|

Hudaýyň düwen dügünini kim çözsün?

 

Hemişe aýdyşym ýaly, özüm barada aýtmagy känbir halamok, onsoň hem aýtjak zatlarym has içgin bolansoň, mesele beter kynlaşýar. Ýöne meň bu ýerlerde anonim ýagdaýda otyryn we meň şahsyýetin entek men diri wagtym anyklanylar öýdemok, şol sebäpden azajyk artykmaç zatlary hem gürläp bilýän. Sorag nämede, sorag meň özüme baky ýan-ýoldaş tapyşymda. Aýalymy men öňler tanamokdym we hiç ýerde görmändim, hemme kişilerde bolşy ýaly, biz halaşamzokdyk we söýüşemzokdyk. Ony bir ýerlerden meň ejem tapdy we meni duşuşmaga ugratdy. Men aýalymy birinji gezek görenimden halamadym, birje gram hem halamadym, öýe baryp ejeme ol gyz gerek däl diýeýin diýdim. Ýöne aýalym maňa görä has duýgur bolan bolmaly we özüniň geljekgi ýoldaşyny görýänini bilen bolmaly? Käbir aýallar diýýärä, ýoldaşym bilen birinji gezek duşuşamda şol bada düşündim öz ýoldaşymy görýänimi diýip. Garaz aýalym şol ýerde meň telefon nomerimi sorady we men ejizlik edip öz nomerimi berdim. Soň welin ömrümde iň samsyk zatlary etdim öýdýän? Aýalymyň göwnüni ýykmaýyn diýip oňa öýlenmäge razy boldym, hakykatda bolsa ony birjede halamadym. Men gyzyň göwnüne ýaradym, ol meň telefon nomermi sorady, häzir men öýe baryp, ejeme ol gyz gerek däl diýsem, ol gyzyň göwni ýykylar diýen pikirden hereket edip başladym. Hakykatda bolsa men özüm näme edýänimi doly düşünmän, öz geljekgi aýalymyň göwnüni aýap ýörün, hamala dünýe döräp ol gyz eýýäm meň aýalym ýaly? Ýat gyzyň göwnüni aýap ýorün, ýöne öz göwnümi ýykýan. Soň gudaçylyk öz güýjüne geçdi we başga bolmaly däp dessurlar bolup başlady. Gyz bilen görüşenime bir hepde ýaly wagt geçeninden soň, meň pikirlerimde bir zat üýtgedi, men ejeme ol gyz gerek däl diýdim. Ýöne garyndaşlaryň ählis üýşdilerde indi yza ýol ýok diýip meni yrdylar. Soňundan hemişe bolmaly zat-geçdi diýip atlandyrylýan proses başlady we bu gezek ejemiň kellesi üýtgedi, bu gezek meň ejem gyz gerek däl diýip tutduryp başlady. Ýeri gelende aýtsam, biziň toýumuza 3 gün galanda, meň ejem gaýnymlara baryp, bize seň gyzyň gerek däl, meň size ýalňyşyp gudaçylyga geldim, meň başym aýlanyp näme işläp ýörenimi bilemokdym diýýär. Şeýle sözlerden soň nädip meň ykbalymyň dogry ýola düşenini men şu wagyda çenli hem doly düşünemok. Belkem kakamyň aýal doganlary ara goşulyp ejemiň eden zatlaryny düzedendirler, men anyk ýadymda hem ýok. Nähili bolsada toý boldy we men şu güne çenli aýalym bilen bile ýaşap ýörün. Toýuň yz ýanyndan meň göwnümde ters pikirler bardy, men hamala sulhum almaýan gyz bilen ýaşaşýan ýaly? Ýöne Beýik Allah bu soragda hem öz nokadyny hem goýdy. Öýlenenime ýarym ýyl bolanda, meň durmuşumda Maýa atly owadan bir gyz peýda boldy, edil meň göwnüme ýaraýan gyz. Ýüz keşbi we bedeni, gürleýşi we özüni alyp barşy, ýekeje kem ýeri gyz Maýady. Bilemok näme üçin ters ýoldan barýan gyzlaryň ählisi Maýa ady götermegi gowy görýärler? Bolýa, gep gyzyň adynda däl, gep başga zatda. Maýa bilen men, iň soňunda bir ýassygy paýlaşmaly bolduk, ýöne birinji we iň soňky gezek. Şonda men bir zada berk düşündim, hiç bir Maýa meň aýalym bilen deňeşip biljek däl eken. Duşuşykdan meň hiç hili lezzet almadym. Men sulhum almaýan aýal bilen günde ýatýan diýen ters pikirleri, Beýik Allaha şeýle usul bilen meň ýüregimden ýuwup aýyrdy. Ähli zat deňeşdirmede aýan bolýa diýilýärmi?

Ençeme ýyllaryň geçmegi bilen yzyňa seretseň köp zatlara düşünýäň. Eger dünýädäki bolup geçýän zatlaryň ählisini Beýik Allah dolandyrmaýan bolsa, men ýolum, aýalymyň ýoly bilen hiç wagt kesişmezdi, biz ikimiz dürli dünýälerden. Ýöne Allahyň düwen düwünini kim çözüp biler? Eger Hudaý adamlary çatmak islese, kim oňa garşylyk görkezip biler? Men hatda Allah meni näme üçin şeýle aýal bilen çatanyny hem düşünýän, ýöne bu temaň çäginde gürrüň beresim gelenok.

ş. Aşgabat 20.08.2025 ý

Rahman Zulfikarow

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *