Maral

Şol gün men Lebaba barýardym, otly Aşgabatdan ýaňja ugrapdy. Men Kerki şäherçesine barmalydym. Ol ýerde meň oglum gulluk edýärdi, oglumy görmedigime eýýäm 3-4 aý bolupdy. Bu durmuşda mende, oglumdan gymmatly zat ýok, men oglum üçin bar zada taýyn. Oglumyň gulluk edýän harby bölümniň komandyry meni çagyryp günüme goýanokdy. Her hepde-de jaň edýär, geljäkdälmi diýip soraýar. Baryp gaýtmasam ogluma zyýan edäýmesin diýip gorkaý. Dogrymy aýtsam şu ýaşyma çenli harby adamlar bilen iş çalşyp göremokdym. Olary tanamokdym, ýöne iň soňunda tanadym. Oglum gullugyny tamamlasa, gaýdyp galan ömrüme harby adamlar bilen hiç wagt iş çalşmaryn. Oglumyň harby gullugy tamamlamagyna bolsa, bary ýogy 1 ýyl galdy. Otly ýerinden gozgandy, penjiredäki suratlar haýaljakdan çalşyp başlady. Otlyda bir ýerik gitmegi men kiçi wagtymdan bäri gowy görýärdim. Penjireden kiçijek şäherleri we olaryň adamlaryny synlamak meniň üçin diýseň gyzyklydy. Men oturan ýerimde ýekeje özim, başga adam ýokdy. Eger biri bilen gitmeli bolsa goý ol adam aýal adam bolsunda, erkek bilen beýle uzak ýola gitmek maňa agyr düşjekdi. Indiki duralga çenli meň oturan ýerime hiç kim girenok, diňe ýol belet oglan girelgeden kellesini uzadyp, ýylgyryp bir zatlar diýýär. Men bolsa oňa jogap berýän: —Sen entek ýaş oglanjyk, men ýaly aýal bilen iş çalşar ýaly sen entek durmuşda gazanan zadyň ýok. Elbetde men ol oglanjyga başga zat jogap berdim, ýöne ol hem maňa başga soragy beripdi. Sorag jogap ýöne bir bahanala, oglanjyk meni synlamaga geldi we öz pikirlerini başga görnüşde aýtdi. Men hem oňa başga görnüşde jogap berdim. Öňümden çykan bilen ýylgyryşýan döwürlerim bir eýýäm yzda galdy. Indi men peýda tapmajak bolsam hiç kime ýylgyramok, boş ýylgyrmakdan ýadadym. Otly birinji ýa-da ikinji duralga-da saklandy. Karidoryň ugrynda aýak sesler eşdilip başlady. Adamlar diňe otla münýärdiler, düşýän ýokdy, aşgabatdan beýle uzak bolmadyk ýere otla münmegiň hiç hili hajaty hem ýokdy. Iň soňunda meň gapymyň daşynda hem hasyrdy peýda boldy. Kimdir biri ýol belet bilen jedelleşýän ýalydy? Hamala ýol belet oglan ýolagçyny meň otyran ýerime girmez ýaly yrýana meňzeýärdi. Ýolagçy bolsa öz biledindäki nomeri görkezip men diňe öz ýerimde gitjek diýän ýalydy. Ine saňa gerek bolsa, ýola düşenimiz ýaňy bolsada eýýäm erkekler meň üstimde urşup başlapdylar. Erkek diýip nirden erkek diýsene? Agzy boş oglanjyklar. Gapyň daşyndaky dawwa uzaga gitmedi, ol dawwada ýolagçy ýeňdi we iň soňunda gapy gapdala syryldy. Gapyda bir oglan peýda boldy, ol oglan mekdep mugallymy ýadyňa salýardy. Näme diýseňem men şu ýaşyma çenli adamlary saýgarmagy öwrendim. Oglan hamala boş otag bilen salamlaşýan ýaly salam berip meň garşyma geçip oturdy. Ol başga hiç zat gürlemedi, iň geň ýeri ol iň bärkisi meň ýüzüme hem seretmedi. Dogrymy aýtsam oň özini alyp barşy meni azajyk kemsitdi. Meň baran ýerimde hemişe hemme zat doňýardy, erkekleriň we gabanjaň aýallaryň bary maňa seredýärdi. Bu gün bolsa bar zat azajyk başgaça boldy. Gapy açylyp ol ýerden ýene şol umytly oglan jyklady we maňa gerek zat barmy diýip sorady. Men çalaja ýylgyryp başymy ýaýkadym. Şeýle ýylgyryşdan soň ol oglanjyk hökman ýene gaýdyp gelmelidi. Garşymdaky adam bolsa ilki meň bilen bilelikde gapyda peýda bolana seretdi, soň bolsa meň ýüzüme we şeýle diýdi: —Galan ömrüme gaýdyp otla münmeýän. Men hiç zat jogap bermedim, ýöne ol oglanyň garaýşy bir tüýsli boşdy, ol hamala maňa dälde, meň yzymdaky diwara ýüzlenen ýaly boldy. Men hiç zat jogap bermän garaşdym, häzir oglan bir ýerden kitap ýa-da gazet çykaryp okan syrasa, diýmek men oňa gyzykly, ol özine zor salyp maňa seretmejek bolýar. Sebäbi näçe seretsede peýda bolmajygyny bilýär. Şeýle oglanlaryň özini alyp barşy maňa ýaraýar, barmaly ýerimize barynçak maňa azar bermez. Elbetde men başga iki adamlyk SW diýip atlandyrylýan otaga geçsem hem boljakdy, ýöne ol ýerde ýeke otursam ýol belet oglanjyklar günüme goýjak däldi. Näme diýseňem hemme erbet işleriň bary otlylarda bolup geçýärdi, hiç kim hiç kimi tananok. Ýolda näme etseňem ýaşaýan obaňa gepiň barma aladasy ýok. Ýol beletler hem ýolagçy gyzlar hem, şol ýagdaýdap peýdalanyp öwrenşendiler. Şol sebäpden meň şu otlyda barlygym Kerkä barynçam bu oglanjyklara gün berjek däldi. Şonuň üçin öz ýerimde oturanym gowy, goý hiç kim artykmaç umytlanmasyn. Garşymdaky oglan hiç ýerden hiç zat çykarmady we hiç zat okamady. Men bilgeşleýin ýüzümi gapdala bakdyrdym, ol meni oňatja synlar ýaly. Soň bahana tapyp ýerimden turdym, oňa öz bedenimi görkezesim geldi. Meň boýum uzyn owadan aýaldym. Gözlerim gökdi, saçlarym tylla reňkde. Näme üçindir şunça ýyllap 1000 gezek işlän mehanizm şu gün döwülipdi, ýa-da meň öňümde üýtgeşik oglan otyrdy? —Siz nirä barýaňyz? —Oglan hamala sagat näçe diýip soran ýaly sorady. Maňa oň bolşy ýaranokdy. —Kerkä barýan, —Men mähirli jogap berdim we ýylgyrdym. Ýylgyran wagtym oglan meň agzyma we dişlerime seretdi. Eger ýalňyşmasam ol meň ýylgyrşymyň galpdygyny aňdy öýdýän? Sebäbi maňa hiç hili ýylgyryş bilen jogap bermedi. Eger ýalňyşmasam öň gözlerinde şübhe ýyldyzlary «ýalp» edip, şol bada sönen ýaly boldy. —Men hem Kerkä barýan, —oglan jogap berdi we soň maňa hiç hili üns bermedi. Ol meň nirä barýanymy gürrüňi açmak üçin soramadyk bolmaly, ol meň nirä barýanymy başga zat üçin sorady. Birden men ondan ir düşýän bolsam, ony talamagym mümkindi, gözle onsoň meni tutuş Lebap welaýatynda. Gijäň ýary bir ýerlerde düşüp galsam kim soň meni tapsyn diýsene? Eger ýalňyşmasam oglan şoňa göz ýetirjek boldy? Ikimiz hem Kerkide düşýän bolsak hiç hili gorkyly zat ýok, otly Kerkä ertesi gün sagat 11-ler töwerege barýar. Onsoňam bu oglanyň Kerkide näme işi barka, —pikirlendim men. Edil men ýaly gulluga giden oglunyň yzyndan barýamyka? Ýok-la, beýle uly ýaşda ogly bolardan bu oglan ýaş görünýär, ýöne näme diýseňem bu oglan diňe kalendar boýunça ýaş görünýär. Gözlerine seretseň welin ýaşy meň garry atam bilen deň diýseň hem boljak. Nähili bolanda-da ýagdaý örän kyn, men ömrümde birinji gezek şeýle ýagdaýa düşüp görýän. Meň bilen deň-duş erkek näme üçindir meň bilen gyzyklananok, belki men eýýäm garrap başlandyryn? Aý ýokla, ýap ýaňja gapydan ýol belet oglanjyk zordan aýryldy. Maňa ýöne bir adaty däl erkek sataşdy. Näme diýseň hem durmuşda şeýle erkekler hem bolýar. Hemme kişini ýylgyryş bilen aldap bolasy ýoga? —Men siziň adyňyzyň nämedigini bileýinmi? —Garşymdaky oglan birden seslendi we çalaja ýylgyrdy. Otly welin eýýäm şäherden gowja daşlaşypdy. Penjire-de, otlap ýören sygyr sürileri görünýärdi, meň bir ýerlerden sygyr süýdini içesim geldi. —Näme diýýäňiz? —Men soradym. —Eger isleseňiz men siziň adyňyzy bilmäge synanşaýyn? —Oglan bu gezek doly ýylgyryp sorady. Meň göwnüme bolsa oglany çalşylan ýaly boldy, ýap ýaňja wajyp syrap otyrdy, hamala men bu ýerde ýok ýaly, indem maňa tanyş däl usul bilen lak atýardy. —Siziň adyňyz Maral, —Oglan wajyplyk bilen meň razylygyma garaşman belledi we maňa nazaryny dikdi. —Örän gowy, size ýol belet oglan aýtdymy? —Men ýaňsalyp jogap berdim. Şu wagonyň ýolbeletlerinde meň adym we familýam barada ähli zat bolmalydy. —Ýok, —diýdi oglan we maňa bolan ünsini ýenede ýitirdi. Indi oglan penjireden alyslara bir ýere garaýardy. Men bolsa oýlar ummanyna batdym, bu oglan meň adymy nirden bilip bildikä? Ýol belet bilen gürleşmäne oň hiç hili wagty ýokdy. Eger gürleşäýen bolsada şu ýerde bir gabat gelmeýän bir zat bar. Meň resminamalarda ýazylýan çyn adym Gurbanbibidi, Maral ady bolsa maňa soň dakypdylar. Men rus mekdepde okamda klasdaşlarymyň barsy rus çagalary bolansoň meň Gurbanbibi adym olara kyn düşýärdi, onsoň maňa çagalykdan biri Maral diýdi we şeýlede galdy. Indi maňa Gurbanbibi diýýänlerden diňe ejem bardy. —Seň birje çagaň bar we sen kakasyz ösdüň, —oglan penjireden gözlerini aýyrman birden gürledi. —Eger ýalňyşmasam seň ýoldaşyň ýok bolmaly. Daşarda bolsa eýýäm gün ýaşyp başlapdy. Oglanyň sözleri meni pikirler ummanyndan sogrup aldy. Men gapydan ýol belet oglanyň girerini diläp başladym. Bu adam bilen bir otagda ýeke gitmek bir tüýsi gorkuly ýaly bolup başlady. —Siz men barada beýle köp zady nireden bilýäňiz? —Men wajyplyk bilen soradym. Özüm bolsa pikirlenýärdim, bu oglany men öň nirede gördüm? Sypatyndan çen tutsaň, menden 5-10 ýaş kiçi. Meň bilen kesişer ýaly bu örän ýaş görünýär. Diňe meň sypatymdan çen tutup aýdan bolaýmasa? Geçmişde bir ýerde, ikimiz bir düşegi paýlaşmadyk bolsak bolýa, dogrymy aýtsam men görelleli aýalyň durmuşyny ýaşamandym.? —Aýtsam siz barybir maňa ynanmarsyňyz. Oglan bu sözleri aýdyp entek ýeke gezek ýylgyrmaýşy ýaly ýylgyrdy. —Hany synanşyp görüň, —diýdim men. —Men ýazyjy, —oglan dowam etdi. —O nämäň ýazjysy? —Men soradym Ýazyjylyk şol döwürler meň pikirime görä diňe žurnalistika bilen bagly ýaly bolup görünýärdi. Sebäbi ýazyjylaryň başga görnüşi entek maňa sataşmandy. Oglan çep eliniň aýasyny açyp ol ýerik bir zatlar ýazýan ýaly yşarat etdide, hyýaly galamyň hereketine görä sykylyk çaldy. —Size nähili düşündireýin, kitap ýazjylar bolýara? —Oglan ýene dowam etdi. —Men hiç haçan kitap bilen degişli ýerde işlemedim, siz meni biri bilen çalyşdyňyz öýdýän? —Men gürrüňden sypyp, temany ýapmaga synanşdym. Wah, ýaşlykdan dek gezen bolsam, men senden hökman sorardym, emma meniň ähli tanyşlyklarym ýassyk bilen tamamlanansoň, geçmişi agtarmaga gorkýan, sen meni ýalaňaç görmedik bolsaňam biri ýazyjy oglanjyk? —Gorkma, biz ömrümizde birinji gezek sataşýas, eger çakym çak bolsa iň soňky gezek. —Oglan hamala meň pikirlerimi okan ýaly ýene seslendi. —Sen kim? Azar berme maňa, —diýip men ol oglana gygyrasym geldi. Ýöne bir zat meň dilimi baglan ýaly boldy. Men gürläp bilmejegime gözüm ýetip otagdan çykyp gitdim, özem bar hereketim bilen oglany ýigrenýänimi bildirmek isleýärdim, emma känbir başa barmady, bolmasa men örän ökde aktrisadym. Dogrusy otagyn daşyndada kän gezip bolmady, karidorda her ýerde dürli dürli erkekler bardy we meni gözler bilen iýäýjek bolýardylar. Men karidorda az salym durup ýene yzyma girdim. Şu ýerde welin meň garaşmaýan zadym boldy. Oglan edil gapyň öňünde dik durdy we men girenimden ol meni gujaklady. Men edil daş ýaly doňup galdym. Men hiç zat gürlemedim we hiç zadyň pikirini etmedim. Siz pikir etmäň, ine meni şeýdip nätanyş adam hiç wagt gujaklap bilmezdi, ýöne şol agşam meň bilen bir geň zatlar bolupdy. Oglanyň boýy uzyndy, meň başdaky çaklaýşymdan uzyndy, ýa-da meň boýum kiçelipdi. Men oglanyň egnine başymy goýdym we pyşyrdap diýen ýaly soradym: —Sen kim we ençeme ýyllap nirede bolduň? Oglan hiç zat jogap bermän meň bilimden tutdyda haýaljakdan aýlanyp başlady. Daş töwerekd aýdym saz ýokdy, ýöne biz wals tansyny edýärdik. Eger meň bilen şeýle zatlar bolup geçer diýseler, men hiç haçan ynanmazdym. Emma men, otlyň içinde, 42 ýaşly aýal, nätanyş bir oglan bilen wals edýän, bu waka hiç haçanam gowluk bilen gutarmaly däldi. —Otur Maral, —Oglan şeýle sözler bilen meni ýerime oturtdy we özi garşyma çökdi. Men bolsa bolan zatlardan utanyp gözlerimi gapdala sowdum. Garşymdaky oglanda bir gudrat bardy, ýöne men ony tapyp bilemokdym. —Siz kim? —Men barmagym bilen aýnaň bugynda şeýle sözleri ýazdym, oglan ol sözi okadyda ýylgyrdy. —Men 30 ýaşymdan bäri kitap ýazýan, —oglan birden seslendi. Sen ýöne Maral oýa batma, sen meň ýazan kitaplarymy okaňok we meni tanaňok. A sen şu wagt näçe ýaşyňda, men sorasym geldi, ýöne dilim tutulyp hiç zat gürläp bilmedi. Gürläp bilmeseň welin, diňe garşyňdakyny diňläýmek galýardy.  —Kitapdada gahrymanlar bolýar, aýdaly mysal üçin gyz gahrymanlar. Ine aýdaly meň ýazýan kitaplarymyň birinde Maral atli gyz gahryman bar, edil sen ýaly. Men gözlerimi giňden açyp oglana seretdim, men adaty samrama eşitsem hem, hamala älem jahanyň iň beýik syrlarynyň birini eşiden ýaly boldym. —Men gyzlary ýigrenýän Maral, —Oglan birden orta oklady. Şu dünýede ähli zatdan beter gyzlary ýigrenýän. —A seň ejeň näme, —men sorasym geldi, —seň ejeň aýal dälmi? Ýöne agyzdan hiç hili söz çykmady, oglan maňa bir zatlar edipdi. —Şonuň üçin öz kitaplarymda gyz gahryman bar bolsa, men ony hökman kösejek bolýan, başyna agyr günleri salýan. Ýöne başa baranok, meň hyýaly gahrymanlarym maňa garşylyk görkezýärler, meň diýenimi edesleri gelenoklar. Onsoň men bar zady has çüň gazmaly bolýan, bar erbet zatlary gyz gahrymanlaryň entek meň diýenimi etjek döwründen ýazyp başlaýan. Eger gerek bolsa olary ýetim edýän, kakalaryny öldürýän, ejelerini bolsa gara gün bilen başyna-gaý bolar ýaly edýän. Gyzlary bolsa, iýdegsiz öz başyna göýberýän. —Sen näme üçin beýle erbet zatlary edýäň? —Men oglandan soradym, özümiň bolsa eýýäm gözlerim ýalpyldap başlapdy. —Men bilemok, —oglan jogap berýär, —men bilemok. Ýöne meň edýän işim Birne ýaranok öýdýän, —oglan şeýle sözler bilen asmany görkezýär. —Sebäbi meň öz kitaplarda betbagt eden her bir gyzym, maňa gökman real durmuşda gabat gelýär, men ol gyza kän bir ýakynlaşyp bilemok, ýöne gyz barada ähli zat maňa ýetip dur. Iň geň ýeri real durmuşdaky gyz bilen, meň kitabymdaky gyzyň ady we ykbaly bire bir gabat gelýär. Gahryman gyzlar jelep bolar ýale etjek bolýan, ýöne olar garşy bolýarlar, onsoň men has düýbe gidýän we olaryň öýündäki erkegi öldürýän, onsoň gyzlar jelep bolup ýetişýärler we meň diýenimi edýärler.

 

Awtordan: Bu hekaýany gutaryp ýetişmäkäm oňa bolan höwesim gaçdy. Hekaýaň esasy ideýasy şeýle: –Awtor kitap ýazýar we ol aýal gahrymanlary şekillendirmekde kynçylyk çekse, edil şeýle häsýetli gahryman gyz real durmuşda peýda bolýar we awtor şol gyzdan öz kitapdaky gahrymanyny goçürýär.

P/S: gynansamda gutarylmadyk ýazgy

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *