|

Kuran üýtgänok, adamlar üýtgeýär

Beýik Ýaradyjy, Kerimi Kurany üýtgetmekden gorady, şeýle günä etmäge ýol açmady. Ýöne, Kuranda ýazylan zatlary, ýoýmaga ýol açyp goýdy. Kuranyň 3:7 aýatynda Beýik Ýaradyjy Kuranda göçme nanyly we gönümel manyly aýatlaryň bardygyny aýdýar. Göçme manyly aýatlara, elmydama egri ýürekli adamlar ýapyşýarlar we ol aýatlary öz ýüreginiň garasyna görä ýoýýarlar. Netijede göräýmäne şol bir kitap bolsada, bir adamlary ýoldan çykarýar, başga bir adamlary bolsa ýola salýar. Onsoň şu ýerde bir sorag döreýär, nädip diniň çeşmesi (Kuran) bir bolsada, diniň görnüşleri (sektalary) kän? Jogap ýönekeý we ýokardaky aýatda, Kuranyň göçme manyly sürelerini alýarlarda, olary syýasata we öz ýürekleriniň garalaryna görä ýoýýarlar. Şeýdip hem wahhabizim ýaly ters akymlar döreýär. Wahabbizm aýratyn tema, ýöne barybir gysgaça agzap geçeýin. Wahabizm bilen meň tanş bolşuma görä, bu men-menligiň dini. Özüni başga adamlardan beýik saýýan adamlar, ellerine Kuran alsalar, olardan wahhabistlar emele gelýär. Wahabizm bu araplaryň resmi dini we araplar özlerini başga musulman halklardan beýikde tutýarlar we muňa Kuranyň göçme manydaky aýatlary ýol açýar. Wahabizm men-menlikde gurulany sebäpli, ol dine köplenç ýaşlar baş goşýarlar we näme bilen iş çalşýandyklaryna düşünenoklar. Wahabizm şeýle diýýär:

–Başga musulmanlaryň ählisi kapyr, diňe sen hakyky musulman, sebäbi kapyr diýmek bu Hudaýa boýun egmeýän adam diýmek.

Eger seň aýalyň ýüzi örtülgi (nikaply) däl bolsa, diýmek sen kapyr bolýaň, seň özüň bolsa 5 wagtyna namaz oka, dogry ýol bilen ýöre, ýöne Allahyň ýekeje aýdan zadyny ýerine ýetirmeseň, sen eýýäm kapyr. Daş töwerekdäki ähli kişi senden pes diýen ideýa, esasanda ýaş oglanlaryň gulaklaryna hoş ýakýar we wahabizm öz hatarlaryna köplenç entek akly goýalmadyk oglanlary çekýär. Ondan başga wahabizmyň iň esasy alamaty, bu imperýalizm. Imperýalizm bolanda, bu edil imperýa ýaly giňemäge bolan ymtylyş. Mysal üçin imperýalizm şu wagt ruslara mahsus, ruslar mydama giňemäň ugrynda, elmydama öz propagandasyny ýaýradýarlar we goňşy ýurtlary basyp almaga ymtylýarlar. Wahabizm hem edil şolar ýaly, elmydama goňşy ýurtlary basyp almaga ymtylýar. Şu ýerde wahabizmy, şaý-musulmanlaryň akymy bilen deňeşdirseň bar zat düşnükli bolýar. Biziň gapdalmyzda Eýran doganlarymyz otyr we olar şaý musulmanlar bolup durýar. Ýöne olarda imperýalizm diýen zat ýok, siz haçan şaýlaryň dinini ýaýratmaga synanşýan adam gördüňiz? Men-ä hiç haçan. Wähabizm bolsa oň tersine, täzeden täze ýerleri basyp almaga synanşýar, ýöne ýokarda aýdyşym ýaly, wahabizm özüni başga adamlardan beýik tutýan adamlaryň Kurany okap gelen netijesinde dörän akym we hiç hili gowluga eltenok. Görşümiz ýaly Beýik Ýaradyjy dogry ýoldan çykmak üçin, ähli mümkünçilikleri açyp goýdy. Göräýmäne Kerimi Kuran, islendik adama okamaga berseň dogry ýola düşüräýjek ýaly, ýöne ol Kitap hem her bir okuýjyň ýüregine görä tans edip başlaýar, ýüregiň gara bolsa ýoldan çykarýar, ýüregiň ak bolsa ýola salýar. Mysal üçin aýdaly Kerimi Kurana görä Hristýan halklaryny hem Yslam halklary diýip kabul etmeli bolýar. Ýöne Hristýanlary näme üçin özümize deňemeli diýip musulmanlar howsala düşýärlerler we Kerimi Kurany şeýleräk äheňde kabul edip başlaýarlar: –Plan süräň okamazdan, birinji oň tesfiri okap görüň, tesfirsiz hiç bir süräni kabul etmäň. Süräň haýsy ýagdaýda gelenine üns beriň, haýsy soragy çözmek üçin gelipdir we Kuranyň käbir süreleri bir biriniň hökümini gaçyrýar. Eger Kerimi Kurany milletparaz arap wahabist alymlarynyň tesfirlerniň üsti bilen okasaň, onda sen Kurany okaňok we bir azaşanyň yzy bilen seň özüň hem azaşyp gidýäň. Kuranyň süreleri tä ahyrzaman günine çenli ugradyldy, ol süreleri diňe bir Muhammet Pygamberiň ýaşan döwrüne baglamak dogry däl. Ýöne ýüregi egri adamlar Kurany öz syýasatyna görä ulanmak üçin, islendik süräň güýjini gaçyryp bilýärler. Ýene bir gabat gelýän hadysa bir biriniň güýjini gaçyrýan süreler. Mysal üçin Kuranyň 2: 62 süresinde, Beýik Ýaradyjy gowy işleri eden Hristýanlara we Ýahudalara gowy garajakdygyny aýdýar, elbetde olar Hudaýyň birdigine ynansalar. Ýöne beýle hadysa ýürekleri men-menlige ýugurlan musulmanlara ýaranok, nädip Hudaý kapyrlara gowy göz bilen garap biler? Eger şeýle sorag bilen internede ýüzlenseň we Kuranyň tesfirini gözleseň. 3: 85 aýatda Yslam dininden başga dini gözleýänleriň dowzaha düşjekdigi aýdylýar we Kuranyň tesfirçileri şol aýady öz ýüreklerine görä ýoýarlar we 3: 85 aýat, 2: 62 aýatyň hökümini gaçyrdy diýýärler. Eýsem Beýik Ýaradyjy başda bir zat gürläp, soň öz sözüni yzyna alýarmy? Hristýanlary we Ýahudalary Yslam dini diýip kabul edeniňden, Hudaýy iki gepli diýip kabul edeniň aňsat düşýär. Yslam diýmek Hudaýa boýun bolan diýmegi aňladýar, ondan artykmaç zat däl. Eger Hristýanlar Ysa pygamberi Hudaý diýip hasap edýär diýseňiz, ol hem ýalňyş. Köçelerde adamlardan geçirilýän soraglara görä, hristýanlaryň özleri, Ysany Hudaýyň pygamberi diýip hasap edýärler we Hudaýa edil meň ýüzlenşim ýaly «Beýik Ýaradyjy» ýa-da «Ähli zatdan Beýik» diýip ýüzlenýärler. Ysa Pygamber hudaýyň özi diýen pikiri, duşman propagandasy girizjek bolýar. Wagtyň geçmegi bilen hökümi gaçýan süreler we diňe Muhammet pygamberiň ýaşan döwründäki süreler barada aýdamda şeýleräk bir pikir bar. Kerimi Kuranyň özünde Beýik Ýaradyjy Muhammet Pygamberi unudylan süreler barada gynanma, men oň ýerine deň derejede ýa-da has gowy süre ugratjak diýýär. Eýsem Beýik Ýaradyjy näme üçin süre ugradýar we ony unutdyrýar we oň ýerine täze süre ugradýar? Jogap ýönekeý, ýatdan çykan süreler diňe Muhammet Pygamberiň ýaşaň döwründe hökmi bolan süreler we soň gerek däldigi sebäpli unytmaga mežbur edilen. Kerimi Kurandaky şu wagtky süreleriň güýji bolsa Kyýamat gününe çenli öz hökmüni ýitirmeli däl.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *