Meň kölegäm

Meň otyran gowagma daşardan ýagty düşýärdi, bu gowak eýýäm soňky 10 ýyl bäri meň öýümdi. Gowagyň darajyk agzyny kimdir biri eýeläpdi we aşaklygyna gowaga seredip durdy. Gowagyň içinde men nahar atarypdym we naharyň ysy gowagyň daşyna urýardy. Ýöne daşary diýilýän ýer hem Köpet dagynyň jümmüşleridi. Bu ýerlerde adam çagasy diýseň seýrek myhman. Men bu ýerde adam çagasyna sataşanymdan, jyndyr arwahlara sataşanym has hakykata ýakyn görünýär. Şol sebäpden men gowagyň agzyny eýeläp duran kölegä hiç zat diýemok. Eger ol adam çagasy bolsa özi aşak düşer, eger ol jyndyr arwah bolsa özi meň gowagymy taşlap gider. Bu gowakda soňky 10 ýyly ýaşap, men diýseň köp zada düşündim. Aýalymyň diri galanyna düşündim, bolmasa men oň böwrüne pyçak sokup gaýdypdym, ony bir deýýus bilen tutdym. Görgüli diri galan bolmaly, sebäbi oň ölenini men duýamok. Men soňky 10 ýylda diýseň köp zatlary duýmagy öwrendim, öz böwrümi diňläp älem jahanyň ähli hakykatlaryny eşdip bolýan eken. Hiç hili internet, kitaplar we telewizor gerek däl. Diňe adamlardan çete çykýaň we öz bedeniň ähli talaplaryny çäklendirýäň. Seň bedeniň aýal-gyz talap edýär, bu ýerde aýal gyz ýok. Sen bedeniň meý çilim keýp talap edýär, ol ýerde bu zatlar hem ýok, seň bedeniň gowy şertleri talap edýär, bu ýerde gowy şertler ýok. Onsoň sen bedeniň ahli talaplar bilen kemsidileninden soň, seň kalbynda bir zatlar bolup geçýär. Seň kelländäki ahli ýaramaz sesler öçýär, oň ýerine Asmanyň sesi peýda bolýar we seni okadyp başlaýar. Saňa indi internet we kitaplar gerekdäl, ähli zat bir mahaldan bäri seň kelläň içinde bar eken, ýöne durmuş aladalary bilen sen ol zatlary hiç mahal görmänsiň. Men daglarda öz kalbymy diňläp 10 ýyl geçirdim we älem-jahanyň ähli syrlaryna düşündim. Iň esasy düşünen syrym bolsa, men Hudaýyň guly, men Hudaýa baky gulluk edýärin we oňa ähli dünýälede wepaly bolaryn. Eger men Hudaýa gulluk edýän bolsam, diýmek kimdir biri maňa hem gulluk etmeli, başgaça bolmaga haky hem ýok. Eger meň pikirlerim, Hudaýyň gözi bilen seretseň, beter owadan bolsa, maňa gulluk etmeli adamyň hem daşky keşbi beter owadan bolmaly. Men bolsa soňky 10 ýylyň içinde öz pikirlerimi bütünleýin arassaladym we owadanladym, ýöne entek maňa gulluk etmeli gyz hiç bir ýerde görnenokdy.

 

Gowagyň girelgesinden abanyp duran kim bolsada aýal maşgala bolmaly, ony maňa gulluk eder ýaly Hudaýyň özi ugratdy. Ýöne bu ýetim daglara ol gyz nirden düşdi diýsene? Men eýýäm nirden düşüdi we nädip beýle boldy diýen soraglar bilen gyzyklanamok, Hudaý maňa ugratdy we şol maňa ýeterlik, Oň nädip gudrat hörkezýäni maňa gyzykly däl. Häzir men gyzyň sypatyny görerin we öz pikirlerimiň nä dereje owadanlygyna göz ýetirerin. Eger gyz owadan däl bolsa, diýmek men hem şu wagtky ýagdaýda Hudaýyň göz öňünde owadan däl, diýmek entek ýene ösmeli.

 

–Aşak düş kim hem bolsaňam, –men girelgeden seredip durana gygyrdym.

 

Seredip duran bir bada alňysady we gaçyp gitjek boldy, soň aýagy bir zatlara ilişdi we örän enaýy bir ses çykardy. Men beýle sesi soňky 10 ýyl eşitmändim.

 

–Gorkma, men adam çagasy, men saňa hiç hili zyýan ýetirmerin, mende suw bilen çörek bar, –Men ol aýala gygyrdym, aýal sägindi.

 

Aýal hiç zat gürlemän ýene şol girelgäni saklap durdy.

 

–Meň adym Bäşim, men 44 ýaşymda, seň adyň näme? –Men ýagdaýy azajyk ýeňilleşdirmek üçin seslendim.

 

Girelgede duran meni taşlap hiç ýerik gidip hem bilenokdy we meň ýanyma gowaga düşmäge hem gorkýardy. Sebäbi ýene az salymdan gün ýaşmalydy we bu ýerlerde göze dürtme tümlük başlamalydy.

 

–Mem adym Gülruh, –gyz az salym säginip seslendi. Gyzyň eýýäm bir näçe günläp aç gezip ýörenini men oň sesinden şol bada aňdym. –Men bu ýerlerde azaşdym, nädip dagdan düşjegimi bilemok, –ses naýynjar goşdy.

 

–Sen aşak düşseň mende suw bilen çörek bar, –men ýene bir gezek ýatlatdym.

 

–Maňa zyýan ýetermejegiňe söz berýäňmi? –Gyz az salym oýlanyp sorady.

 

–Hawa, söz berýän, men saňa zyýan ýetirjek bolsam eýýäm ýetirerdim, eger men islesem, sen bu ýerlerde menden sypyp bilmeýäň.

 

Gyz meň sozlerime ýene azajyk oýa batdy we ýuwaşlyk bilen aşak düşüp başlady. Ol gyz aýagyny örän seresaply basýardy, sebäbi oň aýak aşagy ýiti daşlardan dolydy. Gyzyň aýagy ýalaňaçdy we dabanynyň aşagy ownujak ýaralardan dolan çemeli? Gyz iň soňunda meň ýanyma we oda ýakynlaşdy, men bolsa otda bir zatlar bişirip otyrdym. Çagyrylmadyk, ýöne garaşylan myhman gözlerini birde oda bakdyrýady, birde maňa. Ol gyzyň saçlary göýberlendi we ol saçlara ilişmedik zat ýokdy, aýaklar ýalaňaç, aýakgap ýok. Gyzyl köýnegiň aşaklary ýyrym ýyrtyk, gyzyň gözleri ürken maralyň gözleri ýaly. Ýöne nähili bolsada gyz diýseň owadandy, men gyzy görüp öz pikirlerimiň nä derejede owadan bolanyny düşündim. Gyz meň kölegäm, meň içki dünýämiň kölegesi. Ol adamlary öz sypaty bilen nä derejede aňk edýän bolsa, men hem öz pikirlerim bilen adamlary şol derejede aňk edýän. Men gyzy synlap gözlerimi aýryp bilemok, bu ýerde meň soňky 10 ýyllap adam garasyny görmedigimiň hiç hili dahylly ýeri ýok, gyz çyndan hem ajaýyp. Diýmek Hudaý hem meň pikilerimi synlap, menden gözüni aýyryp bilenok.

 

–Sen bu ýerlerik nirden düşdüň Gülruh? –Men soradym we otda duran nahary buladym. Gyz her bir meň hereketimi gorkuly gözler bilen synlaýardy. Ol bir bada jogap bermedi, ol eýýäm ençeme günläp aç gezip ýörene meňzeýärdi.

 

Men birinji gyzy naharlamaly, soň bolsa sorag etmeli diýen karara geldim, bolmasa gyzdan dogry jogap alar ýaly däldi. Gyz meň edil garşyma geçip otyrdy başyny dyzlaryna goýdy. Men bolsa oň saçlaryny arassalamaga durdum. Az salymdan bolsa nahar bişdi, gyz garnyny doýurup maňa ähli zady gürrüň berdi.

 

Gülruhy daga oturmaga harby adamlar alyp gidipdirler, şol harbylaryň biri Gülruh bilen ýaşaşýan eken. Soň dagda Gülruhyň üstünde dawwa turýar, ol ýekeje gyz bolany üçin, ony daga getiren oglany öldürýärler. Şaýat hökmünde ony hem öldürjek bolýarlar, ýöne ony birinji zorlaýarlar. Şol sebäpden hem bir zatlar ters gidýär we Gülruh ol adamlardan sypýar.

 

–Eger olaryň ählisi içgili bolmadyk bolsalar, men olardan sypyp bilmezdim, –diýýär Gülruh.

 

Soň ol gyz daglarda azaşyp 7 gün ýol ýöräp iň soňunda meň ýaşaýan gowagyma gelýär.

 

–Men seni hiç ýerik göýbermejegime seň gözüň ýetýärmi? –Diýýän men. –Sen bu ýerde edil men ýaly baky galarsyň. Öldürlen oglany eýýäm seň üstüne atandyrlar, ol deýýuslarda başga ýol hem ýok. Sen dagdan düşen badyňa tussaglyga düşersiň, ondan seň gowsy meň ýanymda gal, –dowam edýän men.

Soňy

16.09.2025

Rahman Zulfikarow

5 комментариев

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *