Dogry ýol
Maňa bir oglan şeýle diýdi: –Kuranyň iň birinji süresinde, Kuranyň ähli manysy ýatyr, –diýdi. Başga sözler bilen aýdanda, Kuranyň 113 sany süresinde aýdylan ähli zatlaryň manysy, iň birinji sürä sygýar, birinji süre welin diýseň kelte süre. Oglan öz aýdan zatlaryna özi düşünenokdy we diňe bir ýerden eşden habaryny gaýtalaýardy. Men welin ol sözleriň manysynda köp wagtlap oýlandym, we wagtyň geçmegi bilen dogrydan hem ýagdaýyň şeýledigine göz ýetirdim. Kerimi Kuranda her tüýsli pikirler bar, mysal üçin 81-nji süräň soňky aýatlarynda şeýle diýilýär: Muhammet Pygamberiň aýtýan zatlary şeýtandan däl, Ol aklyndan azaşan däl, Ol diňe dogry ýola düşmek isleýänler üçin habar getirdi diýýär. Ýöne Allah islemese sizde dogry ýola düşmek islegi hem döremez diýýär. Täsin rebus şeýle dälmi? Allah saňa dogry ýola düş diýýär, ýöne Men islemesem sende isleg hem döremez diýýär.Kerimi Kuranda şuňa meňzeş söz aýlawlary kän gabat gelýär. Bir bada Kerimi Kurana düşünmek kynrak, sebäbi ol kitap adam aňyna dälde, adam kalbyna ýüzlenýär, biz bolsa ol kitaby aňymyz bilen düşünjek bolýas. Meň özüm Kerimi Kurany diýseň kän gezek okadym we entegem okamagymy dowam edýän, we her gezek ol kitap maňa täzeden açylýar. Onsoň şeýle kitapdan soň «men näme etmeli, men özümi nähili alyp barmaly» diýen sorag döreýär. Şeýle soragyň ýeketäk jogaby bolsa şol iň birinji sürede bar: –»Bizi dogry ýol bilen alyp git, azaşanlaryň ýoly bilen we Seň gazabyňa duçar bolanlaryň ýoly bilen alyp gitme». Hakykatdan hem Kerimi Kuranyň ähli manysy, seň hiç zat düşünmeýänligiňde we dogry ýola düşmek üçin diňe Allahyn zerurlugynda. Kerimi Kurany okap, akyllanyp, halal bilen halaly saýgarmagy öwrenip, öz Hudaýyň tanap, kämilleşäýjek ýaly bolup görünseňde. Tutuş kitabyň iň soňuna çykyp, sen ýene iň birinji sahypa dolanyp gelýäň, we iň başynda sowuk sala okan sözleriňe sataşýaň: «Bizi dogry ýol bilen alyp git». Indi ol sözleriň başga manysy bar ýaly bolup dur? Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Naçe köp okadygyňça, durmuşda hiç zat düşünmeýänligiňe göz ýetirýäň» Kerimi Kuran bilen hem şolar ýaly, näçe köp okadygynça, şonçada Allahyň goluna mätäçdigiňe göz ýetirýäň.