Gyz paýlanşygy
Adaty adamlary nähili soraglar binjalyk edýär diýsene? Ertir näme bolar, nirden pul tapmaly, jaý maşyn we çagalar. Men welin adaty adam däl öýdýän we meni diýseň geň soraglar binjalyk edýär. Hawa, adaty adamyň gözleri bilen seretseň men aklyndan azaşan adam bolmagym ähtimal? Has dogrusy adaty hakykat bilen ähli baglanşyklary ýitiren adam. Ine onsoň hakykatdan azaşan adam nähili soraglar berýär: Oglanlaryň nokadyndan alaňda her bir oglanyň durmuşda halaýan gyzy bolýar. Bu dünýä gelip, bir gyzy gowy görmän ölen oglan bardyr öýdemok. Ýöne köplenç bolşy ýaly, öz halaýan gyzyňa ýetip bolanok we armanly ölmeli bolýar. Gynansakda ölüm diýen zat hem diňe ýaşaýşyň birinji basgançagy, ölümden aňarda hem ýol diýseň uzak. Hudaý bolsa öz Kitabynda “Sen bagytly bolar ýaly, Menden ähli zat geler” diýýär. Diýmek ol dünýäde, jennetde ýa-da dowzahda biz bagytly bolar ýaly Hudaý biziň entek zeminde göwnümize ýaran gyzy bermeli bolýar? Birden gyz diýseň owadan bolup, ony halan oglan kän bolsa näme? Gyz ýeke we ony dileýän oglan kän, Hudaý bolsa öz Kitabynda söz berdi ähliňi bagytly etjek diýip. Onsoň şeýle meseläň çözgüdi nirede? Elbetde Hudaý gyzyň bir näçe nusgasyny döredip, ony talap edýän oglanlara paýlap bilerdi diýseň hem bolar, ýöne mysal üçin maňa, beýle çözgüt ýaranok. Men eksklýuziw gyzyň eýesi bolasym gelýär, goý ol ýeke täk nusgada bolsun we diňe meňki bolsun. Şu sorag meň kellämde diýseň köp wagt aýlandy we men çynym bilen oň jogabyna garaşdym, ýok, jogabyny gözlemedim, haçan Hudaý maňa düşündürerkä diýip garaşdym. Iň soňundada Ol düşündirdi. Soragyň jogaby hemişe bolşy ýaly şol köne Jadyly Kitapda. Biz gyzy ölümden soň soramakçy bolýas-a, ölümden soň bolsa entek ýol diýseň uzak, öňümizde Beýik Kyýamat bilen beýik Kazyýet garaşyp dur. Onsoň şeýle agyr günlerde hiç bir adamyň ýadyna gyz düşmeli däl. Ol güni iň soňky ýadyňa düşjek zat, bir mahallar söýen gyzyň bolmaly. Kyýamat güni iň gowy dostalar duşmana öwrülmeli, ata bilen ogul birek biregiň ýakasyndan tutmaly. Şol agyr gün Allah, dogan garyndaşlyk duýgularyň ählisini öçürmeli, öz kakaň bilen ejeň bolsada, öz hakyňy arkaýyn sorap biler ýaly. Ýakyn garyndaşlardan kim dowzaha gitmeli bolsada, oňa gynanmaz ýaly. Käbir adamlar bolsa, öz janyny dowzahdan halas etmek üçin, öz çagalaryny we ýakyn garyndaşlaryny bermäge razy bolarlar ýa-da teklip ederler diýilýär? Garaz hiç bir adamy oň öz janyndan başga hiç zat alada goýmaz. Haýsam bolsa zeminleriň birinde bir mahallar göwnüme ýaran gyz diýýäňizmi? Eger şol gyz bilen töläp bolýan bolsa meň janymy gutaryň we meň ýerime şol gyzy alyň diýer seň ýüregiň. Kimde kim Jorş Oruweliň kitabyny okap gören bolsa, ol kitabyň ady 1984 şol kitapda baş gahryman gynamlardan gorkup meň ýerime şol gyzy alyň diýip gygyrýar. Şol gyz diýip öz söýgülsüne diýýär. Gyza dönüklik etmezinden öň bolsa, meni näçe gynasaňyz hem, meň ýüregimden gyza bolan söýgüni aýryp bilmersiňiz diýýär. Kyýamat güni her bir adam, şeýle bir ýagdaýa barmaly, haçanda ony öz janyndan başga hiç bir zat gyzyklandyrmaly däl. Ýöne şeýle halda hem, adam öz janyndan başda kimdir biri bilen gyzyklanaýsa, mysal üçin planetalaryň bizinde bir gyza sataşypdym we ol meň göwnüme ýarapdy we şony bir zat edip şu ýere çykaryp bolmazmyka diýäýse? Gyz örän owadan bolup, ony 100 oglan söýen bolsada, gyzy iň soňunda diňe çyny bilen Hudaýa ynanýan we ondan gorkýan adam alar, sebäbi Hudaýa ynanmaýan adam, agyr günler düşende öz janyndan başga hiç zat soramaz, gaýtam oň tersine, Jorş Oruweliň 1984 kitabynyň gahrymany ýaly, meň ýerime gyzy alyň diýip gygyrar.