Atamyň äýnegi
Meň atam beýik watançylyk urşuna gatnaşandy, we hut Berliniň özine ýeten adamdy. Ýöne gynansamda atamyň ömrü uzak bolmandy. Ýowuz urş ýyllary ol adamyň saglygyny gowja iýipdi. Atam men eýýäm 2-3 ýaşly çaga wagtym ýogalypdy we mende ol adam barada hiç hili ýatlamalar ýokdy.
Atamdan ýadygärlik diňe köne bir çemodan galypdy, ol çemodanyň içi köne-sana zatlardan doludy, urş medallary bardy, atamyň köne sagady bardy, kemerjigi bir eýýäm çüýrän. Bir giden köne suratlar bardy we guş atmak üçin nýetlenen tüpeň oklary. Ol çemodanyň içindäki iň gyzykly zat, bu germanýadan getirlen köne äýnekdi. Ol äýnegiň aýnalary täsin bir ýaşyl reňkdedi. Meň çaga wagtym ol äýnegi dakynyp görmegi gowy görýärdim, ýöne hiç haçan äýnegi köçä alyp çykyp görmändim, sebäbi meň enem meni äýnekli köçä göýberenokdy. Günlerde bir gün men barybir ol äýnegi dakynyp köçä çykdym we diýsen geň galdym. Şol gün köçeden geçip barýan käbir adamlaryň boýunlary demir gannalydy. Özem ol ganna şeýlebir beýikdi, adamlaryň alkymna ýetip durdy we adamlar öz tumşugyny asmana tutmaly bolýardylar. Men 10 ýaşly çaga bolsam hem, adamlaryň boýunlary beýle gannaly gezip bilmejegine gözim ýetýärdi. Men gözlerime ynanman äýnegi aýyrdym we şol bada gannalar bir ýerik ýitirim boldy, emma adamlar öz tumşuklaryny aşak düşürmediler. Biziň öýmüz mekdebiň gabadynda bolany sebäpli, adamlar eýläk beýläk kän gatnaýardylar. Men ýene äýnegi gözlerime çekdim we adamlary synlamaga başladym. Ýene öňküsi ýaly, tumşugyny asmana tutýan adamlaryň boýunlarynda demirden ganna peýda boldy, hamala ol adamlar tussaglykda gezip ýören adamlar ýaly? Gannalaryň özi hem köne poslap giden demirden ýasalan ýalydy. Men şol bada ähli zada ol äýnekleriň günäkärdigine düşündim. Men şol gün adamlary näçe wagtlap synlap duranymy bilemok, iň soňunda enem meň egnimden çekdi we jadyly äýnekleri menden aldy. Soň ol äýnekleri men hiç haçan görmedim. Hatda enemiň ölüminden soň hem, men şol äýnekleri kän gözledim, ýöne olary ýer ýuwudan ýalydy?