|

Mährem ýürek

Eger içiň çüýrän bolsa, ýüregiň gara bolsa. Özüňi näçe gowy alyp barsaň, alyp baryber, elmydama ýylgyr, adamlary göreňde gujaklap salamlaş, hiç kime hiç haçan ýamanlyk etme, ýöne sen barybir adamlaryň gözünde haramzada bolup galýaň we ýeri gelende seň eden işleriň esasynda dälde, seň ýüregiňe görä çözgüt çykararlar. Sebäbi adamlar ilki bilen birek biregiň ýüregini görýärler. Eger seň ýüregiň ak bolsa, sen gowy işleri etmän hem bilersiň, oň tersine, azajyk öziňi erbet alyp barsaň hem bolýar. Adamlar barybir seň ak ýüregiňe görä saňa baha keserler. Ýüregiň ak bolup beter ýaramaz işleri etseň hem, adamlar barybir seni öz pikirlerinde aklajak bolarlar, mysal üçin sen adam öldürdüň diýeli, ýöne ýüregiň ak diýeli? Seni tanaýanlar seni hökman öz pikirlerinde aklamaga çalşarlar, ol gowy oglan bolmaly diýerler, oň gaharyny getirendirler, mežbur edendirler, şol derejä eltendirler, diýerler. Ýüregi gara adam gowy iş edende, adamlar barybir ters düşünerler we şeýle adamyň öz şahsy bähbidi bar diýip pikir ederler, mysal üçin adamlara gowy görünjek bolup hudaý-ýoly berýär diýerler we şuňa meňzeş sözler. Ýüregi gara adam Hudaýa we Namaza ýakynlaşanda hem, gowluk bolanok. Namaz ýüregi gara adama diňe zyýan ýetirýär, adamyň gedemligini artdyrýar: –Seret men namaz okaýan, sen welin okaňok, diýmek men senden beýik, men Hudaýa has ýakyn, –diýen ýaly pikirlere getirýär.
Ýüregiň ak bolsa welin, özüňi samsyk alyp barmakdan gorkmaly däl, azajyk gödeklik etseň hem bolýar, aýal gyzlar bilen hem özüňi haýasyz alyp barsaň hem edeniň geçip dur. Bir tanş oglanyň şeýle diýýär: –Men iş ýerimdäki aýal gyzlaryň ählisini gujaklap ýaňagyndan ogşap bilýän, olar bilen islendik temada degişip bilýän, men näme diýemde we näme edemde menden hiç kim gaty görenok. Başga oglanlar bolsa meň bolşyma seredip geň galýarlar, näme üçin sen aýal gyzlara näme duýseň göterýärler, biz welin olar bilen sen ýaly gürleşip bilemzok? Biz seň aýdýan sözleriňi olara aýdaýsak, şol bada dawwa turaýjak ýaly? Meň tanşym näme üçin beýle bolýanyny özi hem doly düşünenok, oň pikirne görä, ol ýöne bir haýsy sözi haçan diýmelidigini bilýär we şol sebäpden oň ähli hereketlerini aýal gyzlar göterýär. Hakykatda bolsa ähli zadyň sebäbi ak ýürekde, ol oglanyň ýüregi ak we ähli adamlar diňe adamyň ýüregine görä netije çykarýar. Ogşanda näme, oglanyň ýüreginde zat ýoga diýýär aýal gyzlar. Garaz ak ýürekli bolmak iň wajyp zatlaryň biri, ýüregiň ak bolmasa eden işiň özüňe zyýan, hiç zatdan bähbit tapyp bolanok. Hatda Kerimi Kurany hem ýüregi gara adam eline alsa, ondan zyýandan başga hiç zat tapmaz. Ýüregiň gara bolsa ähli zatdan diňe zyýan çekýäň, iň gowy zatlar hem ýüregi gara adama dine zyýan getirýär. Namaz we Kerimi Kuran, hatda ylym hem gara ýürekli adama diňe zyýan getirýär. Ilki bilen ýüregiň arassa bolmasa, bolmasa galan zatdan peýda ýok. Ýüregiňi arassalamagyň ýeketäk usuly bolsa, seni Ýaradan Güýje, ýüregimi arassalap ber diýip ýalbarmak.

19.08.2025 ý
Rahman Zulfikarow

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *