Esgeriň hatlary
Esgeriň haty (1-nji hat)
Salam eje. Gowmy ýagdaýlaň. Otyrsyňmy sag aman? Iki ýylam indi tamamlanyp barýar. Bilemok öýde wagytyň nähili geçenini, ýöne bärde, harby gullykda wagyt başgaça geçýär. Görmeseň ynanmarsyň eje, hatda sagadyň dilem haýal aýlanýan ýaly. Şoň üçin men öýmize we seň ýanyňa howlygýan. Iki ýyl meň üçin ýigrimi ýyla öwrüldi, öýmize dolanjagyma ynanyp bilemok. Bizi ýene bir iki hepdeden göýberýärler. Hat ýazmasamam boljakdy, ýöne men saňa aýtjak zatlarym bar. Ýol ugry, öýe barmakam kakamy görüp geşşek. Oň ýaşaýan şäheri meň gullyk edýän ýerimden daşda däl. Kakaň bizi bir jelep üçin taşlady diýýärdiň hemişe. Goý ol jelep we kakam görsin meni, we göz ýetirsin, seň ýeke bolsaňam çaga ýetişdirip bilýäniňi. Kakamy görsem men ol barada bar pikir edýän zatlarymy ýüzine aýdaryn. Oň jelebinede aýtjak zatlarym kän. Men on ýaşymdakam bizi bir jelep üçin taşlan adamyň gözlerine seredesim gelýär. Goý ol meni görüp utansyn. Kakamy görsem bolan zatlary öýe baryp gürrüň bererin. Ýöne meň planlarym boş bolmagy mümkin. Eger kakamyň bize hat üsti bilen poçdadan pul ugradan salgysyndan göçen bolsa, men ony tapyp bilmän göni öýe bararyn. Hoş sag bol eje. Men bilýän sen meň hereketlerimi oňlaňok, ýöne barybir meň şeýdenimi isleýäň. Seň söýgüli esger oglyň.
30.04.2002 ý.
Esgeriň haty (2-nji hat)
Salam eje. Seň meni göresiň gelip gözleň ýolda galandyr. Meni bagyşla. Azajyk eglenmeli boldym. Edil aýdyşym ýaly kakamy görmäne sowuldym. Eje sen belki geň galarsyň ýöne kakam aradan çykypdyr geçen ýyl. Ýöne oň aýalyny gördüm. Ol maňa bar zady gürrüň berdi. Biz oňa biderek şunça ýyllap «jelep» diýip söwüpdiris. Ol örän akylly we sada aýal eken. Özi ýeke ýaşaýar. Şoň üçin meni myhman aldy. Men eýýäm oň öýünde üç gün bäri myhmançylykda. Ol saňa salam aýt diýdi we maňa kakaňa gaty meňzeş diýdi. Olaryň çagasy bolmandyr on ýyl bile ýaşasalaram. Bar zat edil seň gargaşyň ýaly eje. Ýenede bellemeli zat kakam bize kömek üçin ugradýan pullaryny öz erkine ugratmandyr. Oň beýle etmegine şu aýal sebäp bolupdyr. A sen geň galýadyň, kakaň gysganç halyna näme üçin bize kömek pul ugradýa diýip. Şoň üçin bu aýal meň pikirimçe ol diýen erbedem däl.
Men ertir ýola düşjek nesip bolsa. Belki ugradan hatymdan öň bararyn. Hoş gal eje. Kakamyň bir suratyny alyp bararyn ýadygärlik.
20.05.2002
Esgeriň haty (3-nji hat)
Eje sen meni bagyşla. Men entegem şol şäherde. Ugraýyn diýip durkam şol şäherden gullukdaş oglanlaň biri öýlenýän eken, toýunada iki hepde bar. Barmasaňam gaty görjek. Men pikir etdim Aşgabada baryp soň yzyma gaýdyp ýörenimden toýy görüp soň öýe arkaýyn baraýyn diýdim. Iki ýyl garaşypsyň, indi azajyk gaýrat et eje nesip bolsa bararyn. Men entegem şol aýallarda myhmançylykda. Oň ady Züleýha. Ol maňa daýza diýmän göni adymy tutyber diýdi. Garaz Züleýha gaty düşinjeli aýal. Pul meselesinde aladamy etme. Zulýha maňa pul bilen kömek edýär. Kakaň senden başga çagasy ýok, we oň bar gazanany seňki diýýär. Onsoňam men senden azajyk gaty görýän eje. Sen näne üçin maňa aýtmandyň Züleýha bilen kursdaşdygyňy we oň bilen joradygyňy. Sen şunça ýylkap ärimi elimden alan jelep diýip söwseňem ony ýakyn tanaýan ekeniň. Züleýhaň özi gürrüň berdi. Siz birinji kursdan bäri jora ekeniňiz we kakam birinji Zuleýha daýzany gowy görýän eken. A sen kakmy oň elinden alypsyň. Aý garaz mende sorag kän eje. Galanyny oýe baryp gürleşeris. Toýdan gowy suratlar alyp bararyn.
25.05.2002
Esgeriň haty (4-nji hat)
Eje toý diýseň hezil geçdi. Men entek Balkanyň toýuna gatnaşyp göremok. Onsoňom sen Züleýha hat ýazypsyň agzyňdan gelenini söwüp. Sen bar zady ters düşindiň. Sen meni biderek gabanýaň. Men barjak diýdimä, diýmek bararyn. Gullykdaş oglan azajyk eglenäý diýip haýyşt etdi. Toýdan soňam azajyk däp desurlary bar eken. Gelni gaýdyp gidinçä men bärde boljak. Alada etme, men şol Züleýhalarda. Ýagdaýlam gowy, ýetmizim ýok. Onsoňam gargap hat ýazmňy goýaýda eje. Geçeni geçdi bilmeli. Kakam hem göründe arkaýyn ýatar. Meni bolsa alada etme. Uly aýal bilen men ýaly ýaş oglanyň arasynda näme bolsyn diýsene. Ýola düşmäkäm hat ýazaryn. Gullukdaş oglan gelnini haçan ugradýanyny bileýin, şonde hem barjak günimi aýdaryn.
15.06.2002
Esgeriň haty (5-nji hat)
Eje men aşyk boldym öýdýän. Men entek hiç kimi söýmändim. Saňa aýtmasam başga maňa düşünjek ýakyn adamym ýok. Sen eýýäm düşinensiň men kimi söýenimi. Indi men düşindim kakamyň näme üçin Züleýhany söýýänini. Bu aýaly söýmezlik mümkin däl. Indi kakamyň näňe üçin bizi taşlanyny men düşinip ugradym. Sen meni bagyşla eje we düşünjek bol. Men kellämi ýitirdim. Meň ýüregim ikä bölünip barýar. Bir tarapda sen, ikinji tarapda seň joraň Züleýha. Men günde ertir ýola düşerin diýen pikir bilen ýaşaýan. Ýöne hiç gidip bilemok. Maňa gaty kyn eje. Sen maňa düşinmeseň başga düşinjek ýok. Gaýrat edip maňa gaharyň gelmeýänini aýdaýda. Bolmasa bärde meň içimk it ýyrtýar.
11.07.2002
Esgeriň haty (iň soňky hat)
Saňa iňsoňky gezek ýazýan eje. Men saňa beýle doň ýüreksiň öýtmändim. Seň Zuleýha gargap ýazan hatlaňy men okap gördim. Şol bir aýal meň durmuşymdaky iň esasy iki erkegi aldy diýip ýazypsyň. Bilýäňmi Züleýha bu babatda näme diýýär? Seň özüň günäkär we söýüp bileňok. Şoň üçin seni hemme kişi taşlaýar diýýär. Onsoňam sen kakamy allap oňa barypsyň. Maňa Züleýha köp zat gürrüň berdi. Siziň ýaşlygyňyz barada köp zady bilýän. Eger meni şu bolşym ýaly kabul edip bilmediňmi, diýmek sen maňa gerek däl. Kakama gargaşyň ýaly maňada gargada otyryber, sen diňe şony başarýaň. A men bolsa oz durmuşym bilen ýaşajak. Kakamyň ölmegenede sen günäkärmişiň, ony seň gargtçlaň ýitdi. Kakam meni görjek bolup kän gelipdir, a sen meni oňa görkezmänsiň. Maňa bolsa seni kakaň idänok diýip aýdýadyň hemişe. Men şunça wagytlap kör bolupdyryn. Kakaň seni öz ýanyna aljak boldy diýýä Züleýha. Meň betbagytlygyma sen günäkär. Saňa iň soňky gezek ýazýan. Eger göresiň gelse sen salgyny bilýäň. Biziň gapymyz seň üçin mydama açyk.
12.8.2002