Kiçijik kaktus (oýlanma)
Meň kiçijik Kaktusym bar, ol gürläp bilýär, hawa hawa, hakykatdanam gürleýär. Edil adam ýaly gürleýär. Eger otagymda hiç kim ýok bolsa, ol aýnaň öňünde duran ýerinden yzyny üzmän gürleýär. Şol gürläp otyr, gürläp otyr. Özem dünýede hem-me zady bilýär. A men geň galýan, doglup meň otagymdan başga ýeri görmedik Kaktus nirden beýle köp bilýär? Men aglasam ol köşeşdirýär, kämahallar bolsa, özi meni agladýar. Kaktuslar gödek bolýarlar, hawa hawa, siz bilýän dälsiňiz? Dikenli ösümlikleriň ählisi gödek bolýar. Mysal üçin Bägülleri aýdaly, dikenli gödek, ýöne owadan gülleri bar. Kaktus welin diňe gödek, we başga hiç zady ýok. Kaktuslar hem gülleýämiş ýöne gaty seýrek diýýärler. Meň Kaktusym hem güllemegi söz berýär, ýöne ömründe birje gezek.
–Ine görersiň men güllärin we sen aglamagyňy goýarsyň, –diýýär meň Kaktusym.
Ol köp zat diýýär. Ýöne haçan güllär meň Kaktusym? Haçan meň ýüregim güllär? Meň arzuwlarymyň üstünden gülýär kiçijik Kaktus, we diýýär:
–Men güllemesem seň ýüregiň güllemez, sen entegem düşünmediňmi samsyjak, biz bagly. Seň ýüregiň we men bagly. Seň ýüregiň hem edil men ýaly dikenli Kaktus. Ýöne seň ýüregiň mydama Kaktus däldi, seň ýüregiň bir döwürler Bägüldi.
Bu sözler üçin men ony kölege düşýän penjirä geçirýän. Kaktuslar güni halaýarlar, kölegäni halanoklar. Dymýar onsoň kiçijik Kaktus, ençeme wagytlap. Soň ýüregimiň içindäki Kaktus gürläp başlaýar, has dogrysy gürlänok, sanjyp başlaýar, öz awuly dikenlerni, sünjýär ýüregmiň içinden. Penjirede duran kiçijik Kaktus sessizje gülýär. Men bilýän oň näme diýýip gülýänini. Maňa erbet bolsa seň ýüregiňdäki Kaktusada erbet, biz bagly sen unutdyňmy? Ol dogry aýdýar, hakykatdanam olar bagly. Menden soraşman olar bir eýýäm bagly. Kiçijik hem samsyjak kaktus, ine meň ýüregim güllär we otagymdan ömürlik gitmeli bolaryn, şonde seni alyp gitmerin ýanym bilen, seň boş lakylyňy kim diňlär onsoň? Sen ýalňyz galarsyň. Men sozlerime kiçijik kaktus kikirdeýär, we diýýär:
–Men hakykatda seň penjiräň öňünde ýok, diňe seň ajaýyp gözleriňe görünýän, men ýüzlerçe kilometr bu ýerlerden uzaklykda, a meň sen baradaky pikirlem, meň dikenlem, ýarýar aramyzdaky güňişligi we seň ýüregiňe sünjülýär. Taşlarsyň sen bu otagy we meni, ýöne meň dekenlem, seni barybir yzarlap tapar we ýüregiňe täze güýç bilen sünjüler, sebäbi men kiçijik Kaktus.
Ol meni ýene aglatdy zalym Kaktus, öz dikenli sözleri bilen aglatdy. Men bilýän oň hakykatda näme diýänini, men bilýän oň hakykatda kimdigini.
–Ol seni ýatlaýar, –diýýär Kaktus, ulydan demini alyp. –Meni saňa sowgat beren oglan seni ýatlaýar. Oň ýatlamalary meň dikenlem, meň dikenlem seň ýüregiň awusy, ýüregiň awusy seň durmuşyň awysy.
Men ýene aglaýan alaçsyzlykdan. Otyr meň penjirämde kiçijik Kaktus, men oňa seredýän, men oňa suw berýän we kölegeden bukýan, güne çykarýan. Ol bolsa ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşen bir oglana gulluk edýär. Zyňsadym seni penjireden aşak ykbalyň penjesine, ýöne seni zyňanym bilen ýüregme batan dikenleri aýyryp bilmeýän. Kikirdeýär kiçijik Kaktus, ol meň öýümdäki içaly, ol meň pikirlemi öz eýesine ýetirýär. Oň eýesi meň göz ýaşlaryma begenýär, men oňy bilýän, men gynanamda kaktusjyk elmydama syrly ýylgyrýar, diýmek bir ýerlerde alyslarda, oň eýesi hem ýylgyrýar. Samsyjak kaktus, aýt öz eýäňe, goý taşlasyn ol men hakda pikirlerini, göýbersin ol meni öz ýesirliginden, diýýän men. Kaktus bolsa şol bada oýlanman jogap berýär:
–Seň özüň samsyjak kaktus, ösüp utyrsyň sen bir golçajykda, penjiräň öňünde, ýüzlerçe kilometr mundan daşlykda, seni goýdular kölegeli penjirede, şoň üçin seň ýüregiň hem güllänok. Seň ýüregiň güllänini men islämok. Seň baky betbagyt bolanyňy isleýän, otur şu otagda baky, tä men gelinçäm we geçir meni kölegä bu sözlerim üçin, –diýýär zalym Kaktus.
Men bilýän, meň kaktusym maňa hiç haçan beýle sözleri diýmezdi, bu sözler, ýüzlerçe kilometr daşlykda oturan oglanyň sözleri. Öwürüldi ol oglanyň ýüregi kaktusa, yz ýanyndan özü hem öwrüldi, öwrüldi oň pikirleri kaktusa, yzy bilen meň durmuşymy öwürdi bir ulakan kaktusa.
Rahman Zulfikarow
2016 ýyl