|

Ol meni aldady (oýlanma)

Göz öňüne getirip gorüň, tutuş älem jahany ýaradan Hudaý, birje gyzy ýaradýar we ony seň golaýynda bir ýerlerde dünýä iner ýaly edýär. Hudaýyň maksady seni şol gyz bilen aldamak, seň ýüregiňde şol gyza bolan islegi ekmek. Hudaý seň gyzlar bilen gyzyklanyp başlan günleriňden, saňa şol gyzy görkezesi gelýär, oňa seň ýüregiňden baky ýer bermek üçin, entek seň aklyňy hiç bir gyz almaka. Elbetde Ol gyzy diýseň owadan edip ýaradýar, Hudaý bir zat berende elmydama bol edip berýär, gyzyň gözelliginiň syry hem şonda. Her bir adam haýsy ýaşda ýatişen bolsa, oň aňy hem şol ýaşda baky galýar, onsoň Hudaý seni 10 ýaşyňda ýetişer ýaly edýär, sebäbi seň hyýalyň hemişe 10 ýaşly oglanjygyň hyýaly ýaly bolmaly, dünýäň ähli syrlaryny çagaň ynanjaňlygy bilen kabul eder ýaly. Ýöne sen 10 ýaşly oglan bolup, 10 ýaşly gyza hiç haçan hem aşyk bolmazdyň. Sebäbi 10 ýaşyndaky gyzjagazlar entek diýseň kiçi, olarda entek gyz gözellikleriniň hiç biri ýok. Onsoň beýik ýaradyjy seň aşyk bolmaly gyzyň ýaşyny azajyk ýokaryk süýşürip başlaýar. Ol gyzjagaz senden 3 ýaş uly bolar ýaly edýär. Gyzjagazyň gyza öwrülýän döwrü bilen, seň jahyla öwrülen döwrüňi deňleýär. Ähli zat diňe bir zat üçin, ol gyza seň ýüregiňden baky ýer bermek üçin. Ähli zat edil sagadyň mehanizmleri ýali işleýär, hiç bir hereket tötänden däl we ähli zat uly bir meýilnamaň bölegi. Gyz seň ýüregiňde köne kesel ýaly ýaşaýar, öz durmuşy bilen ýaşaýar. Edil köne kesel ýaly seni aram aram binjalyk edýär. 30 ýaşaňda bolsa seň keseliň gozgaýar, sen gyza eliňi uzadasyň gelýär, ol meň ýüregiňde ýöne ýere şunça ýyllap ýaşanoga? –Diýýäň sen Ýöne gyz seni tanamak hem islänok, bu hem Beýik Ýaradyjyň meýilnamasynyň bir bölegi. Ähli mehanizmler isleseler islemeseler öz işini ýerine ýetirmeli bolýarlar. Sen bolsa edil 10 ýaşly çaga ýaly, samsyk hereketlere başlaýaň. Gyza mynasyp bolmak üçin öz bilimiňi görkezesiň gelýär, sebäbi senden ylym bilen bilimden başga hiç zat ýok. Öz özünden ýazmaga isleg döreýär hamala ol gyz seň pikirleriňe sataşaýjak ýaly, ýöne seň pikirleriň gyza gerek däl, seň pikirleriň adaty adamlara gerek bolup çykýar, sebäbi älem jahanyň Hökümdary şeýle çözdi, sebäbi seň pikirleriň adamlary üýtgedýär. Gyz diňe seni aldamak üçin gerek, sen öz etmeli işleriňi ýerine ýetirer ýaly. Sen özüňi aldanan ýaly duýýaň, ýone 40 ýaşyň bosagasynda wagtyň, Hudaý saňa aýdýar: –Ähli zatlar tamamlansyn, onsoň Men saňa ol gyzy berjek. Men ony eredip täzeden guýjak, we ony diňe seň üçin gyz edip ýaratjak, seň kalbyň baky rahatlyk tapar ýaly. Men ony arassalaryn we oň hiç ýerinde zeminiň ýekejede hapasy galmaz ýaly ederin. Ähli sözler iň soňky harpyna çenli hakykat. Älem jahanyň Hökümdary bolmasa, hiç bir gyzy söýüp bolanok. Sen gyzy 10 ýaşyňda birinji gezek göreňde seň ýüregiňe iňňe sanjylan ýaly boldy, soň ol duýgy hiç haçan we hiç kim bilen gaýtalanmady. Sen bolsa şeýle duýguny ol gyza her gün irden seredeňde başyňdan geçiresiň gelýär, eýsem kim saňa şeýle duýguny gaýtaryp bersin? Iň soňunda bolsa sen düşünýäň, entek dünýä döremäkä Allah ol gyzy oýlap tapdy we seni birjede aldamady. Allah saňa Öz Güýç Kuwwadyny görkezmek üçin ol gyzy döretdi we seň öňüňde goýdy, iň soňky tüm günler düşen wagty, sen ol gyzy Hudaýdan dilär ýaly.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *