Türkmentelekomyň gyzlary
Günleriň birinde men bir bahana bilen türkmentelekomyň gapysyndan girmeli boldym. Bir zada töleg etjek boldummy, ýa-da öý telefonyny açdyrjak boldummy, indi anyk ýadymda ýok. Ýöne şol ýerde ýarym sagat ýaly eglenmeli boldy. Telekomyň işgärleriniň ählisi gyz bilen ýaş gelinlerdi, men şolary synlap ýarym sagadymy geçirdim we geň bir zadyň üstünden bardym. Näme üçindir meň göwnüme ýaraýan gyzlaryň hiç biriniň ýüzünde mähir diýen zatdan nam-nyşan ýokdy. Meň göwnüme diňe gözi gaşy çytylan gyzlar ýaraýardy. Men pikilenýän, mysal üçin näme üçin meň göwnüme 2-nji kassada oturan gyz ýaranok? Ol gyzyň ýüzi diýseň mähirli, nurana, özem görmegöý, häsýetiniň ýumşakdygy görnüp dur. Ol gyzyň ýerine meň göwnüme 3-nji kassadaky gyz ýaraýar, ýüzünde rehim-şepagat ýok, mydama bir zatlara gahary gelip duran ýaly, ruslaryň tüýs «sterwa» diýýän gyzlary. Şeýle gyz bilen öz ykbalyňy baglaýsaň durmuşyň ähli awusyny datjagyň görnüp dur. Eger maňa telekomdan islän gyzyňy saýla diýseler, men hökman şol erbet gyza ýapyşardym. Elbetde bu durmuşda hiç zat ýöne ýere däl, ýöne ýere maňa erbet gyzlar ýaranok. Näme üçin ýagdaýyň şeýledigini häzir düşündirmäge synanşaýyn: Maňa Allah çenden aşa köp ylym bilen bilim berdi. Men kän kitap okaýan we gün günden öz paýhasymy artdyrýan. Bilim diýen zat bolsa, puldan gymmat. Dünýäň iň baý adamyndan sorap görüň, pul gymmatmy ýa-da bilim gymmatmy diýip, ol adam bilim gymmat diýip jogap berer. Sebäbi bilim diýen zady ähli dünýälerde hem ulanyp bolýar, bilim adama ölümden soň hem hyzmat edýär. Puly adamyň elinden alyp bolýar, ýöne bir gazanylan bilimi alyp bolanok. Eger artykmaç pul adamy gedem edýän bolsa, diýmek ylym bilen bilim, adamy has hem beter gedem etmeli. Onsoň men ýaly ylymly gullar gedemlikden zaýalanmaz ýaly, Allah meň göwnüme erbet gyzlar ýarar ýaly edýär. Sebäbi şeýle gyzlar meni mydama durmuşda kemsitmeli: Sen pul gazanyp bileňok diýmeli, sende plany zat ýok diýmeli, sen hakyky erkek däl diýmeli we şuňa meňzeş göwüne degiji sözleri ulanmaly. Iň esasy maksat men öz ylymyma buýsanyp zaýalanmaly däl. Wagtyn geçmegi bilen bolsa, sen bir zada düşünýän, saňa berilen ylym seňki däl, ol ylym Allahyňky we seň bu ýerde hiç hili dahylly ýeriň ýok. Allah edil berşi ýaly, yzyna hem alyp bilýär. Onsoň seň gedemligiň köşeşýär, özüňi başga adamlardan üýtgeşik saýaňok. Seň ýanyndaky aýalyň öňler göwne degýän sözleri bolsa, indi göwne hem degenok, sebäbi ol sözler diňe gedem adamyň göwnüne degýän eken.
03.10.2025
Rahman Zulfikarow