Siziň pikileriniz taýyn bolar ýaly, siziň anynyzy zemine ýüklemeli bolar.

–Biz taýyn, biz taýyn, bizi hiç ýerik ugratma, –men gygyrdym, sebäbi garşymdaky gyzdan hiç aýra düşesim gelenokdy.

–Sen taýynmy? Aýt onda Men kim? –Ussat maňa bakyp sorady.

–Sen Beýik Ýaradyjy, –men jogap berdim

–Meň Ýaradyjydygym düşnünükli zat, Men näme üçin Beýik, sen şony aýt –Ussat sorady, men bolsa oňa hiç zat jogap berip bilmedim.

–Meň näme üçin Beýikdigimi Zeminden soň düşünersiňiz, –Ussat şeýle sözler bilen garşymdaky gyzy örän usullulyk bilen söküp başlady, hamala ony birinji zemine ugratjak bolýan ýaly?

–Garaş garaş, –diýdim men. –Biz gyz bilen zeminde görüşip bilerismi?

–Alada etme, –diýdi Ussat, –gyz seň töweregiňde bolar, ýöne azajyk başgarak sypatda.

–Men gyzy zeminde nädip tanaryn onsoň? –Men aladaly soradym.

Ussat gyzyň iki elini söküp aýyryp maňa jogap berdi, gyzyň ýüzlerinde bolsa, baky ýylgyryş doňup galypdy, hamala şeýle halda oň ýüregi öçürlen ýaly?

–Seň ýüregiň syzar, sen gyzy hemişe duýarsyň.

–Birden meň ýüregim syzmasa näme, birden men ýalňyşsam, birden zemin garaňky bolup çyksa.

Ussat meň sözlerime güldide, gulagynyň ýeňsesinde gizlengi duran gara galamy çykardy.

–Sen gyzy tanar ýaly men oňa bellik goýjak. Aýt ýöne niresinde goýaýyn? –Ussat gara galamy gyza ýakynlaşdyrdy.

–Ýüzünde goý öz belligiňi, –diýdim men, sebäbi gyzyň iň owadan ýeri oň ýüzidi

–Bolýa, –ýylgyrdy Ussat. Ýüzüniň niresinde goýaýyn?

Men gyzda az salym nazarymy egledim we oň owadan ýüzünde haýsy ýeri saýlajagymy bilmedim.

–Gözleri owadan bolupdyr gyzyň, şeýle dälmi? –Ussat meň belli bir karara gelip bilmeýänimi bilip seslendi.

–Hawa, hawa, –diýdim men. Sen öz belligini gyzyň gözlerine ýakyn bir ýerde goý, şeýle etseň men ony ähli gyzlardan tanaryn.

Ussat ýylgyrdy we gyza gara galam bilen bellik etdi. Soň bolsa gyzy doly söküp gutarman meni söküp başlady. Hamala ýuwaş ýuwaşdan sökülip pytrap barýan gyza seretmek, meň ýüregime agram saljagyny aňan ýaly?

Aşgabat 23.08.2025ý

Rahman Zulfikarow

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *