Gurt bilen tanşlyk

Salam. Şu gezek azajyk «çuňyrak» zat ýazasym gelýär. Öň ýüzleýje ýazýardym, wagyt almaýyn diýip, indi has «podrobny» we ikiden kän personažly zat ýazasym gelýär. Aşakdaky ýöne bir kijijek bölüm ýaly zat. Has dogrysy «gahrymanlaryň» biri. Ýenede mistika we ş.m. temada.
(Aýal gyzlar, ýenede azajyk çyzykdan çykdym we hemişe agzalmaýan zatlary agzadym. Ýöne şolar bolmasa bolanok. Bagyşlaň).

Gurt Möjekow Börüýewiç.

Oň boýu uzyn, inçe hor oglan. Aýagynda gara köwüş, egninde gara kastýum, gara balak. Köýnegi ak, galstugy gyzyl we joraby gyzyl. Saçlary kirpi we daralmadyk, asla beýle saçy darap bolanok. Men mekdepde okaýakan wagtym saçym şeýledi. Çep golunda sagat bar. Köne döwürlerde harbylara berilýän sagat. Ýalňyşmasam ikinji jahan urşyna degişli kinolarda serkerdeleň elinde görýärdim şeýle sagady. Eliniň aýasynyň ýeňse tarapynda uly gara möýüň şekili çekilen. Gara syýa bilen uly möýüň şekili «nakolka» edilen. Ýaş Türkmen oglan, nirde beýle nakolkany goýduryp ýetişdikä? Ýa-da suratmyka? Möýiň şekilini hemişe türmelerde ogrulara goýýarlar. Sag eliniň aýasynyň ters tarapynda kerebiň şekili çekilen. Bir elinde möý, beýleki elinde möýüň kerebi. Telefony ýok, ýada çykaranok. Elinde zynjyrjyga dakylan hoz bar. Zynjyryň ujyna bir zat edip hakyky hozy kleýläpdir. Mümkin hoz hakyly däldir, diňe bezeg üçin plasmasdyr, men ony anyk bilemok. Geleni bäri penjiräň öňünden aýrylmady. Şol elinde zynjyra dakylan hozy pyrlap otyr. Adyny Gurt diýip tanşdyrdylar. Gaty seýrek at. Meň entek Gurt atly tanşym ýok. Ýöne famylýasy ondanam geň. Mojekow Gurt Börüýewiç. Hamala özü saýlap alan ýaly şol Ady we Familýany. Kakasynyň adam Börü. Meň bilşime görä ol adam möjek diýmegi aňladýar. Bir ýaş oglan üçin köpüräk dälmi möjekler? Ýöne iň geň zat bize günüň ahyrynda garaşýady. Sagat giçlik bäş bolmaka işgärler bölüminden gyz gelerde Gurdy alyp gider we az salymdan ol yzyna geler. Ýene az salymdan bölümde gep ýaýrap ugrar, hamala Gurdyň doglan ýyly pasportyna görä 1948 ýylyň 6-njy Oktýabry. Howa howa, Aşgabatda ýer titrän güni. Oglan bolsa 1992 ýa-da 1994 ýyl meňzeýär. Elbetde pasportdaky maglumat ýalňyşlyk. Ýöne bir adam üçin öräm köp dälmi gabat gelme? Men synçy adam, şoň üçin göni düşünýän bir zadyň gabat gelmeýänini. Şul oglan bilen bir zatlara gabat gelenok. Ol entek bize öz dişjagazlaryny görkezermikä diýýän.
Gürlänok, şol penjireden daşaryk seredip otyr. Näme söz gatjagymy özümem bilemok. Beýdip uzakly gün dymyp bolmaz, bir zatlar kimdir bolsa biri gürlemeli, bolmasa bu dymyşlyk meň ýüregime düşüp ugrady. Golaýdaky Metjitden azan sesi eşidilende Gurt aýnadan ýüzüni öwürip maňa sorag berdi.
Sen Hudaýa ynanýaňmy? Men oň soragyny bir bada eşidip ýetişmän täzeden soradym, ol soragyny gaýtalady.
-Sen Hudaýa ynanýaňmy?
-Howa, diýdim men azajyk pikirlenip.
-A men ynanamok.
-Ateist bolýaňmy sen?
-Ýok, men Ateist däl, meň Hudaýym başga, diýdi ol. Kimkä oň Hudaýy? Elbetde sen ýaly geň oglanda, geň Hudaýam bolaýmaly diýip pikirlendim meň. Meň pikirlem dogry bolup çykdy.
Meň Hudaýym «Möý» diýdi Gurt, we zynjyra baglanan hozy maňa görkezdi. Mem bir bada düşünmedim. Ol dowam etdi. Meň Hudaýym çölleriň möýi «Garagurt», iň zäherli möý. Inä ol şuň içinde diýip hozy ýene bir gezek maňa somlady.
-Hozyň içinde möý barmy diýip men birhili bolup soradym.
-Howa, men hozyň gabygyny seresap açyp, içinden magzy çykaryp, Garagurt möýüň urkaçysyny diriligne salyp hozyň gabygyny kleýledim. Indi daşyndan göräýmäne hoz, ýöne içinde magza derek uly möý bar.
-Möý entek dirimi?
-Howa diri, gulagyňa tutyp gör, gymyldaýar.
-Ýok gerekdäl. Sen näme üçim möýi beýtdiň?
-Hääää, aýtdyma meň Hudaýym Möý diýip. Hozyň içindäki Möý öz kerepleri bilen meň durmuşymda peýdaly baglanşyklary döredýär. Meň işlem ugryna bolar ýaly ol elinden gelenini edýär. Elbetde men ony irde giçde göýberer diýip umyt edýär. Ýöne ol bilenok men ony hiç haçan hozyň gabygyndan göýbermerin.
-Sen şol Hozuň içindäki Möý Hudaýdyr öýdýäňmi?
-Elbetde ýok, hozyň içindäki Ene Möýüň ilçisi. Ene möý bolsa Hakyky Hudaý.
-Birinji gezek eşidýäm şeýle diniň bardygyny.
-Elbetde, biz birinji gezek duşýasa.
-Sen diýjek bolýanyň bu dine diňe sen ynanýaňmy?
-Howa, bu dini meň özüm oýlap tapdym. Şoň üçin menden başga ynanýan ýok.
Sen gürlemedik bolsaň gowy bordy diýip pikir etdim men. Däli diýerdim men saňa eger geýinşiň başgaça bolan bolsa, ýöne seň geýinşiň gaty «jalaý». Onsoňam kim sen eli Möýli geň oglan? Hakykata gabat gelýän zatlardan sende näme bar?

Düýn bize işe täze gelen oglanjygy gördüňizmi diýdi kellesi ýalykly we Türkmen balakly gelin. Howa diýip iki sany söhbetdeşleri gollady. Menä elindäki «nakolkalary» geň gördim diýdi kellesi ýalykly ýöne balaksyz gelin. Üçinji oturan gyz hiç zat gürlemedi. Oň resminamalary ýalňyş diýdi ýalykly we balakly gelin. 1948-nji ýylda doguldy diýip dur. Ynanar ýaly däl. Öň özi geň diýdi ýeketäk gyz. Men görenimden göni duýdym. Bir hili suratly žurnalda düşen ýalylaý, hakyky adam däl ýaly. Sen gowy gören bolaýma agyz, diýdi balaksyz gelin. Ýokla diýdi gyz. Men olar ýaly jalaýlar bilen iş çalşamok. Nakolkalary ne-bela gyz, türmede oturyp gelen ýaly? Nämede bolsa oglanjyk gowja, meň ýurjyma meňzeýär, ol şu wagyt gullykda diýdi balakly we ýalykly gelin. Ýurjyň gulykdan gelse şu gyz bilen tanyş etsene diýdi balaksyz gelin we güldi. Size men iş bolaýanda diýdi gyz we gaharlandy. Sen nämä gaharlanýaň diýdi balaksyz gelin. Gaharlansam men gaharlanmaly, düýn agşam duýdansyz «bilim gelip» başlady. Wagty dälem bolsa. Durla durla, meňkem şeýle, düýn agşam gelip başlady diýdi balakly gelin. 10 gün boldy gelip bolanna, ýöne düýn agşam ýene täzeden geldi. Meňkem şeýle diýdi gyz we geň galdy. Näme düýn agşam üçimiziňem bilimiz gelip ugradymy diýdi balaksyz gelin. Üçimiziňem wagtymyz dälmi? Gaty geň diýdi ýaş gyz. Beýle zatlar öz özünden bolanok. Intirnetde okap görmeli näme üçin beýle bolanyny. Ýöne gabat gelme bolaýmasyn diýdi balakly gelin. Ýok diýdi gyz. Men anyk bilemok ýöne düňki gelen täze oglanyň dahyly ýeri barmyka diýýän. Ol nädip dahylly bolsun diýdi balakly gelin. Bilemok, ýöne ýüregim syzýar şol oglanjyk biziň üçimize täsir etdi diýdi gyz we iki gelini gorkuzdy.

Rahman Zulfikarow

2015 ý

Awtordan: Bu hekaýa «Bäşinji şäher» atly bir ulyrak zadyn bir bölegi bolmalydy, ýöne hemişe bolşy ýaly soňuna çenli ýazylmady. Dini taryhdan belli bolşy ýaly, geçmişde 4 sany şäher jynsy azgynçylyk zerarly weýran edildi. Men bolsa jynsy azgynçylyk zerarly weýran edilen 5-nji şäher barada ýazjakdym, ýöne özüme çenden uly baha berdim. Oturup bir zat ýazmak örän kyn zähmet eken…

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *