Öz özüňe at dakmak gowy däl hem bolsada, men iň soňunda özümiň kimdigimi düşündim: Men filosof, diniň taglymatçysy, her sözümde Allahy beýgeldýän, (ýa-da beýgeltmäge ymtylýan). Allah maňa ylym berdi we hemişe bolşy ýaly, Allah berende beter bol berýär. Allah maňa köp zatlaryň syryny açdy, meni dogry ýola goýdy. Ondan başga mende azajyk ýazyjylyk ukyby bar, çeper edebiýaty gowy görýän, mistika we fantastika žanyrlarda ýazmagy synanşýan. Öz hakyky şahsyýetimi açasym gelenok, şol sebäpden ýazamda edebi lakam ulanýan. Häzirki wagtda tanalmak maňa zyýandan başga hiç zat getirip bilmez. Elbetde irde giçde ähli zat aýan bolar, ýöne ol güne çenli men bu dünýede galaryn öýdemok.