Doglan gün
Meň önüp ösen maşgalamda hiç haçan doglan gün diýen zat bellenenokdy, şeýle däp dessur bizde ýokdy. Şol sebäpden men hiç kimiň doglan günini bilemok. Ejem haçan doguldy, kakam we jigilem. Men şu güne çenli hem hiç kimiň haçan doglanyny bilemok. Öýlenip men bir zada göz ýetirdim, aýalymyň maşgalasynda ähli doglan günler bellenilýär, özem bir ýaşly çagadan başlap gaýyn atam bilen gaýyn enemiň doglan günine çenli. Elbetde şeýle tapawuda sataşyp, ýüregiňde azajygam bolsa nägilelik döreýär. Geçmişde bellenmän galan meň doglan günlerim hany diýip Hudaýa ýüzlenesiň gelýär. Ýöne biz örän adalatly Hudaýyň aýasynda ýaşaýas. Men 40 ýaşap yzyma garap bir zada göz ýetirdim. Görüp otursam meň durmuşymda bolan ähli gowy zatlary, Hudaý meň doglan günüme ugradýan eken. Aýalym bilen meň doglan günimde nikalaşdyk, jaý almak meselesinde bolan ähli gowy işler we gowy habarlar meň doglan günümde boldy. Şu aýdyp oturan zatlarymada men öz doglan günümde düşündim. Eger men kyýamat güni çaga wagtym maşgalada bellenilmedik doglan günler barada Hudaýa arz edäýsem, Ol hökman aýdar: –Men seni her ýyl doglan günüň bilen gutladym we seni ýatladym. Sen razy bolar ýaly bellenilmedik doglan günleriň ählisiniň öwezini doldum.
12.08.2025 ý
Rahman Zulfikarow