Mamaň sygry
Nuh Pygamber barada bir rowaýat bar, belkem siz öň eşdip görensiňiz? Eger eşden bolsaňyz zyýany ýok, ýene bir gezek diňläýiň: Nuh Pygamber dowründe, bir garryja mama bar eken we şol mama Nuh Pygamberiň ähli aýdan zatlaryna ynanýan eken. Hudaýyň bardygyna we tiz wagtdan ýer ýüzüniň sil aljagyna. Onsoň garryja mama meni hem öz gämiňe al diýip Nuh Pygamberden haýyşt edipdir, Nuh Pygamber bolsa oňa «bolýa» diýip jogap beripdir. Ýöne Nuh ol garryja mamany gämä almagy unudypdyr we diňe boljak işleriň ählisi bolup, zemin guransoň mamaň ýaşaýan öýüne barypdyr. Mama bolsa şol öňki oturan ýerinde otyr diýýär, hamala ahyrzaman gopmadyk ýaly. «Sen meni almaga geldimi oglum?» –diýip sorapdyr mama. Nuh Pygamber bolsa, «boljak işleriň ählisi boldy, dünýäni eýýäm suw sil aldy we eýýäm gurap hem ýetişdi» diýipdir. Mama bolsa geň galyp şeýle jogap beripdir: –Bolman sygyrmyň örüden gelende aýagy palçykdy diýýänle.
Şu hekaýadan adam näme düşünmeli? Elbetde her kim öz ýüregine görä bir zatlar düşünjek bolar, meň ýüregim bolsa şeýleräk netijeleri çykarýar: –Meň özüm, şol garryja mamaň sygry, sebäbi dünýäni suw alsada, palçyk meň dyzymdan ýokary geçenok. Daş töwerekde Beýik Allah öz işlerini alyp barýar, şäherleri ýumyrýar, ýurtlary gana gark edýär, ýöne maňa degenok. Men şol rowaýatdaky sygyr ýaly, günde otlamaga gidän, yzyma dolanýan we palçyk meň dyzymdan ýokary geçenok. Daş töwerekde bolup geçýän syýasy we ykdysady siltilmeler hem maňa täsir edenok. Allah öz ýaradan düýäsi bilen näme etse şony etsin, Oň Özi bizden gowy bilýär, iň esasy zat ol maňa degenok. Tutuş dünýäni suwa ýa-da oda gark edip, Allah degmejek adamsyna degmän bilýär. Men näme üçin Beýik Allahyň edýän işine gynanmaly, ýa-da Ony taňkytlamaly? Iň esasy zat ol maňa degenok dämi, maňa şol hem ýeterlik. Belki siz aýdarsynyz, sen awtor diňe özüňi bilýäň, we sende hiç hili duýgudaşlyk ýok diýip? Ýöne siziň ähliňiz irde giçde bir zada göz ýetiresiňiz: –Siziň ähliňiz hem edil şol garryja mamaň sygyry ýaly, we Allah tutuş dünýäni suwa gark edende-de, palçyk siziň dyzynyzdan ýokary geçmedi, ol sizi ähli nogsanlyklardan gorap saklady.
07.09.2025
Rahman Zulfikarow