Garagum kanaly (oýlanma)

Men ýene-de awtobuzdan öýden daşda düşdim, iki duralga daşda. Howa Güýz aýlarydy, sagat giçlik 8-de eýýäm garaňky. Öýe çenli pyýada ýöremeli, öýe bolsa öler ýaly barasym gelenokdy. Öýde aýalym çaglarym, hemişe pul ýetenok, hemişe iýmäge zat ýok. Öý hem meňki däl, men ol ýerde wagytlaýyn ýaşaýan. Öýe barýan ýol, eger ol ýerik öý diýseň bolýan bolsa, Garagum kanalyň ugryna görä ýatyrdy. Men duralgadan öýe tarap ýöreýän, sag tarapymda bolsa Garagum kanaly akýar, geň galmaly zat, kanalyň akýan ugry hem meň öýime tarap. Her gezek işden soň men öýe çenli pyýada ýöreýän. Ýöreýän we älem jahanda adam ykbalyna jogap berip biljek bir zat bar bolsa gargaýan. Allahdan başlap Perişdeler bilen, enem atama çenli. Elbetde beýle etmek gowy däl, ony özimem bilýän, ýöne şol wagytlar meň ahlak ýagdaýym şeýledi. Kuranyň bir süresini gaýtalaýardym we oň awtoryna gargaýardym, goý ol awtor meni bagyşlasyn. Şol wagytlar men Kuran bilen gyzyklanyp başladym. Şol wagyt meň ýaramaz sözlerim ejemiň aýagyny döwdi, yz ýanyndan gaýdyp gelip oglumy urdy. Maňa hiç zat bolmady.

Men gaçmaly diýen karara geldim, aýalym bilen çagalarymyň ýüzine seretmäge gaýrat galmady. Garagum kanalyň boýy bilen akyma tarap ýöremeli, hiç hili maksatsyz we hiç ýerik. Ýöne ýöremeli, näme bolsa şol bolsyn diýip. Ýöreme ýürege düşse suwa gark bolmaly. Ýöne ynsap göýbermejek bolýar, ynsap hem uzak çydaman, basyldy, meň özim basyldym.

—Gijäniň tümünden, gündiziň ýagtysyndan ant içýän. Men senden ýüz döndüremok, sen ýalňyş pikir etdiň. Allah seni taşlamady, ol seni halallyk üçin täzeden ýaratdi. Bu bolsa seň dünki emlägiňden gowy.

Bu Allaň aýdan sözleri, Keramatly Kurandan bu sözler, kime gyzykly bolsa. Ol menden ýüz döndürdi, nämeden ant içse içibersin, Kuranyň awtory meni taşlady, meni bar kişi taşlady. Has dogry aýdaňda men özim bar kişini taşladym. Eger Kerimi Kuranyň awtory meni taşlan bolsa, men aladasyz öz aýalym bilen çagalarymy taşlap bilýän. Ine meň pikirlem nähilidi. Şeýlede etdim.

Ýola jemlenmeli, nahar ýola almaly däl, suw näçe diýseň bar, men kanalyň boýy bilen ýöremekçi. Ýola iýmit näçe alsaňam ol irde giçde gutarar, şoň üçin maňa açlyk garaşýar, eger açlyk barybir düşjek bolsa, goý ol gaçyp giden günimiň birinji güni başlasyn. Ýola hiç zat almaly däl, diňe egnimdäki eşigim ýeterlik, men bir ýerlerde ýaşamak aladam ýok, hiç hili meýilem ýok. Suwyň boýy bilen ýöremeli we dünýede bar zada gargamaly. Iň soňunda hasrat belli derejä ýetensoň öz janyma kast eteli. Bolmasa göni gark bolmaga hasrat ýeterlik däl. Ýöne men bilemok özimi öldürmäge gurp ýeter ýaly näçe wagyt gerek bolar? Anyk bilýän zadym men iň soňunda öz janyma kast edip ölerin, bu meň ykbalym, men kiçiligimden arzuw edýän öz janyma kast etmegi.

Uzakly giýje iki çagamy gujaklap ýatdym, men bilýän olary iň soňky gezek görýän. Aýalymy elläsim gelmedi, ony men şu wagyt ýigrenýärdim. Hiç hili hoşlaşmadym, diňe gürlemän ýatdym. Ertir gün dogar, men işe çykyp giden ýaly edip, öýden çykyp giderin. Kakamyň öýden gidişi ýadyma düşdi, ol menden tapawutlylykda biz bilen hoşlaşypdy, bilemok kakamy nähili ýagdaýlar öýden gidmäge mežbur etdi? Kakam öýden giden wagty çagalardan diňe men agladym, galanlar entek kiçidi. Geň zat, men kakamyň hereketlerini gaýtalaýan, göräýmäne meň özim biläýmeli ýaly öýden kaka gitse çaga üçin nähili agyrdygyny, ýöne bilemok. Meň edýänim dünýede iň bigaýrat adamyň edäýjek zady, muşakatlary çözmegiň ýerine men olardan gaçýan. Bilemok meň, çagalarym bilen mensiz näme bolar, belkem olaryň aladasyny Kuranyň awtory eder, ol ant içdi ahyryn. Ýalan oň eden andy, men oň birje sözlerinede ynanamok;

Keramatly Kuran (Şäher süresi)

Seň ýaşaýan şäheriňden ant içýän.
Ene-atadan we oň neslinden ant içýän.
Men seni (adam) hasratlar üçin ýaratdym. Seni (adam) hiç kim ýeňmez diýip nädip pikir edip bilýäň?
Sen (adam) diýýäň; —Bar eden işlem üçin bir eýýäm haklaşdym.
Sen (adam) nädip pikir edip bilýäň, meni hiç kim görenok diýip?
Saňa göz bilen dili agzy men berdim.
Men seni (adam) iki beýiklige (haram bilen halala) çykardym.
Sen bolsa iki beýikligiň içinden Mert ýoly saýlamadyň, ol ýoly ýigrendiň.
Mertligiň nämedigni sen (adam) nirden biljek?
Mertlik gula erkinlik bermek, çörek dileýäne çörek, ýetimlere hossar çykmak. Garyba kömek etmek.
Şeýle adamlar maňa ynanýanlaryň içinde sabyrly bolar we sag tarapymda durar.
Meň çep tarapymda nyşanlarymda gaçýanlar durar we olaryň başyndan dowzagyň ody iner.

P/S: Terjime Hudaýdan öýkelän adamyň terjimesi we käbir sözler ters bolmagy ähtimal…

Rahman Zulfikarow

2014 ýyl güýz aýlar…

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *