Teleportasyýa
Mämmediň özini alyp baryşy eýýäm hepdäň başyndan üýtgeşikdi. Ol çaga ýaly örän şadyýandy, mydama aýdyma hiňlenýärdi, işden öýe ir gaýdyp gelýärdi, agşamlyk naharyny öýde iýýärdi. Iň geň ýeri bolsa, ol hepdäň 3-nji güni aýaly bilen ýatypdy. Ol bu hereketi iň soňky gezek 5 ýyl mundan öň amala aşyrypdy. Şonuň üçin Mämmediň bu bolşy oň aýalyny ýaman geň galdyrýardy. Ol görgüli bir bada Mämmedi işinde wezipesini beýgeldýändirler öýdüpdi, ýöne ol çaklamalaram ýalňyş bolup çykdy, ýa-da Mämmet hiç zat aýdasy gelenokdy? Aýalynyň soraglarynyň baryndan bolsa, Mämmet edil maýyşgak ýylan ýaly eýläk beýläk egrelýärdi.
Hemişe gara bulut ýaly ýyldyrym saçyp duran Mämmediň, 4-5 gün bäri şadyýanlaşmagy oň görgüli aýalyna ýaraýardy, ýöne ol şatlygyň sebäbi bilmeýänligi üçin, oň içini it ýyrtýardy. Mämmediň bolşy, edil aşyk bolan mekdep okuwçysyny ýatladýardy. Şonuň üçin Mämmet bir gün işden gelip, bar goşlaryny torba salyp, hoşlaşyp gidäýjek ýalydy:
—Sag bol ezizim, şunça ýyllary meniň bilen bile geçireniň üçin sag bol. Men indi başga birini söýdüm. Ol senden ýaş we owadan.
—Bar gitseň gidiber dört tarapyň açyk. Ýöne ýadyňdan çykarma, sen puluň bolmasa hiç kime gerek dälsiň. Men bolsa seň kör köpügiň ýok wagtam ýanyňdadym.
Birden ol gitjek diýäýse menden şeýle jogaby eşider diýip aýaly öňünden diýýäýjek sözlerini taýynlady.
Ýöne Mämmet hiç kime aşyk bolmandy. Ol şu gezek hiç kime aşyk bolmandy. Ol öň bir iki gezek aşyk bolup öýden gidip görüpdi. Ýöne her gezek söýgüsinde utulyp ýene yzyna gaýdyp gelipdi. Aýaly bolsa hiç zat bolmadyk ýaly ony yzyna kabul edipdi. Eger bu gezek ýene bir jelebe sataşmadyk bolsa onda oňa näme bolýar? —aýaly görgüli pikirlendi. Jogap özine kän garaşdyrmady. Hepdäň aýgyna, dinç güni Mämmet bar zady özi gürrüň berdi. Ýöne bar zat adatdan daşary ýagdaýda bolup geçdi. Ol bar zady öýde düşindirmän, şäheriň restoranlarynyň birinde düşindirjek diýdi. Aýaly görgüli öz ýoldaşynyň bolşyna ýaman geň galsada, razylaşdy. Sebäbi Mämmet ol görgülini bir ýerik iň soňky gezek 5 ýyl mundan öň çykaryp görüpdi.
***
Hepdäniň dinç güni giçlik sagat 7-den soň garry jübüt şäheriň restoranlarynyň biriniň bosagasyndan ätlediler. Restoran ulydy we kaşaňdy, hepdäň aýagy bolansoň myhmanlary ýetikdi. Restoranyň bosagasynda garry jübidi bir ýaş oglan gaty mähirli garşy aldy.
— Bu ýerçeken bu ýerik günde gün-aşa gatnap ýören bolmaly? —Aýalyň pikirleri şeýle boldy.
Dogrydanam olary köpden bäri gelip ýören myhmanlar ýaly garşy aldylar, ýöne gowy garşy alynmagyň sebäbi ol däldi. Restoranyň içinde stollaryň aralaryndan geçir är aýal özlerine nýetlenen stola baryp otyrdylar.
—Restoran kimiňkidir öýdýäň? —Mämmet sorady.
—Seň bir dostyň bardy, köpden bäri öýe myhmançylyga gelenok, şonuň restoranymy? —Aýal çaklajak boldy. —Ady nämedi şol oglanyň?
—Restoran meňki, —Mämmet gysgaça belledi.
—Biziňki diýsene?
Aýaly geň galanyny bildirtmejek bolup, daş töweregine seresaplyk bilen göz aýlady. Restoran örän kaşaňdy, diwarlarda elde çekilen suratlar asylgy durdy, içinde hyzmat edýän gyzlar bolsa, edil bir hoşaň üzümleri ýaly bir birine meňzeş owadandylar.
—Seňki diýsene? Men bolsa hepdäň başyndan bäri seň näme üçin beýle şadyýandygyňa düşinip bilemok. Diýmek täze restoran açyndyňda? Öňki gezek ýaly öýden gitmersiňä?
Mämmet aýalyna edil samsyga sereden ýaly seretdi.
—Restorany açanyma bir ýyl boldy. Saňa öň aýdan ýalydym, ýöne açan wagtym içi beýle owadan däldi.
Aýaly oň sözlerinden soň oýa batdy. Eger ol restoran üçin begenmeýän bolsa onda ol nämä begenip ýörkä? Restoranyň içini düzetdim diýip begenip ýörmükä?
—Hawa, indi ýadyma düşdi, oň bir zatlar agzan ýalydyň. Sen meni restoranyň remondyny görkezmek üçin çagyrdyňmy?
—Ýok ezizim, men seni başga bir zat üçin çagyrdym, —Mämmet edil sirkiň masgarabazy ýaly ýylgyrdy. —Mende şatlykly bir habar bar.
—Ýene öýden gitjek bolýarow, —aýaly pikirlendi. Iň soňky gezek bir jelebe aşyk bolandada ilki bilen gelip maňa içini aýdypdy. —Ol nämäň habary, —aýaly gorkyly sorady.
—Häzir howlukma, bar zady başdan gürrüň bereýin.
—Gaýrat et birinji soňyny gürrüň berip soň başyna geçäýeli. Bolmasa seň waka gürrüň berşiňe men belet.
—Bolýa, —diýdi Mämmet, —ýöne birinji bir zatlar bir symyşlaly.
Mämmet sözini jemläp ýetişmäkä bir ýerlerden hyzmat edýän gyz peýda boldy.
—Sen näme iýjek ezizim? —Mämmet sorady.
—Seň beýniňi iýjek, jigim aşpezden sorasana adam beýnisini nädip bişirseň süýji bolýar? —Aýal hyzmat edýän gyza ýüzlenip ýylgyrdy.
Hyzmatkär gyz dodagyny dişläp çalaja ýylgyrdy. Düşnükli zat, ol öz başlygynyň ýanynda ýylgyrmaga çekinýärdi. Esasanda degişme başlygyň salgysyna bolany üçin gülmek howuplydy.
Mämmet hyzmatkär gyza «gümüňi çek» diýip yşarat etdi. Gyz edil bolmadyk ýaly zym zyýat boldy.
—Sen meni işgärlerimiň ýanynda masgara edýäň, —Mämmet seslendi. Ol birbada bulutlaşan ýaly boldy, ýöne az salymdan ýene ýüzi açyldy. Dünýede hiç bir ýaramaz zat, oň şu gün keýpini gaçyryp biljek däldi.
—Näme habaryň bardygyny çaltyrak aýtmasaň men öýe gaýtýan. —Aýal galp hereket bilen sumkasyny eline alan boldy.
—Garaş diýdimä, häzir aýtjak. Ýöne başyndan başlamasam sen hiç zada düşinmeýäň.
—Sen gysgaça manysyny aýt, soň näçe lakyldasaň lakyldaber.
—Bolýada, ýöne şeýle etsem habaryň bar gyzygy gaçýandyr, öňünden duýdurýan.
—Bolýa, ýöne oýnaşlaryň birinden oglum boldy bir diýäýme, — aýaly gyjalat berdi.
Mämmet az salym dymyp içine dem çekdi, bir bada gözleri gahar gazap bilen dolan ýalam etdem welin, ýöne ýaman çalt köşeşdi. Şu gün dünýede hiç bir zat oň keýpini gaçyryp biljek däldi, hatda öz aýalynyň igenjem. Edil çaga ýaly ýylgyryp Mämmet öz wakasyny gürrüň bermäge başlady.
—Hepdäň birinji güni işde otyrkam kätip gyzdan jaň geldi.
—Daşgy jaýyňda otyran emjekleri ullakan jelepdenmi? —Aýal iki elini edil garpyz göterýän ýaly edip öňüne tutup, uly göwüsli gyzy sypatlandyrjak boldy.
—Ýok, seň diýýäniňi eýýäm işden kowdum. Oň ýerine täze gyz aldym, —Mämmet ýene çaga ýaly ýylgyrdy.
Mämmet gyjalatlary beýle şadyýan kabul edýänine aýalyň özi geň galýardy.
—Hawa onsoň näme diýdi sekritarşaň?
—Girelgede Ýaponçylar garaşyp dur diýýär.
—Kimler kimler? —aýal geň galdy.
—Ýaponçylar, iki sany Ýaponçy.
—Belki Ýaponýalylardyr? —Aýaly Mämmedi düzetdi.
—Aý şomuşda. Hawa iki sany Ýaponlar. Men geň galdym, biziň ministirligimizde Ýaponçylar näme işläp ýörler? Men kätipden soradym, belki Hitaýçylar gelendir, ýa-da Kareýçylar gelendir? Gyz ýok diýdi, Ýaponçylar geldi diýdi.
—Sen şol sekritarşa bilen gürleşeňdede Ýaponçylar diýdiňmi?
Mämmet sözüniň bölünenine ýene azajyk bulutlaşjak boldy, ýöne ýene az salymdan asmanda gün dogan ýaly şadyýan ýylgyrdy.
—Eger meň gyjalatlaryma her gezek samsyk ýylgyryş bilen jogap berjek bolsa, meň oňa 30 ýylyň içinde diýmäge gorkyp ýören sözlerimiň baryny diýip çykaryn, —aýal öz ýanyndan belledi.
—Näme diýenim wajyp däl. Hawa Ýaponçylar diýdim öýdýän. Aýdýana wajyp däl, sen gowsy yzyny diňle. Gepiň gysga ýeri meň ýanyma iki sany Ýaponçy girdi. Dogrysy olar üç sany eken, olaryň ýanynda dilçi bar eken.
—Belki dilmaçdyr? Ýa-da terjimeçidir? —aýal azajyk pikirlenip sorady.
—Aý şomuşda, garaz bir owadan gyz geldi. Ýaponçylar ýaş oglanlar eken. Ynanmaýaň seň körpäňden uly oglanlar däl. Nädip olaryň ýurtlarynda beýle wajyp işleri ýaşlara ynanyp bilýärler, men haýran.
—Soň näme boldy? Gaýrat et Ýaponyýa işe ugradýarlar bir diýäýme?
—Ýoook, hiç ýerik işe ugradanoklar. Olar başga zat üçin geldiler. Karoçe diňle, Ýaponçylar söňky 10 ýylyň içinde ylymda gaty öňe gitdiler. Haram Ýaponçylar teleportasyýany açypdylar.
—Teleportasyýa? O näme boldygy? Mämmet gel göni şu ýerde bir zady belläli, ylyma degişli temalar maňa gyzykly däl. Eger meni diňe şonyň üçin öýden çykaran bolsaň men gaýtjak.
—Te-le-por-ta-sy-ýa, —Mämmet hiç zat bolmadyk ýaly teleportasyýa sözini bogunlara bölüp gaýtalady. Teleportasyýa jisimleri daş aralyga geçirmek diýen ýaly bir zat. Bu köp bilmiş Ýaponçylar hiç hili samalýotsyz dünýäň islendik ýurdyna düşip bilýärler. Göz öňüne getir, lift ýaly bir otaga girýäň, gapylar ýapylýar, ýene sanaýmaly sekuntdan sen eýýäm ýeriň aňary çetinde.
—Onsoň? Seň bärde näme dahylly ýeriň bar? Ýa-da şol teleportasyýa diýýän zadyňy biziň ýurdumuzda girizmegi saňa tabşyrdylarmy?
—Ýokla, sen yzyny diňle. Ýaponçylar teleportasyýany soňky 10 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetiripdirler. Indi öňki ýaly kosmosa uçmak üçin raketa gerek däl. Sputnigi göni kosmusa teleportasyýa edip bolýar. Bu köp bilmiş Ýaponçylaryň oýlap tapan zatlary başga hiç bir ýurtda ýokmyş. Maňa şol iki sany ýaş oglan 4 sagatlap leksiýa okadylar. Göz öňüňe gelýämi, ol ylym uranlar geçmişe syýahat edip, eden ýalňyşlaryňy düzeder ýaly etjek bolýamyşlar. Hawa, geçmişe teleportasyýa.
—Indi düşindim bar zada, sen geçmişe teleportasyýa edip, maňa duşun günüňi düzetjek boýaň, sen şonuň üçin şadyýan geräm?
—Ýoookla ezizim, saňa duşan günüm, meň durmuşymda iň gowy günlerimiň biri ahyryn, —Mämmet garşysynda otyran aýalynyň elinden tutdy.
Mämmediň ýalan sözleýänini bilsede ol sözler aýalynyň gulagyna hoş ýakdy.
—Onsoňam geçmişe teleportasyýa ýene 10 ýyldan öň elýeter bolmaz diýdiler. Men ýöne mysal getirmek üçin aýytdym. Dogrysy puluň gaty kän bolsa şu wagydam geçmişe gitseň bolýarmyşyn.
—Olar seň ýanyňa näme üçin geldiler, sen bir sözde aýtsana Mämmetjan.
—Ýok, bir sözde aýtsam sen hiç zada düşinmersiň, sen gowsy yzyny diňle. Karoçe Ýaponçylar öz işlerinde başga bir zatlaryň üstinden barypdyrlar. Karoçe Ýaponçylar ol dünýä teleportasyýa etmegi öwrenipdirler—Mämmet süýem barmagyny ýokaryk bakdyrdy we dymdy.
Aýaly oň barmagynyň görkezýän ýerine haýaljakdan seretdi.
—Ol dünýä bolanda nirä teleportasyýa bolýar?
—Ol dünýä bolsa ol dünýä bolarda, bizde näme üýşip ýatan ol dünýe barmy?
—Ol dünýede indi oýunjak bolaýdymy? Seni Ýaponçylaň aldaýan bolaýmasyn?
—Ýok aldanoklar. Olar maňa subut etdiler.
—Nädip?
—Men kakam bilen gürleşdim.
Mämmediň sözlerinden soň aýaly 5 sekunt ýaly oýa batyp dymyp durdy. Soň edil suwy açylan grant ýaly gülkiden doldy. Oň gülkisine restoranda oturan başga adamlar olara tarap seretdiler. Bir ýerlerden hälki hyzmatkär gyzjagaz ylgap geldi. Ýöne ony Mämmet hiç zat gerek däl diýip yzyna ugratdy.
—Kakam saňa salam aýtdy. Gelinleriniň içinden iň gowsy sen diýdi.
—Ýalan sözlemesene Mämmet, —aýal gülkiň içinden zordan gürledi. —Seni indi çaga ýaly aldap ýörmeli bolypdyr öýdýän. Bu sözleri başga biri aýtsa men geň galmazdym, ýöne ministr aýtsa menä näme diýjegimem bilemok.
—Olarda ýörüte telefon bar eken, —Mämmet pikini dowam etjek boldy ýöne aýaly oň sözini böldi.
—Aragatnaşyk ministry meň garşymda otyr we pahyr bolan kakam bilen gürleşdim diýýärä, ýatsam tursam aklyma gelmejek zatlar boldow. Sen 18 ýaşly gyz tapdym we şony aljak diýen bolsaň gowy bolardy Mämmet. Indi seni işden kowarlar, sen ýaly dälä ministirligi ynanmazlar.
Olarda ýörüte telefon bar eken, —Mämmet edil gaty gören çaga ýaly haýaljak ýene bir gezek gürlemäge synanşdy we sözleriň ýaryny aýdyp aýalyna çiňňerildi. Aýalynyň bu gezek sözini bölmejegine gözi ýetip öz pikirini dowam etdi. —Telefonda sanlaryň ýerine harplar bar eken, gerek adamyň adyny familýasyny we kakasynyň adyny ýazýaň welin göni jaň gidýär.
—Onsoň kakaň näme diýdi Mämmet? Men iň gowy görýän gelni diýdimi? Onda näme üçin jaýyny körpe oglyna goýyp gitdi, bize goýyp gitmedi? Ýogalynçada ol görgülä biz seretdik. Men dilime alyp aýdamok, ýöne şunça ýyldan soň seň getiren habaryň meni geň galdyrýar. Aý borda, daýydan başga näme habar geldi? Saňa näme diýdi? Ýaponlara öziňi oýnadyp ýörme diýmedimi?
Aýalynyň sözlerine Mämmediň azajyk ýüzi soldy, ýöne gözlerindäki çaga öwüşgini öçmedi.
—Başdan saňa aýtmaýynam diýdimle, ýöne saňa aýtmasam kime aýdaýyn? Bolýa, ertir seni işe alyp gidýän we seni ejeň bilen gürleşdirýän, onsoňa maňa ynanarsyň.
—Olar näme seň işiňde ýaşap ýörmi? —aýaly geň galyp sorady.
—Kim olar?
—Seň Ýaponçylaň.
—Hää, ol oglanlarmy, aý hawa işimde ýaşaýarlar diýseňem bolýar. Neresseler irden 8-de gelip agşam 6-da gaýdýarlar.
—Onsoň olar uzakly gün seň edaraňda näme işleýärler? Seni uzakly gün ölenler bilen gürleşdirip ýatyrlarmy? —Aýaly öňküden beter geň galyp sorady.
—Dällirediňmi? Bilýäňmi “Ol dünýä” bilen bir minut gürleşmek näçe dollara durýär? 10 müň dollar.
—Birje minudymy? Ertir meni işiňe alyp gitsene ejem bilen bir sagat gürleşeýinle, —aýaly ýene hezil edip güldi.
—Gülme, —Mämmet öýkeledi. —Men olary gürleşmek üçin çagyramok. Men olar bilen wajyp şertnamalary baglaşýan, —Mämmet süýem barmagyny asmana bakdyrdy.
Aýaly Mämmediň sözlerinden soň eliniň aýasy bilen gözlerini ýapdy we gözlerini açman gürledi: —Waý Allam, sen şol Ýaponçylaň üçin iň soňynda işiňden gidersiňow. Olar bilen nämäň şertnamasyny baglaşýaň? Ýurdumyzda ölenler bilen gürleşilýän nokatlary açjak bolýaňmy?
—Ine indi bolsa iň gyzykly ýeri geldi, —Mämmet ýene sirkiň masgarabazy ýaly şadyýan ýylgyrdy. Otyran oturgujynyň arkasyna ýaplanyp iki elini ýeňsesine goýdy.
—Waý Allajan, sen çyndanam ölüler bilen gürleşilýän telefon ulgamyny gurjak bolýaňmy? Öňünden aýdaýyn bu saňa restoren açan ýaly däldir, göni batarsyn, ýa-da dälihana düşersiň. Sen şol Ýaponçylaryňa öziňi oýnadyp ýörmede gowsy olary kowsana.
—Ýok ezizim, meň etjek bolýan işim hökümet bilen hiç hili baglanşygy ýok. Men bar zady özim üçin edýän.
—Ýokary okuw jaýy gyzyl diploma gutaran oglan, 25 ýyl bäri hökümet işgäri, kursdaşlarymyň maňa nähili gözi gidýärdi, şu wagydam ýolda yzda duşanlarynda öz awularyny pürkip ýetişýärler. Indi bolsa nirde ýok Ýaponlara özini oýnadyp ýör, adamla eşitse näme diýerler?
Aýalynyň bu sözleri Mämmediň birjigem göwnüne degmedi, ol entegem oturgyjyň arkasyna ýaplanyp, hyýallarynda bir ýerlerde gaýmalap ýördi. Mämmet gürrüňini dowam etmezden öň hyzmatkär gyzy ýanyna çagyryp iki adamlyk nahar buýurdy. Aýaly görgüli bolsa ondan gaty görüp ýüzini gapdala sowýardy, ol restorenyň içindäki başga damlary synlaýardy.
Az salymdan Mämmediň buýran nahary geldi, ol nahar jüýjeli palow bolup çykdy, Mämmediň aýalynyň iň gowy görýän nahary. Diňe şondan soň oň aýalynyň azajyk ýüzi açylşdy.
—Ýaponçylar bara? —Agzyny nahardan doldyryp Mämmet bir zatlar düşindirjek bolup başlady.
—Agzyňdakyny bir çeýnesene ýerçeken, seň ýaponçylaň garaşar, —aýaly Mämmediň ýüzine seretmän gürledi, özi bolsa eli bilen palow iýýärdi. Ol aýal palawy mydama eli bilen iýýärdi.
—Ýaponçylar bara, gaty zor oglanlar, men geň galýan olar nädip beýle zatlary başarýarlar? Olaryň başarýan zadyny entek dünýäň hiç bir ýurdy başaranok. Dünýäde ýekeje firma, hawa ýekeje, ýöne şu wagt ady ýadymda ýok. Karoçe Ýaponçylar teleportasyýany açanlary bäri dünýäň ähli ýurtlarynda öz hyzmatlaryny teklip edýäler eken. 1 milýon dollar berseň geçmişe bir sagatlyk syýahat etseň bolýar, aý onsoň geçmişde göýberen ýalňyşlyklaryňy düzetseň bolýar diýdiler. Hawa azajyk gymmadyrak, ýöne Ýaponçylar ýene 10 ýyldan geçmişe syýahatyň bahasyny elýeter ederis diýip söz berýärler özä. Geçmişe syýahat esesan Amerikada ýörginli diýýär, biziň ýurdymyzda entek ýekeje müşderi tapylmandyr. Ölenlere jaň etmek Ezraýylda moda diýdiler, ýöne näme üçindigini aýtmadylar. Ruslarda kosmysa teleportasyýa gowy ýöreýä diýdiler, aý… aňarda her tüýsli syýahatçylary Aýa ýa-da başga planeta 1 sagatlyk ugradýan ekenler.
—Sen olar bilen näme işlejek bolýaň? —Aýaly ahyry soňy çydap bilmän sorady.
—Bu welin ýaman gowy sorag. — Mämmet edil pul tapan çaga ýaly begendi. Oňe gaýyşyp aýalyna golaýlaşdy. —Ýaponçylar meň ýanyma maslahata edil şol sorag boýunça geldiler. Biziň ýurdumyzda teleportasyýaň nähili hyzmatlaryny girizip boljakdygyny soradylar.
—Senden başga sorara adam ýokmyşmy indi?
—Dagy kimden sorasynlar? Men näme diýseňem aragatnaşyk we ulag ministy ahyryn. Teleportasyýa bolsa aragatnaşyk bilen ulaga gönüden göni degişli, düşindiňmi?
—Hawa, sen onsoň olara näme diýdiň?
Mämmet oturan oturgujyndan syrtyny galdyryp aýalynyň edil alkymyna geldi. Daşyndan oň bolşy aýalyny öpjek bolýan ýaly görünýärdi, ýöne oň beýle nýeti ýokdy, ol aýalyna örän gizlin bir zady aýtjak bolýardy.
—Men Ýaponçylara aýtdym: eger siziň teleportasyýaňyz “Ol dünýä” pul ugratmaga ulanyp bolaýsa, oň bahasyna ýetip bolmazdy diýdim, birinji müşderiňiz men boljak diýdim.
—“Ol dünýä” pul ugratmak? —Aýaly geň galdy.
—Hawa pul, —Mämmet ýylgyrdy. —Ýaponçylaram başda eşidenlerinde edil sen ýaly gözlerini tegelediler, ýöne soň bar zada düşindiler. Meň tapan ideýamy entek dünýäň ýüzinde hiç bir adam teklip etmändi diýdiler. Meň adymy öz firmalarynyň taryhyna ýazarys diýdiler. Sen bir göz öňüne getir, sen ölýäň we pullaryňy ýanyň bilen alyp gidýäň? —Mämmet soňky sözleri edil aýdym ýaly hiňlenip aýtdy.
—Seni hökman işiňden aýyrarlar, ýok, seni dälihana ýygnarlar. Sen samsygy türmä basarlar, muň tapýan zadyny diýsene…
—Ýuwaş…nämä gygyrýaň? —Mämmet aýalynyň agzyny ýumdy. —Menä saňa gowy habar aýdaýyn diýdim, sen bolsa ile paç edip barýaň.
—Nämäň gowy habary? Seň ynanyp ýören zadyňy? Ol dünýä pul ugratmak? Ýaponlar samsyk tapdyk diýip begenýändirler? Getir pullaryň baryny maňa goýyp git, öleniňden soň özim yzyňdan teleporta….nämedir şol zadyň ady? Hä hawa teleportasyýa edeýin. Ýaponlar seni aldap bar pulyňy alarlar, çagalaryňa zat galmaz, teleportasyýa diýip nirden sataşyp ýörsiň sen olara?
Mämmet aýalynyň sözini bölmän soňyna çenli diňledi we diňe aýaly diňensoň özi gürläp başlady:
—Ýaponçylar aldanoklar, men barlap gördüm. Men bärden 100 dollary “Ol dünýä” ugradyp kakama jaň etdim. Kakam 87 dollar geldi diýdi. 13 dollary ýol üçin alypdyrlar. Karoçe teleportasyýaň tölegi 13 göterim.
Bu sözlerden soň aýaly iki eli bilen ýüzini ýapdy we bir zatlar hüňürdedi. Oň näme diýenini Mämmet eşitmedi, ýöne oňa känbir wajybam däldi.
***
Restorandan gaýdyşyn aýalynyň hiç hili keýpi bolmady, ol eýýäm bar zadyň nähili gutarjagyny bilýärdi. Mämmet edil eşek ýaly kesirdi, bir zady nýetine düwse hiç haçan yzyna tesenokdy. Şunça ýylyň içinde gazanan pullarynyň baryny Ýaponýalylara özini aldadyp gidirjekdi.
—Körpe oglyňy öýli işikli etmäge bir pul goý, —aýaly zordan hüňürdedi. Ol maşynyň yzynda otyrdy we gamgyn gözler bilen köçäni synlaýardy, ol bu gün Mämmediň ýanynda oturasy gelmedi. Mämmet bolsa roldady, ol maşyny dolandyrýardy.
—Kime? Hä, hawa, körpämi? Hökman goýaryn, men bar zady alyp gitmerinä? Men şu gün ertir ölüp baramoga, ýöne Ýaponçylara pullarymy şu wagtdan geçirip başladym. Ollar eýýäm pullarymy teleportasyýa edip başladylar.
