Game filosof

Bardy meň bir tanşym, men ol oglany çagalar bagyndan tanaýadym, biziň ýaşymyz deňdi. Biz mekdebe şol bir synpa gidipdik, soň ol oglan daşary ýurda okuwa giripdi. Meň ejem kakam bolsa, ol oglany ygtybarly görüp, meni hem şoň ýany bilen goşup göýberipdiler. Biz Ukraina diýen ýurtda 5 ýyl okapdyk, ol ýerde özimize söwer ýar tutunypdyk. Ukrain gyzlary näme üçindir biziň ilimiziň oglanlaryny gowy görýärdiler. Soň men okuwy tamamlap yzyma gaýtdym, ýaňky oglan diýýänim bolsa yzyna dolanmady. Ol ukrainda galypdy, soň bir näçe ýyldan Polşa gidenini aýdypdy, ondon soň bolsa Germaniýa ýetipdi. Garaz örän geň oglan, oň näme üçin men ýaly garaňky adama, entegem ýazýanyndan men dogrusy bihabardym. Biz köpdän bäri birek biregi tanasak hem, men ony soňky 20 ýyl görmändim. Ol menden näme üçindir mydama öz eje kakasy barada soraýardy, hamala oň özi hiç wagt habarlaşmaýan ýaly, meň bolsa kelläme her hili pikirler gelýärdi, hamala oň eje kakasynda döwrebap telefon ýok, onsoň ol öz eje kakasy bilen habarlaşyp bilenok, ýöne hakykat başgaça bolup çykdy. Iň soňky gezek habarlaşamyzda ol oglan özüniň Ýaponýa göçendigini aýtdy, men bolsa oň ejesiniň ýogalandygyny aýtdym. Iň geň ýeri ol ejesiniň ýogalandygyny menden eşitdi.

—Degişeňokmy? –Diýip sorady, men öz ejemden ant içdim. Ýene 2 hepdeden köne synpdaş, soň bolsa kursdaş, şu wagt bolsa meň üçin düýbinden ýat adam öz watanyna dolandy. Oň ýurtdan gidenini sanap görsem eýýäm 21 ýyl bolupdy. Dogrysy men oň suratlaryny internediň üsti bilen synlaýardyn, emma adamyň özini dirilikde görmek düýbinden başga zat eken. Ol şähere düşüp, ilki bilen maňa jaň etdi, men ony howa menzilinden garşy aldym. Ol entek agzyny açmaka, düýbinden başga adamdygy bildirip durdy. Ol türkmen dilini bilýä, türkmençe gürleýär, ýöne sözleri düzüşi we pikir ýöredişi, hamala daşary ýurt dilinden, öz pikirlerini türkmençä terjime edýän ýalydy? Ol hatda öz öýlerini hem ýatdan çykarypdyr, ol asla şäheri ýatdan çykarypdyr. Maşyn ol oglanyň köçelerine girende ol aglan bolmaly, sebäbi ol meň soraglaryma jogap bermedi, belki damagy dolandyr? Men aslyýetinde ony howa menzilinde göremde gujaklaryn öýtdüm, emma öň gözlerine gözüm düşende, öňümde bütinleýin ýat adamyň durandygyna göz ýetirdim, gujaklama nirede, zordan salamlaşdym.

—Ýeri sen onsoň Ýaponýada näme unutdyň? —Men soradym.

—Men ol ýerde işleýän.

—Çagalaň barmy, sen öýlendiňmi? —Ýene sorag.

—Çagalarym bar, ýöne öýlenemok. Germanýada bir gyzym bar, Polşada bir oglym bolmagy ähtimal, ýöne men azajyk şübhelenýän. Çagany doguran aýal, çaga meňki diýdi, ýöne ol aýal maňa ýalan sözleýämikä diýýän.

—Bäh, —diýdim men. Seň geleniňi biziňkilerden başga bilýän barmy? Men soradym.

—Biziňkiler diýip sen kimi göz öňüne tutýäň?

—Synpdaşlary.

Oglan oýa batdy, ol hamala synpdaş diýen zadyň nämedigini ýatlajak bolýan ýalydy.

—Men senden bir zady haýyşt etsem bolýamy? —Oglan maňa ýüzlendi.

Men başymy atdym.

—Hiç kime meň gelenimi aýtma, men uzak eglenjek däl, men ýene yzyma uçjak.

Men razylaşdym, bu zatlar meň işim dal. Geň ýeri oglanyň ýanynda goş golam az däldi, ol yzyna ýakynda gitjege meňzänokdy. Ony öýüniň ýanyna ýetiremde oglan meň bilen hoşlaşdy we maşyndan düşdi.

—Eý, torbaň galdy, men oň yzyndan gygyrdym, ol ýylgyryp maňa jogap berdi:

—Hiç zat galanok, bu saňa sowgat.

Örän geň oglan, örän geň. Men ony 21 ýyl görmedik öýüne düşürdim, ol bolsa edil robot ýaly öýüne girip gitdi. Goňşylary ony görüp aňk bolup galdylar, bolsada ejesiniň 40-güni geçmäkä geldi, dogrusy bu ýerde meň günäm hem bar, oňa aýtmagy unudypdyryn. Torbaň içi bolsa, maňa diýseň gyzyklydy.

Aradan 4-5 gün geçip ol oglan maňa jaň etdi, men bolsa telefonyň ekranyna oň nomerniň böküp duranyny görüp, ony eýýäm howa menziline taşlamaly diýip pikir etdim. Ýöne ýalňyşypdyryn, ol oglan meni öz ýanyna, myhmanhana çagyrdy.

—Myhmanhana? –Men geň galdym, —eýsem sen öýüňde dälmi?

—Ol ýer indi meň öýüm däl, meň jigilerim öýe gyz getiripdirler, ol ýeriň indi başga hojaýynlary bar.

—Sen jigilerim öýlenipdirler diýjek bolýaňmy? —Men soradym.

Oglan azajyk dymdyda jigap berdi:
—Hawa, şol söz. Sen meň ýanyma gelip bilmersiňmi, geleňde azyndan 2 sagat boş wagt tapyp gel.

—Bolýa, men ertir daňdana çenli boş, sen Ýapon aragyny alyp gaýdan dälsiňä, ýogsada beren sowgadyň üçin sag bol. Çagalar hezil edip oýnaýar.

Meň dostym maňa Ýaponýada Playstation oýun goşundysyny getirip beripdir. Eger ýalňyşmasam 6-njy, ýa-da 7-nji pokaleniýa. Dogrysy ol enjamlaryň ýaňy 5-nji nesliniň çykanyny men soň bildim, garaz men köp zatlary soň bildim.

—Mende saňa bir teklip bar, iş teklibi, —telefon dowam etdi.

—O nahili iş teklibi, —men gyzyklandym.

—Geleňde düşündirerin, sen myhmanhana gel, —diýdi we salgysyny berdi. Has dogrysy salgyny başga bir adam berdi. Meň dostum myhmanhanaň resepşynyna düşen bolmaly çemeli?

—Sen her gezek jaň edeňde telefonyňdan näçe manat pul gidýär, —men otagyň gapysyndan girip soradym we daş töweregime seretdim. Otag diýseň kaşaňdy, özem iki sany otagdan ybaratdy.

Oglan meň sözlerime düşünmän geň galdy.

—Seň jaň edeňde daşary ýurt nomerinden jaň gelýän ýaly gelýä. Saňa gymmat düşenokmy jaň etmek, men saňa başga bir nomer bereýinmi, mende ulanylman ýatan nomer bar. —Men soradym.

—Ýok, zerur däl, men ertir irden ýene yzyma ugraýan, —oglan jogap berdi.

—Eýýäm yzyňamy? Men bolsa sen geleniňe görä ýenede bir aý bolarsyň öýütdim. Ýogsada, sen näme iş teklip bar diýdiň? —Men gyzyklandym.

Oglana birden jan giren ýaly boldy, oň ýizi ýagtyldy, ol otagda duran stoluň ýanynda bardyda, eline bir zat aldy. Ol zat motor sürýänleriň baş gaby ýaly bir zatdy. Oglan ol baş gaby elinde saklap maňa ýüzlendi.

—Men ýaponýada SONY şereketinde işleýän, —oglan dowam etdi.

—Aý nätdiňaý, edil şol şereketdemi? –Diýdim men, özim bolsa ol şereketiň näme aňladýanyny ýatlajak boldym. —Onsoň kim bolup işleýäň, men soradym.

—Filosof bolup işleýän, —Oglan jogap berdi.

Edil şol wagt oglanyň el telefonyna jaň geldi we oglan menden ötünç sorap telefony galdyrdy. Telefonyň aňarsynda başga dilde biri gürleýärdi. Meň dostum bolsa maňa düşniksiz bir dilde jogap berýärdi. Meň eşdip duran dilimde hamala iki adam söwüşýän ýaly bolup görünsede, meň dostumyň ýüzünde rahatlykdan başga yşarat ýokdy. Belki ol dil şeýle üýtgeşik bolmalyda? Dostum gürleşip bolup, menden ýene ötünç sorady we maňa otyrmagy teklip etdi, men oturdym. Soň dostym hamala elindäki zady satmaga synanşýan edip, meň öňünde tanşdyrmaga başlady.

—Bu enjam Sony Playstation wideo oýun goşundyň iň soňky nesli, bu entek hiç ýerde görülip eşdilmedik täze tehnalogiýa, —we şuňa meňzeş sözler. —Eger siz bu täze tehnalogiýany özüňizde barlap görmäge razy bolsaňyz, biziň şereketimiz size 1000 amerikan dollaryny sowgat eder.

Dostum öz sözlerini jemledi we meň gözlerime soragly bakdy. Men bolsa ol öňden öwrenilen sözleri gaýtalandyr öýtdim, oň teklibi maňa degişlidir hem öýdemok, belki ol şu wagt biziň sohbetdeşligimizi wideo ýazgy edýändir? Ömrüne maňa Siz diýip ýüzlenip görenok, indem näme üçindir resmi äheňde gürläp otyr.

—Sen barlap görmäge razymy? —Oglan sorady we öňki äheňne gaýdyp geldi.

—1000 dollar diýýäniň çynmy? —Men soradym. Dogrysy men mugut bolsada razy bolardym, emma indi pul agzalansoň, öz hakymy alasym geldi.

Entek mekdep döwürleri, biz Sony playstation diýen zada diýseň köp wagtymyzy sarp edipdik, ol zadyň öňünden turamzokdygam. Indem ol oýun enjamy başa geýilýän bir zat derejesine barypdyr.

—Şu zat indi oýun oýnalýan boldumy, —men dostumyň elindäki zada elimi uzatdym.

—Hawa.

—Onsoň bu zadyň içinde nähili oýun bar, —men soradym.

—Bary ýogy birje oýun, ýöne örän wajyp oýun. Eger sen şol oýuny synagdan geçirmäge razy bolsaň, biz saňa 1000 amerikan dollaryny sowgat edýäs. —Dostum sözini jemledi.

—Biz bolanda kim bolýar? Ýogsada wajyp däl, getir oýnyňy, —diýip men ol baş gapdan ýapyşdym.

Oglan maňa baş gaby uzatdy we meni krowada geçirip arkan ýatyrdy. Krowadyň üstinde ýatyp men bir zady duýdym. Meň ýatan prostinymyň aşagyndan, galaň bir zat ýazylan ýalydy. Biz hemişe şeýle zady, kiçi çagalar ýerine buşugaýmasyn diýip ýazýardyk. Eýsem myhmanhana beýle zady kim ýazdy diýsene?

—Sen özüňi oňaýly duýýaňmy? —Dostum sorady. Men hawa diýip jogap berdim. —Onda köýnegiň iki ýokarky iligini aç we jalbaryň kemerini çala gowşat, hiç zat seň endamyňy gysmaly däl. —Men näçe geň galsam hem, öz etmeli işimi etdim we arkan ýatdym. Meň dostym meň gözümiň arynda, 10 sany 100 dollarlyk pullary sanady we bir ak bukja salyp, meň baş ujymdaky tekjede goýdy.

—Oýananyňdan soň 1000 dollar seňki.

—Men näme ukada gitmelimi, —meň geň galdym.

—Ýok, edil uky däl, ýöne şoňa meňzeş duýgy.

Meň göwnüme bir tüýsli geň zatlar gelip başlady. Men eýýäm gorkýadym, ýöne eýýäm giçdi. Baş gap eýýäm meň başymdady we meň dostym bir zatlar edip başlapdy. Oň ýanynda bir kompýuter bardy, edil çemodan ýaly kompýuterlar, ol şol ýerde bir zatlara basyşdyrýardy. Meň bolsa öler ýaly okum tutýardy. Inede men ukladym. Gözlerim ýumuldy we men ýatan otagymy unutdym, soň bolsa özümiň kimdigimi unutdym, yz ýanyndan ähli zady unutdym. Aradan 41 ýyl geçeninden soň men oýandym. Men 41 ýyly başga dünýäde ýaşap, iň soňunda öldüm we şu otagda oýandym.

—Sen näçe ýyl ýaşadyň? —Özüme gelenimi görüp, dostum meň üstime abanyp sorady.

—Men 41 ýyl ýaşadym, —men gorkuly düýşden oýanan ýaly jogap berdim.

—Hakykatda welin bary-ýogy bir sagat geçdi, —dostum jogap berdi we elindäki depderçä bellik etdi.

–O nähili bir sagat, men 40 ýyl gowrak durmuş ýaşadym, dinozawrlary gördüm, ol ýerde meň ejem bilen kakam bardy, bar zat örän hakykata ýakyndy, men hatda tapuwudynam bilmedim. Men diňe şu wagt oýanyp, geçen zatlaryň barsynyň düýşdügini bildim.

—Geçen zatlar düýş däldi, sen gören zadyň, gelejegiň oýun tilsimatlary. –Dostum jogap berdi.

Men diňe agzymy açdym. Men uka gidenimden bar zady unutdym we täzeden dünýä indim, ýöne örän köne döwürlerde indim. Ilki durmuş obşinasynda öýdýän, eger taryh sapaklar ýadymdan çykmadyk bolsa? Ol ýerde hiç zatdan habarsyz 40 ýyl gowrak ýaşadym, hamala bar zat şeýle bolmaly ýaly. 40 ýylyň içinde etmedik zadym ýok. Hatda adam etini hem iýip gördüm, adam öldürdim, meni öldürjek boldular, gyz baryny zorladym, dinozawrlaryň arkasyna mündim, iň soňundada öldüm we ýene myhmanhanaň otagynda gözlerimi açdym. Indem welin baryýogy bir sagadyň geçenini eşitdim. Aýalymyň bardygy ýadyma düşdi, agşam öýe barmaly, aýlyga çenli pul gutardy we şoňa meňzeş adaty mudakgatlar. Dogrysy meň azajyk ýüregim gysdy.

—Meni ýene bir gezek şol ýerik ugrat, —men ýerimden turman dostymdan haýyşt edtim.

—Ýok, —kesdi meň dostym.

—Bu gezek seň puluň gerek däl, men mugtynada razy.

Öler ýaly köne durmuş obşinasyna gaýdyp gelesim geldi, ol ýerde edeniňi edip bolýardy we ähli zady diňe gödek güýç çözýärdi. Maňa esasanda ol ýerde gyzlary rorlamak ýarady.

—Gep pulla däl, häzir men seni ýene ugratsam, seň kelläňdäki galan saçlaryň hem agarar.

Men howlukmaç kellämi elledim, soň ylgap baryp aýnaň öňüne geçdim, dogrydan hem kellämdäki saçlaryň ýarsy agarypdyr. Meni aýalym bu halda göräýse geň galar, aý bolýa-da, bilmedik syraýaryn, aýalyma 100 dollar bersem hiç hili artykmaç sorag bermez.

—Eşitýäňmi dost, sen meni nädip köne döwüre ugratdyň? Onsoňam şeýle oýunlar haçan peýda bolar, —men hamala hiç zat bolmadyk ýaly soradym.

—Ýene 20-30 ýyldan peýda bolar, ondan ir däl, entek ol oýunlaryň zyýany barada köp işler alynyp barylýar, –dostum jogap berdi.

—Zyýany barada?

—Hawa, mysal üçin aýdaly oýuna girenleriň barsynyň diýen ýaly saçlary agaryp çykýar, biz şoň üstinde işleýäs.

—Gowdugyny, —diýdim men. —Bu oýny sen oýlap tapdyňmy? —Şeýle akylly dostumyň bardygy meni buýsandyrýardy, kime aýtsaň ynanmaz.

—Ýok, beýle kyn tilsimtlary ýekelikde oýlap tapyp bolanok. Bu oýnuň üstinde 3000-den gowrak adam işleýär. Men welin bu taslamaň filosofy.

—Filosofy? —Men düşmedim, filosof näme gerek beýle zatlarda?

—Hawa, men filosof, kelläme gelen zady aýdýan, alymlar we inženerlar bolsa, amala aşyrmaga synanşýarlar. Mysal üçin şu oýny aýdaýly, oýnuň esasy ideýasyny men teklip etdim, alymlar bolsa meň ideýamy amala aşyrmak üçin zähmet çekýärler. Adamy 40-50 ýyllap oýna salyp, hakyky dünýäde bolsa bary ýogy 1-2 sagat geçer ýaly etmek meň ideýäm. Alymlaryň bolsa ol ideýany mädip amala aşyranlaryny men bilemogam, bilesimem gelenok, men diňe ideýa oýlap tapýan, galan zat bola maňa degişli däl.

–Şeýle zatlar kelläňe gelýä bolsa sen diýseň akylly bolýaňda dost? –Men buýsanç bilen belledim.

–Ýok, dogry aýtsam bu ideýa edil meňki däl, ýöne şereketiň baştutanlary meňkidir diýip pikir edýärler.

–Eger seňki bolmasa onda kimiňmi? –Men sabyrsyzlyk bilen dostumyň sözlerini böldüm.

Dostum bolsa barmagy bilen ýokaryny görkezip: –Allahyňky, –diýip jogap berdi.

Men bolsa ömrümde ilkinji gezek bu oglandan, Allah diýen sözi eşdip görýärdim, oň asla Hudaý barada dil ýarany ýadymda ýok.

–Her bir adam ölümden soň, Allahyň ýanynda gözlerini açanda, bu dünýede ýaşalan uzak durmuş hamala bir näçe şagat ýaşalan ýaly bolup görünýämiş diýip men bir ýerlerde okapdym. –Dostum öz pikir ýöretmelerini dowam etdi. –Ine sen 41 ýyl ýaşap öldüň, ýöne hakyky dünýäde bary ýogy 1 sagat geçdi. Biziň ählimiz ölemizden soň hem edil şeýle bolmaly. 80 ýyl ýaşap, öl dünýä diýilýän ýerde gözleriňi açsaň, bary ýogy 2-3 sagat geçen ýaly özüňi duýmaly.

Men diňe özümden «Bäh» diýen sözleri çykardym, mende başga hiç hili söz ýokdy. Dostum bolsa gürlemegini dowam etdi we dowam etdi, men ony entek beýle din tarapdan tanamokdym.

15.09.2025
Rahman Zulfikarow

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *