Çopan we Asman
–Men seni ölümden soň direlderin we hiç haçan gaýdyp ölmez ýaly ederin, –diýdi Asman
–Sen ähli kişini şeýle edersiň, diňe meni däl, –çopan başyny galdyrman jogap berdi.
–Men seň ähli günäleriňi geçerin we seni bagyşlaryn, –diýdi Asman.
–Men dünýä inip çopançylykdan başga gören zadym ýok, onsoň Sen meň haýsy günälerimi geçmekçi bolýaň? –Çopan ýenede başyny ýerden galdyrman jogap berdi.
–Men saňa Jennetden ýer bererin, ol ýerde sende sanap soňuna çykyp bolmaýan baýlyklar bolar, –diýdi Asman.
–Men eýýäm Jennetde, –diýdi çopan. –Çölüň çägesi meň üçin soňuna çykyp bolmajak baýlyk.
Şeýle jogapdan soň çopan çägäň ýüzünde bir zadyň keşbini çekip başlady.
–Men seni Jennetde eneň ataň bilen duşuraryn, –diýdi Asman, ýöne çopan bu habara hem başyny galdyrmady we jogap berdi:
–Sen maňa has ýakyn, –diýdi çopan, Seň ýakyn bolşyň ýaly, maňa enem bilen atam hem ýakyn däl.
–Onda men seni alym ederin we älem jahanyň ähli syryny saňa açaryn, –diýdi Asman.
Çopan ýene başyny galdyrman jogap berdi: –Ylymlaryň ählisi iň soňunda Saňa eltýär, men bolsa eýýäm seň ýanyňda, maňa beýle uzak ýol geçmek nämä gerek?
Asman az salym dymdy, hamala sada çopana näme teklip etjegini bilmeýän ýaly? Çopan bolsa çägän ýüzünde bir gyzyň keşbini çyzýardy. Iň soňunda keşp doly tamam bolanyndan soň Asman ýene seslendi.
–Men ol gyzy hem, seň bilen bilelikde direlderin, – diýdi asman.
–Ol gyz şu mahal hem diri, –Çopan ýene başyny galdyrman jogap berdi.
–Men ol gyzy täzeden ýaradaryn we seni söýer ýaly ederin, –diýdi Asman.
–Ol gyzy köp kişiler söýdi, –diýdi çopan, ýene başyny galdyrman.
–Men ol gyzy täzeden gyz edip ýaradaryn we arassalaryn. Ol gyzyň endamynda hiç bir oglanyň möhüri galmaz ýaly ederin, –diýdi Asman. Sen ol gyza her gezek bakaňda, hamala ony birinji gezek görýän ýaly täzeden aşyk bolarsyň, gyz bolsa älemjahanda senden başga oglan ýokdur öýdüp pikir eder.
Asmanyň şeýle sözlerinden soň ýagyş ýagyp başlady. Çopan bolsa Asmana seredip ýylgyrdy.
ş. Aşgabat 21.08.2025 ý
Rahman Zulfikarow