—Näme etseň şony et, —aýaly biparh gürledi.
—Göz öňüne getir, men “Ol dünýäde” parol ýaly bir zat aýtýan welin pullarymyň bary edil meň ýanymda peýda bolýar. Ylym diýip şoňa diýäýseň? Men ýadymdan çykarmaz ýaly öz aýlyk alýan kartymyň parolyny goýyň diýdim. Näme, diri wagtym ulanan parolym ölenimden soňam gerek bolar.
—Ol parolam biziň duşuşan günimiz aýymyzdymy? —Aýaly ajy ýylgyrdy.
—Hawa hawa, özim haýyşt edip goýdyrypdym. Ezizim sen bir hili gamgyn görünýäňmi? Ertir meň bilen işe git, seni ejeň bilen gürleşdirjek.
—Ýok, gerekdäl, —aýaly çalaja pyşyrdady, oň näme jogap berenini Mämmet eşitmedi.
***
Aradan bir ýyl geçmän Mämmet ýogaldy, bar zat duýdansyz boldy. Ol hemişekisi ýaly irden turdy, ýuwyndy ardyndy, hökümet tarapyndan berilen awtoulaga münip ýola rowana boldy. Günortana golaý bolsa oň aýalyna öldi habar geldi. Mämmet edil diri ýaly, ýüzi samsyk ýylgyryşly jan beripdir. Oň näme üçin beýle şadyýan gidenine hiç kim düşinmändi. Sen samsygyň başyna Ýaponçylaň ýetdi, —aýaly görgüli çaklady. Ölseň yzyňdan ugradarys diýip bar pulyňy aldylar, indem seni şaýat etmejek bolup ýogyňa ýandylar. Hoşlaşybam ýetişmedi razylaşybam, tarpataýyn iş ýerinde ýogaldy. Lukmanlar aýtmyşlaýyn ýüregi durupdyr. Aýaly görgüli Mämmet bilen razylaşmak üçin ony düýşinde görerin diýip köp umyt etdi, ýöne bir bada hiç zat ugryna bolanokdy. Näme üçindir Mämmet öz aýalynyň düýşine giresi gelenokdy. Diňe aýrylanyndan soň 19 gün geçende, Mämmet aýalynyň düýşine girdi, ýöne ol düýş aýalyň göwnünden turmady;
Mämmet öz iş eşiginde, gara penjekli gara jalbarly, ak köýnekli, ýerzemin ýaly bir ýerde ýüzini sallap otyr. Ol ýer giňdi we garaňkydy. Ullakan gowaklary ýatldýardy, ýöne hiç hili girelgesi ýokdy. Burçda duran gazanyň aşagynda ýanyp duran otdan düşýän ýagtylyk, ýerzeminiň içini tutuş ýagtyltmaga ýetenokdy. Ýerzeminiň aňary tarapy edil gije ýaly tümdi. Edil şol gazanyň gapdalynda Mämmet ýüzüni sallap bir zatlar samraýardy. Oň ýüzüniň ýarsy odyň ýagtysyndan gyzyl öwüsýärdi. Ol dört belgili bir sany ýatlajak bolýardy, ýöne hiç bolanokdy. Ol bir san aýdyp daş töweregine seredýärdi, az salym dymýardy. Soň hiç zadyň bolmaýanyna göz ýetirip, ýene sanlary yzly yzyna aýtmaga başlaýardy.
—2712, 2712, —aýaly Mämmede gygyrdy, ýöne Mämmet hiç zada düşinmedi. Diňe daş töweregine azajyk diňşirgenip ýene başga bir sanlary sanamagyny dowam etdi.
—Biziň duşyşan günimiz samsyk, Dekabr aýyň 27-si. Sen nädip ýadyňdan çykardyň? —Aýaly oňa ikinji gezek gygyrdy. Ol görgüli düýşde bolsada Mämmediň ýanyna ylagap barjakdy, ýöne öz bedenini duýanokdy. Ol özini elsiz aýaksyz asmandan asylgy ýaly duýýardy.
Bu gezek Mämmet ýerinden turup eýläk beýläk hasyrdady. Sesiň çykan çeşmesini tapjak boldy, ýöne başa barmady. Oň ýerine aýalynyň aýdan sanlaryny gowja eşiden bolmaly, sebäbi yz ýanyndan sanlary dogry aýtdy.
—2712, —Mämmet gygyrdy.
Birden hiç zat ýok ýerden ýerzeminiň içinde bir uly agaç guty peýda bolýar. Ol gutyň içine diriligine bir uly öküz sygjakdy. Agaç gapyrjagyň daşynda Ýapon dilinde bir zatlar çyrşalandy we telefon belgi hem bardy. Belkem teleportasyýa bilen meşgullanýan firmaň ady bilen telefon belgisidir? Mämmet agaç gapyrjagyň daşyndan edil çagalaryň täzeýyl arçasynyň daşyndan ylgaşlary ýaly ylgaýardy, gapyrjagy gujaklaýardy, oňa bagryny oýkaýardy Iňsoňynda Mämmet ýaýnap bolup gapyrjagyň bir gapdalyny açýar. Oň içinden edil suw inen ýaly edip kagyz pullar daşyna dökülýär. Mämmet öňküden beter şatlanyp pullary seçip oýnaýar, olary maňlaýyna degirýär, öpýär. Bar zat ýerzemine meňzeş otagyň içinde bolup geçýär.
—Seret oňa Nekir.
Tümligiň içinde birniň elhenç sesli eşidilýär. Ol sesi döredýän agyz edil guýyň agzy ýaly bolmaly, ondan kiçi däl. Ol ses ýerzeminiň ýagty düşmeýän burçyndan eşidilýär. Ol sesden döreýän şemal edil gyşyň howasy ýaly sowuk.
—Seredip otyryn Müňkir, gözimi aýyrman seredip otyryn.
Nekir atly jandar näme we kim bolsada ol jogap berýär. Oň hem agzy guýyň agzyndak kiçi däl bolmaly. Ol hem agzyny açanda şemal turup gidýär, ýöne öz söhbetdeşinden tapawutlykdy oň demi edil tomusyň epgegi ýaly gyzgyn.
—Oňa bu ýerde pul nämä gerek boldy men haýran, —Müňkir atly jandar pikir ýöretmäni dowam edýär.
—Bilemok, getiren bolsa diýmek gerekdirdä? —Nekir öz pikirini aýdýar.
Nekir atly jandar ýagty düşmeýän burçdan elini uzadyp Mämmediň ýanynda duran agaç gutydan daşyna egsilip duran puldan bir gysymy özine gabyrdadyp alýar. Oň hereketleri ýer gazýan kuwwatly maşynlaryň hereketlerini ýatrlaýar.
—Pullary näme etmelidigini men oýlap tapdym, —Nekir şadyýan gülýär. Oň gülkisi ýerzemini sandyratýar.
—Pullar meňki, olary yzyna gaýtaryp beriň, men size ýüzlenýän oglanlar. —Mämmet ýerzeminiň garaňky burçyna seredip bir zatlar gygyrýar, ýöne burçdakylar oňa üns berenoklar.
—Ýeri onsoň näme etmeli? —Müňkir soraýar.
—Hemişeki ýaly ullakan gazanda şu eşegi gaýnatmaly, —tümlükden pürs ýaly el çükyp Mämmedi aýakdan ýykyp ýene tümlige siňip gidýär. —Ýöne bu gezek gazanyň aşagyny şu pullar bilen ýakarys.
—Gowy pikir Nekir, oňkiler ýaly odyna gitmegem gerek däl. —Ýerzeminiň tüm burçynda gizlenen iki sany jandar bir biriniň böwrüne dürtip gülişýärler.
—Men sizi tanadym, men sizi tanadym, siz şol teleportasyýa firmadan gelen iki sany ýaş oglan, —Mämmet ýerzeminiň tüm burçyna seredip gygyrýar.
Edil şol pursat ýerzeminiň içinde iç zat ýok ýerden ýene bir agaç guty pul patylap düşýär.
—Nekir seretsene, ýene bir tapgyr pul geldi, —döwleriň biri begenýär.
—Hawa görýän, goý gelibersin, bu eşegiň gazanyny öz pullary bilen ýakarys, —Nekir jogap berýär.
—Tut onda eşegi, sal gazana, —Döwleriň biri teklip edýär.
—Ýok oňa degmäň, —aýal gygyrýar, ýöne ol hamala ol ýerde ýok ýaly hiç kim ony eşidenok. —Mämmede degmäň, —aýal ikinji gezek gygyrýar, —ony aldadylar, ony Ýaponlar aldady, —aýal ýene gygyrýar. Ýöne bary biderek, ony hiç kim eşidenok.
Tümlikden çykan pürs ýaly eller Mämmedi garbap alanda düýşiň eýesi ýarynden suw-der bolup oýanýar. Oýanýar we ulydan demini alýar. Bolsada bar zat ýöne bir düýş eken, samsyk düýş.
©Begli666
24.10.2018